Öňümizdäki ýyllarda Aşgabatda täze ýokary okuw jaýy bolan Ruhnama uniwersiteti dörediler.
"Ukrinform" habar gullugynyň habaryna görä, bu barada Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýurduň ýolbaşçy korpusy bilen geçirilen giňişleýin ýygnagynda mälim edipdir.
Duşuşygyň dowamynda S.Nyýazow täze uniwersitetde alty fakultetde “milletiň beýik ruhunyň çuň çeşmeleriniň bilim we aň-bilim işiniň, bütin dünýä taryhynyň çäginde ykballarynyň” açyljakdygyny habar berdi.
Ruhnama (Ruhy aýdyňlyk) Prezident Nyýazowyň edebi we pelsepe eseri, 1-nji tomy ilkinji gezek 2001-nji ýylyň sentýabr aýynda neşir edildi. Şondan bäri türkmen jemgyýetiniň keramatlaryny we görkezmelerini öz içine alýan kitap resmi taýdan ýurduň her bir ýaşaýjysy üçin özüni alyp baryş düzgünnamasy hasaplanýar. Milletiň ýolbaşçysynyň görkezmesi bilen bu ahlak düzgüni türkmen halkynyň esasy edebi eserine öwrüldi. Ähli bilim edaralarynda Ruhnamanyň mowzugy esasy meseleleriň biri hasaplanýar we döwlet edaralarynda prezidentiň kitabyny bilmek üçin şahadatnama berýär. "Ruhnama" dünýäniň 20 diline terjime edildi; iki tomuny ukrain dilinde hem okamak bolýar.
Gülşen Esenmyradowa.
Ukrinform.