Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Stambulda ýerleşen Türkmenistanyň konsullygy Şamil Gurbandurdyýewiň biometrik paspordynynyň möhletini uzaltdylar.

Stambulda ýerleşen Türkmenistanyň konsullygy Şamil Gurbandurdyýewiň biometrik paspordynynyň möhletini uzaltdylar.

Şu ýylyň 22 - nji oktýabrynda Şamil Gurbandurdyýewiň ýaşaýan salgysyna poçta bukjasy ( konwert) geldi. Bukjanyň içinde Şamil Gurbandurdyýewe degişli bolan, möhleti uzaldylan pasport bardy.

Soňky döwürler biometrik paspordynyň möhletini uzaltmak meselesinde ýaş Türkmenistanyň raýaty uly ejir çekýärdi. 18 gezek Stambulda ýerleşen Türkmenistanyň konsullygyna baryp ýüzlenmegi hiçhili netije bermändi. Şeýle hem Kamiliň kakasy Rozymyrat Gurbandurdyýew birnäçe gezek internet platfomalarynyň üsti bilen türkmen häkimiýetlerine oglunyň paspordynyň uzaldylmagyny haýyş edipýüzlenipdi.

Rozymyrat Gurbandurdyýewiň türkmen konsullygyna ýüzlenmesi beýleki aktiwistler bilen birlikde türk adwokatyň gatnaşmagynda amala aşyrylypdy. Ol ýüzlenmäniň netijesi konsullyk işgärleriniň aktiwistlere we adwokata garşy güýç ulanmagy bilen tamamlandy. Güýç ulananlar konsullygyň çäginde ýüzi örtükli halda aktiwistlere hüjüm etdiler. Waka 16 - njy awgustda bolup geçdi.

Bu wakadan soň başda habar berşimiz ýaly, 15 - nji oktýabrda Şamil welosipedli işine barýarka , iki sany eli pyçakly erkek adam 28 ýaşly Şamile topulupdy. Bolup geçen bu iki waka hakda , aktiwistler Türkiýe döwletiniň prokuroturasyna ýüzlendiler.

Poçta üsti bilen alnan biometrik paspordyň 3 - nji oktýabrda möhleti uzaldylandygyny tassyklaýan möhür ( ştamp) bardy. Paspordyň uzaldylan möhleti 2024 - nji ýylyň 31 - nji dekabrynda gutarýar.

Biziň bilişimize görä , türkmen konsullygynyň raýata paspordyny poçta üsti bilen ugratmagyny hiç görmändik.

Adatça türkmen migrantlary hatda başga şäherlerde ýaşaýandygyna garamazdan, özleri konsullyga baryp pasportlaryny alýarlar.

Näme üçindir türkmen diplomatlary köp wagtlap raýatlaryň biometrik pasportlaryny uzaltmaýanlygy bilermenleriň ( эксперт) ünsüni çekdi. Soňra möhletini uzaltmak üçin biometrik pasportlar kabul edilip başlandy. Ilki başda 2 - 6 aý aralygynda uzaldylýardy. Halkyň pasport uzaltma problemasynyň barlygyndan peýdalanyp, konsullygyň işgärleriniň penasynda ortada bikanun ýol bilen olja uranlar hem az bolmady.

Häzirki wagtda yzygiderli tankytlaryň netijesinde, döwlet resmileri uzaldylan pasportlaryň möhleti 2024 ýyla çenli täsir edýändigini tassyklaýan bellik goýýarlar.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Демарш туркменского дипломата в МИД ОБСЕ /Türkmen Diplomatynyň Äsgermezçiligi.
Демарш туркменского дипломата в МИД ОБСЕ /Türkmen Diplomatynyň Äsgermezçiligi.
Türkmen diplomatynyň äsgermezçiligi.
Türkmen diplomatynyň äsgermezçiligi.
TN: BSG Halykowyň işini Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen gozgamagy wada berdi.
TN: BSG Halykowyň işini Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen gozgamagy wada berdi.
Türkmenistanyň hökümetin ilat sanawyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu meselede nämä garaşyp bileris?
Türkmenistanyň hökümeti ilat sanawyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu meselede nämä garaşyp bileris?
Adam hukuklary goraýjý W. Ponomarýowyň THF beren gürrüňi/ (Türkmen dile terjime edilen).
Adam hukuklary goraýjý W. Ponomarýowyň THF beren gürrüňi/ (Türkmen dile terjime edilen).