Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond (THF) 2003-nji ýylyň 21-nji iýulynda Bolgariýanyň Warna şäherinde döredilen garaşsyz hökümete degişli bolmadyk guramadyr. THF, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin gatnaşýan raýatlaryň meýletin jemgyýetidir.Türkmenistan henizem dünýäde iň izolirlenen ýurtlaryň biri. Biziň maksadymyz - Türkmenistan halkynyň demokratik gymmatlyklaryny, hukuklaryny we azatlyklaryny diňe kagyz ýüzünde däl-de, hakyky durmuşda hem bolmaly. Şol sebäpden, ýurtda we daşary ýurtlarda türkmen raýatlarynyň hukuklaryna hormat goýýarys. Maglumatlarymyz, netijelerimiz we tekliplerimiz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär we beýleki halkara guramalarynyň hasabatlarynda ulanylýar, bu bolsa köp sanly türkmen raýatynyň hukuklary we azatlyklary barada öwrenmegine kömek edýär.THF adam hukuklarynyň bozulmagynyň pidalaryna maslahat ýa-da kazyýet işlerine gatnaşmak görnüşinde kanuny kömek berýär. Raýat jemgyýetini giňeltmek maksady bilen, pidalara adam hukuklary ugrunda bilim berýär, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda adam hukuklary baradaky pikirleriň ýaýramagy bilen baglanyşykly wideo söhbetdeşlikleri, seminarlary, we beýleki jemgyýetçilik çärelerini gurnaýar.Ynsan mertebesiniň, adalatyň, deňligiň we rehim-şepagatyň tarapdary hökmünde bu guramanyň adyny Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk konferensiýasynyň jemleýji kanunyna Helsinki gol çekenden soň belledik.THF aýry-aýry partiýalaryň ýa-da partiýa koalisiýalarynyň bähbitlerini görkezmeýär.