Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) türkmen häkimiýetlerini “Azatlyk” radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowy derrew boşatmaga çagyrdy.
ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç 6-njy dekabrda ýaýradan beýanynda türkmen häkimiýetlerini Allaşowy boşatmaga we Türkmenistanda žurnalistleriň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrdy.
“Azatlyk” radiosynyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, “Azatlygyň” türkmen redaksiýasy bilen hyzmatdaşlyk eden 27 ýaşly Hudaýberdi Allaşow 3-nji dekabrda Daşoguz welaýatynyň polisiýasy tarapyndan tussag edildi we köp mukdarda çeýnelýän nikotine, gözleg wagtynda öýünde tapylandygy aýdylýan "naswaý" ýa-da "nas" önümine eýe bolmakda aýyplandy. Polisiýa Allaşow bilen bilelikde ejesini we aýalyny tussag etdi, soň tussaglykda we sorag wagtynda adamsynyň ýenjilendigini we gynamalara sezewar edilendigini, 11 kg “nasyň” bardygyny boýun almaga mejbur bolandygyny aýtdy.
H. Allaşowyň tussag edilmegi - Türkmenistanyň ýörüte hyzmatlarynyň “Azatlyk” radiosynyň işgärleri Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edilmegi, Röwşan Ýazmuhammedowyň yzarlanmagy, Soltan Açylowa hüjümlerden soňky ýörite hüjümidir diýip, “Azatlyk” radiosy habar berýär.
Öz gezeginde, Erkin Ýewropa / Azatlyk radiosy korporasiýasynyň prezidenti Tomas Kent 5-nji dekabrda eden çykyşynda: "Bu hereketleriň, radiony dymdyrmak we türkmen halkyny gorkuzmak üçin bilkastlaýyn kampaniýanyň bir bölegidigine ynanýarys. Soňky 18 aýyň dowamynda žurnalistlerimiz tussag edildi, sorag edildi, türmä basyldy, izolýasiýa edildi, ýenjildi, haýbat atyldy we bu hereketler üçin Türkmenistan hökümetini jogapkärçilige çekýäris" diýip belledi.