6-njy sentýabrda Warşawada, Demokratik Guramalar we Adam Hukuklary Edarasynyň (DGAHHE) - ÝHHG-nyň öňünde birnäçe türkmen aktiwisti Türkmenistanda esasy adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň yzygiderli bozulýandygy barada halka habar bermek üçin garşylyk çäresi geçirdi.
Hereketi düzenlänler, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky edarasynyň işgärleriniň işini tankytladylar, aktiwistleriň pikiriçe, onlarça ýyl bäri ýurdy dolandyrmagyň anti-demokratik usullaryny ulanýarlar.
DGAHHE -yň wekili demonstrantlaryň ýanyna çykdy, ýaş türkmenleri diňledi we iňlis dilinde arzalaryny aldy, arzalary bilen tanyşjakdygyna söz berdi.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.