Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Aktiwistler Stambuldaky türkmen konsullygynyň işgärlerini paş edýärler. "Adamlara ujypsyz bir zat ýaly garaýarlar."

 Aktiwistler Stambuldaky türkmen konsullygynyň işgärlerini paş edýärler. "Adamlara  ujypsyz  bir zat ýaly garaýarlar."

5-nji awgustda Türkiýedäki türkmen migrantlary tarapyndan döredilen “Türkmen Halk Hereketi” hereketiniň wekili Rozymyrat Gurbandurdyýew Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda ýüze çykýan päsgelçilikleri suratlandyrýan wideo ýerleşdirdi.

Ondan öň, 1-nji awgustda "Mugallym" ady bilen çykyş edýän Rozymyrat Gurbandurdyýew (55), oglunyň pasportyny uzaltmak üçin Stambuldaky Türkmen konsullygyna baryp gördi. “Nobatda 500-e golaý adam bardy, ýakynlaşanymda orta ýaşly bir resmi adam bir aýala gygyrýardy, hapa zatlar gepleýärdi, men bu wakany telefonymda wideo düşürip başladym.Konsullugyň işgäri muny görüp meni binanyň içine çagyrdy, türkiýede ýaşamak üçin rugsatnamamy aldy, we men hem-de oglum hiç hili resminama almarys diýip haýbat atyp başlady. Biraz çekeleşenimizden soňra wideony pozmaga mejbur boldum.

Soň bir adam ýanymyza gelip, özüni baş konsul diýip tanyşdyrdy we resminamanyň birnäçe sagatdan taýýar boljakdygyny wada berdi. Maňa haýyş etdiler "Siz diňe ses çykarmaň, telefonyňyza wideo çekmäň we internetde ýaýratmaň" diýip, aktiwist adam hukuklaryny goraýjylara gürrüň berdi.

Şol gün Gurbanmyradow 21: 00-a çenli garaşdy, ýöne hiç hili habar bolmady. Ýene-de binanyň içine girdi, aýdylan talaplardan we baş konsulyň beren sözüni ýatlatandan soňra, 5-nji awgustda çagyryldy. 5-nji awgustda Rozymyrat ýene-de konsulluga baryp gördi, ýöne belli bolşy ýaly onuň beýany konsullygyň resmi bilgisaýar ulgamynda-da ýokdy. Aktiwiste 9-njy awgustda ýüz tutmak teklip edildi.

Rozymyrat Zoom-da aktiwistler bilen paýlaşdy: “Oglum indi iki aý bäri pasport alyp bilmeýär. Konsullyk oňa "Kakaňyz gelsin" diýende geň galdyk. Olaryň meniň alyp barýan işlerimden habarlydygy ýüze çykdy. Baş konsul we onuň işgärleri Merdan Mustakow we Azat Jepbarow bilen gürleşip otyrkam olaryň biri: "Mugallym" diýdi! Olary tankytlaýandygymyz üçin gaharlanyp başladylar.

Ozal konsullugyň işgärleriniň beýle zalymdygyna hakykatdanam ynanamokdym. Bu konsullyga ilkinji saparym, adam keşbini näderejede ýitirip biljekdiklerine geň galdym. Konsullygyň çägine giren raýatlarymyz hemme zady ýitirýärler. Resmiler tarapyndan olaryň hukuklary, azatlyklary hiç zada goýulmaýar. Adamlara hiç zat däl ýaly garaýarlar ".

Konsullyk binasyndan çykyp, Rozymyrat nobatdan beýleki iki migrantyň görkezmelerini wideoýazga aldy. Begenç atly ýaş türkmen raýaty nobaty wideoýazga alandygyny, konsullygyň işgärleriniň ony binanyň içine alyp gidendigini, ellerini arkasyna öwrüp, telefony zor bilen alyp gidendiklerini aýtdy. Telefony yzyna gaýtarmak haýyşlary hiç hili netije bermedi. Begenç aklawçynyň kömegi bilen öz hukuklaryny goramak isleýär.

Gulkamar atly bir aýal resminama almak üçin eýýäm birnäçe gezek konsullyga ýüz tutandygyny aýtdy. Ol hiç bir sebäpsiz ret edilýär. Ol 3-nji awgustda gününi garyşdyryp, iş güni däl güni konsullyga geldi we konsullyk işgärleriniň “ýörite” adamlara pasport berendiklerine şaýat boldy.

Ol begenip nobata goşuldy, ýöne migrantlar ondan "konsullykdan jaň aldyňyzmy?" diýip soradylar. Ol geň galyp, diňe öňünden para berenleriň nobatda durandygyny, şonuň üçin konsullyk işgärleri tarapyndan hut para berenleriñ çagyrylandygyny bildi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

  Поездка в Туркменистан - часть 2/Meniň Türkmenistana gidip-gelişim, 2-nji bölüm
Поездка в Туркменистан - часть 2/Meniň Türkmenistana gidip-gelişim, 2-nji bölüm
Meniň Türkmenistana gidip-gelişim. 2-nji bölüm.
Meniň Türkmenistana gidip-gelişim. 2-nji bölüm.
 Türkmenistan BMG-ä žurnalist Ogulsapar Myradowa we geý lukman Kasymberdi Garaýew hakda jogap berdi.
Türkmenistan BMG-ä žurnalist Ogulsapar Myradowa we geý lukman Kasymberdi Garaýew hakda jogap berdi....
 THF türkmen resmilerini deportasiýa merkezlerindäki türkmenleriň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar.
THF türkmen resmilerini deportasiýa merkezlerindäki türkmenleriň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar.
Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň dykgatyna!  Deportasiýa merkezlerinde ýygnanan ýüzlerçe türkmen bar, üçüsi ýenjilmelere sezewar boldy.
Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň dykgatyna! Deportasiýa merkezlerinde ýygnanan ýüzlerçe...