Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Serdar Berdimuhamedow häkimiýete geçenden soňam, türkmen aktiwistleriň maşgalalaryna basyşlar we yzarlamalar häli - şindi dowam edýär.

 Serdar Berdimuhamedow häkimiýete geçenden soňam, türkmen aktiwistleriň maşgalalaryna basyşlar we yzarlamalar häli - şindi dowam edýär.

Türkmenistanda aktiwistleriň maşgalalaryna basyş etmek bilen, türkmen häkimiýeti aktiwizm bilen gyzyklanýan raýatlary gorku astynda saklamagy isleýär.

Daşary ýurtda ýaşaýan 3 sany migrantyň habar bermegine görä, Türkmenistan häkimiýeti tarapyndan olaryň garyndaşlarynyň yzarlanýandygyny habar berdi. Yzarlamanyň sebäbi ýaş ýetginjekleriň internet ulgamynda türkmen režimi hakda geçirilýän söhbetdeşliklere aktiw gatnaşmagy bolup durýar.

2019 - njy ýyldan bäri Türkiýe döwletinde aşpez bolup işläp ýörän 35 ýaşly Merdan Ylýasowyň ejesi we kakasy hökümet tarapyndan soraga çagyrylýar.

Ynsan haklary barada Türkmen Helsinki gaznasyna Merdan Ylýasow şeýle gürrüň berdi:

- Meniň ejem we kakam erkek doganym bilen Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýaşaýarlar. Ejemi we kakamy soraga çagyrylmasyndan öňinçä, birnäçe nätanyş adam öýe geldiler . 5 - noýabrda bolsa 4 sany hökümet silowikleri ejemi we kakamy näbelli ýere alyp gitdiler. Häli häzire çenli olaryň nirede saklanýandygyndan habarym ýok. Agam bilen telefon arkaly gürleşenimde , " ejem bilen kakama bir zat bolsa , sebäpkäri sensiň " - diýdi . Türkmen hökümeti meniň internet ulgamynda bolan aktiwistleriň çatlaryna girmezligimi, şahsy pikiri ýazmazlygymy, şeýle hem türkmen režimini tankyt etmezligimi ejemden we kakamdan talap edýärler. Ejem maňa bu hereketlerimden ýüz öwürmegimi talap edip ýazdy . Ol ýazylan sözler ejemiň öz sözleri dälde, hökümet işgärleri mejbur edip ýazdyranyny bilýärin. Sebäbi hiç mahal ejemiň ulanmaýan sözleri ýazylan. Hatda şol sözleriň doly manysyny ejem bilenok we düşünmeýär".

Takmynan oktýabr aýynyň 20-leri töweregi, ýaş ýetginjek internet ulgamynda oppazision toparlaryň çykyşlaryna “Matematik” dakma ady bilen gatnaşyp, ýüzüni açýar we özüniň doly adyny aýdýar. Şeýlelikde öz ady bilen aç-açan Türkmenistanda ýüze çykan problemalar we olaryň döremeginiň sebäpleri hakda pikirini aýdýar. Muňa garamazdan ýanwar aýynda “Azat türkmen” Ýoutub kanalynda ýazylan teswir esasynda , dakma at ulanýan bolsada türkmen häkimiýetlerine Merdan Ylýasowyň şahsyýetini anyklamak başartdy. Teswiriň esasy temasy Türkmenistanyň prezidentiniň iş sapary bilen Türkiýe döwletine gelmegi hakdady. Netijede fewral aýynyň başlarynda onuň ejesini we kakasyny tapyp olaryň öýüne gatnap başladylar. Merdanyň kakasyndan oglunyň dymmagyny talap edýärler. Diňe çagalary bilen gürleşmek üçin jaň edýän aýrylyşan, ýagny nikasy bozulanlygyna seretmezden , öňki aýalyny hem soraga çekýärler.

Türkmenistanda ýerli häkimiýetler onuň ýakynlaryna basyş edýändigi hakynda Türkiýede ýaşap, internet diskusiýalara ( söhbetdeşliklere) işjeň gatnaşýan zenan migrant Ynsan haklary barada Türkmen Helsinki gaznasyna habar berdi. Howpsuzlyk şertleri sebäpli özüniň gizli galmagyny bizden haýyş etdi. Bu günler ýakynlaryna basyş edilýändigi sebäpli , olaryň howpsuzlygyny alada edýändigini bize mälim etdi . Türkmen Helsinki guramasy bu işi üns merkezinde tutar.

Bu aktiwistleriň ikisinde hem özbaşdak internet kanallary ýok . Olar dürli internet platfomalarda watandaşymyzyň problemalary we olaryň çözgüdi hakda pikir alyşýarlar .

Germaniýada ýaşaýan, ýurist ugry boýunça okaýan 33 ýaşly Alişer Zaýnulin bize şeýle habar berýär :

- Internet ulgamynda özümiň ýutub we tik tok kanallarymy Aliço ady bilen açyp, şahsy pikirimi aç-açan aýdanym üçin, türkmen häkimiýetleri hossarlaryma basyş edip başlanyny sentýabr aýynda bildim.

2022 - nji ýylyň 8 - nji sentýabrynda 38 ýaşly erkek doganym Renat Zaýnulini Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň polisiýa bölümine soraga çagyrýarlar. Sorag edýän polisiýa işgäri özüniň adyny we wezipesini tanatmaýar. Polisiýa bölüminde soragyň dowamynda maňa doganym jaň etdi we häzirki wagtda polisiýa bölüminde bolup, oňa internet çykyşlarymy görkezendiklerini aýtdy. Ol maňa käýemäne başlady. Hamana men ugursyz we howply adamlara goşulanmyşym. Ýakynlarymyzyň kösenjine meň sebäpkärdigimi aýdyp, bu işlerden ýüz öwürmegimi,.şeýle hem režimi tankyt etmezligimi talap etdi. Ýogsa-da bize basyşlar dowam edip, hatda senide Interpoluň üsti bilen ele salyp biler diýdi - diýip türkmen blogeri bize gürrüň berdi. Agama meniň Türkmenistanyň türmelerindäki şertleri hakda aýdan wideomy görkezen bolmaklary mümkin.

- diýip Germaniýada ýaşaýan 33 ýaşly Alişer Zaýnulin sözüni jemledi.

Şol telefon gürleşikden soň Renat Zaýnulini 20 gün tussag edýärler. Alişer agasy Renat bilen habarlaşyp bilmeýär. Sebäbi agasy Alişeriň nomerini gara sanawa goşýar. Biraz wagtdan soň Alişer agasy Renatyň ýagdaýyny bilmek üçin onuň bilen bile işleýän kärdeşleri bilen habarlaşýar . Kärdeşleriň aýtmaklaryna görä Renat işden boşadylan. Boşadylmagynyň sebäbi 20 gün işe gelmezligi bolup durýar. Häzirki wagtda nirede we ýagdaýy nähilikä " - diýip türkmen blogeri alada galýar.

Şeýle hem Alişer Zaýnuliniň Kerki şäherinde ýaşaýan tanşy 32 - ýaşly zenan Malika Aşyrowa hem türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzarlanmalara sezewar bolýar. 28 - nji awgustda Malika polisiýa işgärleri tarapyndan saklanylýar. Kerki etrabynyň polisiýa merkezinde Malikadan köne tanyşy bolan Alişer Zaýnulin bilen aragatnaşygynyň barlygyny ýada ýoklugyny we häzirki wagtda Alişerin näme işler bilen meşgullanýandygyny bilmäne çalyşýarlar. Malika Aşyrowa öz gezeginde bireýýäm durmuşa çykandygyny we Alişerden hiç hili habarynyň ýokdugyny aýdýar. Ondan soňra 27 nji awgust güni Warşawadaky Alişeriň g atnaşmagynda geçirilen pikediň wideosyny görkezýärler. Türkmenistanyň milli howpsuzlyk gullugynyň iki sany işgäri Alişer Zaýnulinyň 60 ýaşly ejesiniň öýüne barýarlar . Olar Alişeriň haçan gidip, häzirki wagtda näme edýänini, maşgala ýagdaýyny gyzyklandylar.

2022 - nji ýylyň ýazynda hökümet başyna geçen Serdar Berdimuhamedow konstitusiýanyň garanty hökmünde halkyň hakugyny goramagyň ýerine, aktiwistleriň maşgalalaryna basyş etmek işlerini barha ýaýbaňlaşdyrýar. Ýurduň içinde internet hökümediň berk gözegçiliginde saklanýar. Şol sebäpli hatda dakma at bilen teswir ýazsada , özüňe we ýakynlaryňa hökümet tarapyndan basyş başlanýar .

Ynsan haklary barada Türkmen Helsinki gaznasy

Iň soňky habarlar

Демарш туркменского дипломата в МИД ОБСЕ /Türkmen Diplomatynyň Äsgermezçiligi.
Демарш туркменского дипломата в МИД ОБСЕ /Türkmen Diplomatynyň Äsgermezçiligi.
Türkmen diplomatynyň äsgermezçiligi.
Türkmen diplomatynyň äsgermezçiligi.
TN: BSG Halykowyň işini Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen gozgamagy wada berdi.
TN: BSG Halykowyň işini Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen gozgamagy wada berdi.
Türkmenistanyň hökümetin ilat sanawyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu meselede nämä garaşyp bileris?
Türkmenistanyň hökümeti ilat sanawyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu meselede nämä garaşyp bileris?
Adam hukuklary goraýjý W. Ponomarýowyň THF beren gürrüňi/ (Türkmen dile terjime edilen).
Adam hukuklary goraýjý W. Ponomarýowyň THF beren gürrüňi/ (Türkmen dile terjime edilen).