Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistan: türme tussaglygynda KOWID-19 dan ölenleriň jesetleri zibil ulaglarynda türmeden çykarylýar.

Türkmenistan: türme tussaglygynda KOWID-19  dan ölenleriň jesetleri zibil ulaglarynda türmeden çykarylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Musulmanlaryň gadyr gijesi mynasybetli türme tussaglygynda bolanlaryň günäsini bagyşlamak kararyna gol çekdi. Karara laýyklykda 210 daşary ýurt raýaty we Türkmenistanyň 1,192 raýaty boşadyldy. ACCA žurnalisturnalisti, howpsuzlyk şertleri sebäpli, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen tussaglykdan boşadylanlaryň käbiri bilen gürleşdi.

- Ykdysady krizisiň emele gelmegi we COVID-19 pandemiýasy sebäpli türmelerdäki şertler üýtgedimi?

Hawa. Gaty çynlakaý üýtgedi. Türmede azyk önümleriniň bahasy birnäçe gezek ýokarlandy. Hatda türme naharhanasynda ozal satyn alaýnlarymyz hem gymmatlady. Netijede tussaglar 4 aý bäri naharhanada çaý içmeýärler. Atym çaýyň bahasy üç esse ýokarlandy. Ýanwar aýyndan bäri naharhanada ak çörek ýok, diňe gara undan bişirilen çörek bolup, berilýän paýyň möçberi hem 2 esse azaldyldy. Tussaglar hemişe ýarym aç ýagdaýda bolýarlar. Şeker düýbünden ýitdi. Käwagt şeker diňe satuw üçin türmä getirilýär. Azyk önümleri döwlet tarapyndan tussaglary iýmitlendirmek üçin berilýär, emma türme işgärleri mümkinçilikden peýdalanyp hemme zatdan pul gazanýarlar.

- Tussaglaryň hossarlary görüşmek üçin olaryň ýanyna gelýärmi ýa-da gelmezden azyk önümlerini ugratýarlarmy?

- Elbetde, azatlykda bolanlaryň hem ýagdaýlary kyn. Tikenli simiň aňyrsynda bolup geçýän zatlar ilkinji nobatda türmedäki ýaşaýşa täsir edýär. 2019-njy ýylyň başynda tussaglaryň hossarlary tarapyndan geçirilýän geçirimleriň mukdary azaldy. Tussaglar öz aralarynda hossarlaryndan goldaw gelmeýän adamlar bilen iýmit paýlaşmana başladylar. Häzirki ýagdaýda her kim öz gününi özi görmeli ýa-da iýmiti karzyna bermeli bolýar. Birnäçe ýyl ozal her bölümde azyk howpsuzlygyna gözegçilik edýän ýörite bir adam bolýardy. Indi şeýle 3-4 adam bar we olar henizem biri-birinden iýmit ogurlaýarlar, her gün diýen ýaly kimiň kimden ogurlandygy barada dawa-jenjel bolup durýar. Şu ýylyň fewral aýynda hossarlar bilen görüşmek düýbünden gadagan edildi. Beýle talabyň girizilmegi tussaglara erbet tarapdan täsir etdi. Tutuş türme açlyk çekmek ýagdaýynda galdy.

-Adamlar beýle ýagdaýdan nädip çykmaly?

- Tussaglar her hili duzak gurup hatda kepderileri hem tutup iýip başladylar. Hatda serçe iýmegi hem ýigrenmeýärler. Käbir tussaglar birnäçe aýdan bäri adaty iýmit görmediler. Inçekesel ( tuberkloz) kazarmasynda pişik iýendiklerini hem eşitdim. Geň galdyrýarmy? 2000-nji ýyllaryň başynda we ortalarynda türmelerdäki ähli janly-jandarlary iýdiler. Agyr ýagdaýda açlyk ýüze çykdy. Tussaglar ölýärdiler. Aşgazanyň köp mukdarda iýmiti siňdirip bilmeýänligi üçin ölenler hem boldy. Sebäbi her 6 aýda bir yzyndan gelýärler. Ýakyn wagtlarda hem şeýle hadysalar bolmagy mümkin. Ynanaýyň. Ol ýerde ýagdaý gaty agyr.

- Türme işgärleri size nähili garadylar?

- Türmeler karantin üçin ýapylanda we girdejisiz galandyklary üçin, mümkin boldugyça olar bizi kemsidýärdiler hemde köseýärdiler. Dekabr aýynda güýçli dümew başlanda, olar bize 3 metr aralykdan ýakynlaşmadylar. Soň biraz aňsatlaşdy. Soňybilen türme işgärleri tussaglaryň arasyna gelmän, iş otaglaryndan çykmazlygy makul bilýärdiler.

-Bu dümew hakda has giňişleýin maglumat berip bilersiňizmi?

- Hawa, hemme zat düşnüksiz ýagdaýda bolup geçdi, hatda muňa geň galdyk. Ilki bilen türme işgärleri otaglarymyzda gözleg işlerini geçirmegi bes etdiler, soň bolsa bize ýakynlaşmagy bes etdiler. Her şahsy gözlegden soň ýokary wezipeli türme işgärleri pes wezipeli işgärlerden, has takygy otag gözlegine gatnaşanlary suwa düşmäge mejbur etdiler. Birden tutuş tussaglary rentgene düşmegini talap etdiler. Hatda türme işgärleri hem öýkenini barlatdylar. Bir hepde geçenden soň hemmelere sanjym edildi. Türmäniň howly meýdançasyna ýygnandyk we türmäniň başlygy ölüm howply dümewiň bardygyny we her kimiň arassaçylyga gözegçilik etmelidigini aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, türmäniň ähli işgärleri adaty hassahanalarda barlanýardy, bu gezek olaryň hemmesiniň türmäniň içindäki rentgen barlygyndan geçirildi.

- Näsaglaryň sanyýokarlanmazlagy üçin türmäniň içinde karantin yglan edildimi?

- Türmeler öz içindäki tussaglary dümewden goramak üçin dälde, türmäniň daşyndakylara ýokuşdyrmazlygy üçin karantin yglan edildi. Karantin yglan edilen mahalynda, eýýäm türmäniň ýarysydan gowragy dümewe ýolugypdy. Türmäniň medisine işgärleri ýuwaşlyk bilen “ bu kesel adaty kesel däl, bu korona keseli” diýdiler.

-Diýmek, türmäň içinde koronawirus epidemiýasy bar diýmek. Dogrumy ?

- Eýsem başga haýsy kesel bolup biler? Bölümleriň birinde goşmaça hassahanany döretdiler. Güýçli üsgülewük we gyzgyny galan tussaglaryň hemmesi ol ýere geçirildi, hatda agşamky barlaglaryna çykmak hem gadagan edildi. Ilki bilen hemmeler olara göriplik edip, kesel bolup, şol ýerde ýatmagyň gowy boljakdygyny aýtdylar. Emma, ​​bir aýdan soň jesetleri ol ýerden çykaryop başlanda, hemmeler derrew şol ýerde ýatmak islegini ýitirdi.

- Hut şol syrkaw tussaglaryň jesetlerimidi şolar?

- Hawa, ölenleri türmäniň işgärleriniň özleri bir ýere alyp gidýärdiler, garyndaşlaryna tabşyrmayardylar. Biziň hemmämiz hakykatda nämeleriň bolup geçýändigi hakda jedelleşýärdik we çaklaýardyk. Türmäniň işgärleri bize hiç zat aýtmayardylar, diňe şeýle soraglar üçin bizi ýençýärdiler we jeza kamerasyna salýardylar. Türmedäki ähli adamlary gorky gurşap aldy, kimdir biri himiki ýarag, kimdir biri biologiki ýarag, kimdir biri dildüwşük bolmagy mümkin diýip çak edýärdi.

- Koronawirusdan näçe tussagyň ölendigini aýdyp bilersiňizmi?

- Umuman alanyňda, 14 adam öldi. Takyk aýdyp biljek däl, käbirleri gije öldi we okary dessine zibil maşynynda näbelli ýere äkidildi.

- Ölüler adaty zibil ulaglarynda çykaryldymy?

- Hawa, hiç kim size mahmaldan ýasalan katafalka teklip etmez.

- Näsaglara haýsy dermanlar berildi, nädip we näme bilen bejerildi?

- Men muny özüm görmedim, ýöne hassalaryň aýtmaklaryna görä, hiç hili derman bermändirler we hepdede bir gezek üzärligiň tüssesini çykarypdyrlar, hassalar bolsa onsuzam dem alyp bilemizok, üssesinede tüsseden demikýäris diýip nägileliklerini bildirdiler. Näsaglar beýlekilerden aýratyn ýatýardylar, dermanlar diňe garyndaşlary türme işgärleriniň telefonyna pul geçiren ýa-da taksi sürüjileriniň üsti bilen öýlerine iberilen hassalara berilýärdi.

- Koloniýanyň işgärlerinden hem koronawirusdan öleni boldumy?

- Hawa, ikisi öldi. Biri gorag toparyndandy. Geçen ýylyň noýabr aýynda goşuna çagyrylandygyny, ikinjisiniň bolsa zonada seržantdygyny eşitdim - ol hem syrkawdy, ýöne başlyk oňa kesel rugsady bermedi, soň ýitirim boldy, şondan soň biz onuň ölendigi barada eşitdik. Öz toparyna şeýle çemeleşýän bolsalar, onda biz hakda näme diýmeli?

- Boşadylanlaryň arasynda koronawirus hassalary hem barmydy?

- Haçanda bizi ýygnap, stansiýa äkidenlerinde, özbaşdak hereket edip bilmeýän birnäçe adam bardy we olaryň obadaşlary elinde göterip alyp gitdiler. Wokzalda wagona mündürip etraplara alyp gitdiler.

- Olar maýypmydy?

- Ýok, aramyzda maýyplar ýokdy, olar hassahananyň kazarmasyndaky näsaglardy, hereket etmäge güýji ýokdy. Sebäbi olar koronawirus keseli bilen keselläpdirler.

- Hemmäňiz bir wagonda gitdiňizmi?

- Hawa, bizi wagonda gulpladylar, ýangoragçylar bolsa indiki wagona mündi. Öýde aýalym meniň öňüme çykty we derrew saglyk ýagdaýym hakynda şeyle hem temperaturam barmy diýip sorady. Koronawirus hakynda maşgalam bilen söhbetdeşlige başlanymda, ejem meniň gepimi kesdi we biziň ýurdumyzda wirus ýok diýdi. Men oňa geň galyp seredenimde, ol meni ýene türmede görmek islemeýändigini aýtdy, sebäbi ýurtda koronawirus hakynda gürleşmek gadagan edildi. Ýollar açylanda we uçarlar uçup başlanda, men bu ýurdy hemişelik terk etjekdigime karar berdim.

ACCA.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar