Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýedäki türkmen migrantlary konsullyk kömegine mätäç.

Türkiýedäki türkmen migrantlary konsullyk kömegine mätäç.

Ankara-Çankyry deportasiýa merkezinde saklanýanlardan biriniň aýalynyň aýtmagyna görä: “Ýangyndan soň migrantlaryň köpüsi beýleki merkezlere, esasanam Wan şäherine geçirildiler. Göçürilenleriň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň ýokdugy mälimdir."

Soňky günlerde Stambulda we Türkiýäniň birnäçe şäherinde bikanun ýaşaýanlaryň we migrantlaryň barlagy güýçlendirildi. Polisiýa tarapyndan iň köp ýaşaýan ýerlerinde geçirilen reýd wagtynda tussag edilen zähmet migrantlary (şol sanda Türkmenistanyň raýatlary hem) awtobus bilen deportasiýa merkezlerine äkidilýär. Olaryň arasynda wagtlaýyn goramak baradaky resminamalary alan we ýaşamak düzgünlerini bozan adamlar bar. (Kanuna laýyklykda, beýle adamlaryň hasaba alnan ýerinden daşarda bolmaga hukugy ýok).

Polisiýa tarapyndan tussag edilen we deportasiýa merkezlerine iberilen türkmen raýatlary türkmen konsullyk işgärleriniň biperwaýlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýip, garyndaşlary adam hukuklaryny goraýjylara aýdýarlar. "Stambuldaky türkmen konsullygyna kömek sorap telefon edenimizde, hiç kim telefona jogap berenok".

Käbirleri jaňlaşmagy başarýarlar: “Bize şu gün jogapkär adam ýok diýip jogap berýärler, başga bir gün jaň ediň, başga bir wagtda jaň ediň”- diýip jogap berýärler. Bellenen güne jaň edenimizde, jogapkär adamyň ýene ýokdugy aýdylýar we bize hiç hili kömek bermeýärler.

Migrantlardan bize, esasanam pasporty ýok ýa-da bolsada köne pasporty bolan haýyşlaryň sany köpeldi. Göni Türkmenistanda biometrik pasport almak üçin (daşary ýurtly türkmen konsullyklarynyň maslahat berşi ýaly) galýan ýurdundan çykmak üçin şahadatnamasy bolmaly we şoňa esaslanyp uçar petegini satyn almaly. Bu bolsa öz gezeginde konsullyk işgärleriniň kömegini talap edýär. Gynansagam, resminamalaryny ýitiren we köne pasport eýeleri bolan türkmen raýatlary "konsullyk işgärlerine beren soraglarymyz we haýyşlarymyz jogapsyz galýar" -diýip gürrüň berdiler.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi