Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýedäki 25 türkmen aktiwistine mejbur öz watanyna gaýdyp barmak howpy abanýar.

 Türkiýedäki 25 türkmen aktiwistine mejbur öz watanyna gaýdyp barmak howpy abanýar.

Geçen hepde adam hukuklary goraýan Türkmen Helsinki Fondy Türkiýeden Türkmenistana tussag edilmek we zor bilen deportasiýa edilmek howpy abanýan 25 türkmen aktiwistiniň sanawyny öz içine alýan gizlin türk polisiýa resminamasynyň nusgasyny almagy başardy. Mälim bolşy ýaly, aktiwistler bu sanawa Aşgabadyň haýyşy boýunça goşuldy.

Resminamanyň çykyşy ýok. Onda diñe aktiwistleriñ familiýalary, atlary we kakasynyň ady, doglan senesi, pasportlaryň sany we daşary ýurt raýatlaryna berlen wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamalary bardy.

Geçen ýylyñ güýzinde iki türkmen aktiwisti tussag edilip sorag edilende, dört aklawçy bu iki sahypalyk sanawy özbaşdak görmegi başardylar, ýöne polisiýa onuň göçürilmegini gadagan etdi. Resmiler resminamanyň haýsy ygtyýarlykdan gelendigini aýtmakdan ýüz öwürdiler.

Sanawa giren 18 erkek we 7 aýalyň atlary aşakda berilýär. Olary elipbiý tertibinde neşir edýäris. Bu sanawyn dolu görnüşini Türkmen Helsinki fondunuñ İnternet ulgamynda we You Tube İnternet kanalynda görüp bilirsiniz. Çapda edilen resminamada aktiwistleriñ bilgileri, kakasynyň atlary we doglan senesi takyk ýazylmaýar.

Bu güne çenli Türkiýede ýerleşýan raýat jemgyýetiň wekillerine Stambuldaky Türkmenistanyň konsullygy tarapyndan polisiýa berlen, diplomatlaryň howpsuzlygyna howp abaýan aktiwistleriň diňe 13 sanysynyň sanawy bardy. Olaryň 11-si bu polisiýa resminamasynda görkezilýär.

Geçen güýz sanawdaky günäkärlenýänleriň dördüsiniň eýýäm deportasiýa proseduralaryny geçendigini ýatladýarys. Şolardan biri, Dursoltan Taganowa ozal gaçybatalga arzasynyň hasaba alnandygyna garamazdan sentýabr aýynda üç gün tussaglykda saklandy. Wepa Orazmuhamedow 2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda tussag edildi we deportasiýa merkezleriniň birinde saklanmagyny dowam etdirýär.Onuň kazyýet işine aklawçy Abdulhalim Ýylmaz seredýär.

Türkmen rejimini käbir parahatçylykly tankytçylaryň, türk häkimiýetleri tarapyndan G-87 kodlaşdyrylmagy, Türkiýäniň howpsuzlygyna howp salýan we 5 ýyldan tä 15 ýyla çenli girmegiň gadagan edilmegine we raýat hukuklaryna beýleki çäklendirmeler sebäp bolýan ýagdaýlary howplandyrýär. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistana zor bilen deportasiýa edilen halatynda aktiwistlere gynamalar we syýasy sebäpler bilen jenaýat jogapkärçiligine çekmek howpy abanýar. Türk aklawçylarynyň pikiriçe, MIT-İŇ aňtaw gullugynyň maglumatlary esasynda döredilen kody ulanmagyň kanunylygyna garşy çykmak mümkinçiligi gaty pes.

G-87 kody Wepa Orazmuhamedowyň hem-de ýanwar aýynda Türkiýäniň MIT-iň gatnaşmagynda Özbegistana bikanun äkidilen Garakalpakstanly türkmen aktiwisti Jumasapar Dadebaýewiň ýagdaýynda ýüze çykdy.

Türkiýedäki türkmenleriň nägilelik hereketine işjeň gatnaşan Dadebaýew, Özbegistanyň raýatynyň pasportynyň bardygy sebäpli "25 sanawda" agzalmaýar, ýöne polisiýa sanawynda agzalýar. Oňa garşy aýratyn operasiýa geçirildi, şol döwürde Türkiýäniň MIT işgärleri aktiwistiň Türkiýede gaçybatalga bermek baradaky haýyşyny äsgermezlik etdiler we kazyýetiň ony watanyna sürmezlik baradaky kararyny bozdular. Ol ýitirim bolmanka, Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugyna dahylly ýaragly adamlar tarapyndan azar berlendigi barada Stambuldaky prokuratura şikaýat edipdi.

1.Абулов Камил (Abulov Kamil), 1986 г.р.

2.Аллалыев Байрам (Allalyyev Bayram), 1987 г.р.

3.Аннаев Довран (Annayev Dowran), 1985 г.р.

4.Аннаев Нурмухамед (Annayev Nurmuhammet), 1981 г.р.

5.Алтыева Нарджемал (Altyyeva Narjemal), 1968 г.р.

6.Гайыпов Халназар (Gayypov Halnazar), 1992 г.р.

7.Гочиева Хамрагуль (Gochiyeva Hamragul), 1982 г.р.

8.Джораев Мердан (Jorayev Merdan), 1985 г.р.

9.Исламов Керим (Islamov Kerim), 1990 г.р.

10.Курбандурдыев Розымурат (Kurbandurdyyev Rozymurat), 1966 г.р.

11.Мамедов Азиз (Mamedov Aziz), 1992 г.р.

12.Матюсупова Наргиза (Matyusupova Nargiza), 1990 г.р.

13.Мейманкулиев Фархад (Meymankulyyev Farhat), 1992 г.р.

14.Мухамедов Мердан (Muhamedov Merdan), 1990 г.р.

15.Оразкулиев Говшут (Orazkulyyev Govshut), 1991 г.р.

16.Оразмухамедов Вепа (Orazmuhammedov Vepa), 1992 г.р.

17.Расулова Ханум (Rasulova Hanum), 1990 г.р.

18.Рахманов Ахмед (Rahmanov Ahmet), 1974 г.р.

19.Салыхова Энеджан (Salyhova Enejan), 1972 г.р.

20.Сетдарова Патма (Setdarova Patma), 1957 г.р.

21.Таганова Дурсолтан (Taganova Dursoltan), 1991 г.р.

22.Тайыров Атабек (Tayyrov Atabek), 1987 г.р.

23.Тачназаров Гадам (Tachnazarov Gadam), 1987 г.р.

24.Хайтбаев Азат (Hayytbayev Azat), 1990 г.р.

25.Ходжанепесов Сердар (Hodzhanepesov Serdar), 1975 г.р.

Iň soňky habarlar

Здравоохранение: мы не имеем права говорить о недостатках/Hemme kişi diňe hemme zady öwmeli.
Здравоохранение: мы не имеем права говорить о недостатках/Hemme kişi diňe hemme zady öwmeli.
Türkmen lukmançylygy: "Hemme kişi diňe hemme zady öwmeli".
Türkmen lukmançylygy: "Hemme kişi diňe hemme zady öwmeli".
 TÜRKMENİSTAN KAPILARI AÇILSIN! SUÇLULAR YARGILANSIN!
TÜRKMENİSTAN KAPILARI AÇILSIN! SUÇLULAR YARGILANSIN!
GİDEMEYEN VE KALAMAYAN TÜRKMENİSTANLILAR İÇİN ÇÖZÜM ÇAĞRISI
GİDEMEYEN VE KALAMAYAN TÜRKMENİSTANLILAR İÇİN ÇÖZÜM ÇAĞRISI
 SYÝAHAT ETMEK HUKUGYNDAN MAHRUM BOLAN TÜRKMENISTANLAR MESELESINI ÇÖZMEK ÜÇIN ÇAGYRYŞ.
SYÝAHAT ETMEK HUKUGYNDAN MAHRUM BOLAN TÜRKMENISTANLAR MESELESINI ÇÖZMEK ÜÇIN ÇAGYRYŞ.