Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen aktiwisti Myrat Düşemow öý tussaglygyna geçirildi.

Türkmen aktiwisti Myrat Düşemow öý tussaglygyna geçirildi.

Türkmenistanyň içinde tussag edilen türkmen aktiwisti Myrat Düşemow 26 iýunda tussaglykdan boşadylyp, öý tussaglygyna alyndy. Düşemow özüni daşary ýurtdaky käbir oppazisiýa hereketleriniň we türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatyna nägileligini internet mediasynda pikirlerini aýtmagy bilen tanaldy. Öý tussaglygyna sezewar edilendigi baradaky maglumaty "azatlyk radiosy" we biri birilerini tanamaýan özbaşdak çeşmeler tassyklady. Başga bir çeşmäniň aýtmagyna görä aktiwist Myrat Düşemow öý tussaglygynda saklanmagy bilen bir wagtyň özünde daşky gurşaw bilen aragatnaşyk etmek mümkinçiliklerinden doly mahrum edilen.

36 ýaşly aktiwist 16 - njy iýunda Büzmeýin etrabynda tussag edilipdi. Bu waka Düşemowyň Youtube - de öz syýasy garaýyşlaryny mälim edenden soňra bolup geçdi. Mediada paýlaşylan wideonyň mazmuny daşary ýurtdaky oppazision hereketlere baha bermek we türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatyndaky ýalňyşlar we kemçilikler hakyndady. Şeýle hem daşary ýurtdaky syýasy guramalara ýurdyň içindäki halk bilen içgin işleşmäne çagyryş etdi.

https://rus.azathabar.com/a/30693665.html

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy   „Azatlygyň öňki habarçysy Allaşow Daşoguzda tussag edildi“
Azatlyk Radiosy „Azatlygyň öňki habarçysy Allaşow Daşoguzda tussag edildi“
Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Azatlyk Radiosy   „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
Azatlyk Radiosy „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI GADAGAN.
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI...
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.