Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Вrifing: ABŞ-ň Dowlet sekretarynyň komekçisi (Polşa, Lodz, ÝHHG Ministler Sowetinig Ýygnagy).

Вrifing: ABŞ-ň Dowlet sekretarynyň komekçisi (Polşa, Lodz, ÝHHG Ministler Sowetinig Ýygnagy).

Men Wiktoriýa Nulland. Amerikanyň birleşen ştatlarynyň syýasy işler boýunça sekretariatynyň kömekçisi bolmak bilen, Ýewropanyň Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna (ÝHHG) nähili garaýanymy bilýäňiz diýip pikir edýän. Bu ýere gelmegimiziň maksady, siziň bilen görüşip, bu guramanyň geljegi hakda ynamly derejede garaýandygymyzy mälim etmekdir. Hatda gelen wagtymdan has optimistik derejede diýip bilerin.

Russiýa federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin Ukraina döwletini uruşda ýeňip bilmedi . Onuň keseki ýurda çozmagy, şol maksatda agyr metodlary ulanmagy, parahat ilata garşy gödek jenaýatlar etmek bilen, günäsiz halky gyşyň sowuk şertlerinde doňdurmak bilen Ýewropanyň Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyny düýbünden ýitirmek we ýok etmek maksady amala aşmady. Gaýtam şu ýerdýaki 55 döwlet Putiniň dowjek bolyp çalyşýan demokratik gymmatlyklary goramaklykda, BMG-ň umumy gymmatlyklaryny we Helsinki şertnamanyň prinsiplaryny goramaklykda görilmedik bileligini we beýýik agzybyrligi görkezdiler. Demokratik gymmatlyklaryny goramakda, birleşen milletler Putinyň bu hereketlere garşy çykmagynyň netijesi häzirki ýaly kyn krizislere getirýär. Netijede häzirki wagtda bolup geçýän hadysalara dogry baha berip, dünýäde parahatçylygy ýola goýmak üçin , dynuwsyz işlemelidigimizi görkezýär.

Bu gurama Polşa döwlet hökümetiň we baş sekretar Helga Şmitiň garamagynda bolmak bilen we biziň güýçli goldawymyzyň netijesinde , Rusiýanyň agresiw çemeleşmesine seretmezden, has ykjam ,berk, ugurtapyjy häsiýetlere eýe boldy.

Bilşiňiz ýaly Putiniň kremel maşyny sabotaž ýoly bilen guramanyň işlerini togtatmak üçin eden synanyşyklary puç boldy. Moskwa mehanizmi ösdürip , gurama Putiniň kremel maşynynyň gatnaşmazdan karar bermegiň dogry ýoluny tapdy. Bu algoritm bilen Ýewropanyň Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy Ukraina kömek bermegiň düýbünden täze usullaryny ýola goýmany başardy. Gorag üpjin etmegiň mümkinçiliginiň möhüm synagydyr.

ÝHHG diňe bir Ýewropada dälde dünýäniň ähli ýerinde infrastrukturany Ukrainanyň raýatlarynyň hukuklaryny gorap biljekdigini tassyklady .

Mundan başgada ÝHHG Bosniýadan Täjigistana çenli ähli täsir zolagynda 1300 sany beýleki missiýalary ýerine ýetirýär. Maslahata gatnaşan 57 döwletden 55 -i demokratik gymmatlyklary, metbugat azatlygyny, adam hukuklaryny , adalaty, harby ulgamyň aýdyňlygyny we aç-açanlygyny öňe sürýär we goraýar . Aýdyp geçilenleriň barysy bu günki gün düýnkä seredende has möhümdir. Şol sebäpden umumy maksadymyz rus agresiýasy tarapyndan pese gaçmazlyk üçin ÝHHG - nyň agzalary mundan beýläk hem ykjamlanyp, berk durjagyna ynanýarys .

Şeýlede bolsa häzirki wagtda guramanyň içinde görýän zatlarymyz gowulyklara umyt döredýän galkynyş görnüşidir.

Üns bereniňiz üçin sag boluň.

( Tekst Türkmen Helsinki gaznasy tarapyndan mazmuny boýunça terjime edildi).

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar