Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türk kazyýetleri iki türkmen aktiwistiniň aklawçysynyň şikaýatlaryny ret etdi.

Türk kazyýetleri iki türkmen aktiwistiniň aklawçysynyň şikaýatlaryny ret etdi.

Türkmen blogçylary Alişer Sahatow bilen Abdulla Orusowyň aklawçysy, Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň administratiw tussaglyk baradaky kararyna garşy şikaýat edip, müşderilerine garşy girizilen çäklendirme çäreleriniň üýtgedilmegini sorady.

2025-nji ýylyň 26-njy iýunyndaky karar bilen Edirne şäheriniň jenaýat işleri boýunça kazyýeti, 2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Migrasiýa müdirliginiň ugradan hatyna salgylanyp, Alişer Sahatow barada jemgyýet üçin howply diýip G-82 kody boýunça maglumatlaryň bardygyny belläp geçýär, G-82 kody jemgyýetçilik tertibine we döwlet howpsuzlygyna abanýan howpy aňladýar we şonuň üçin onuň administratiw gözegçilige alynmagyna karar berilýär.

Iýun aýyndaky kazyýet Sahatowyň şikaýatyny kanagatlandyrmady we öňki karary üýtgetmedi: “Arza berijiniň ýagdaýy üýtgemedi we ozal kabul edilen karara täsir edip biljek täze ýagdaýlar ýüze çykmansoň, kazyýet kazyýet işiniň mazmunyna seretmezden gaýtalanýan şikaýaty ýatyrmagy zerur hasaplady”- diýlip kararda bellenilýär.

a

Şol karar çykmazdan bir gün öň, 25-nji iýunda, Kyrklareli şäheriniň jenaýat işleri boýunça kazyýeti Abdulla Orusowyň aktiwistdigini we Türkmenistandan gelýän howplar sebäpli onuň watanyna dolanmagynyň howplydygyny belläp geçdi. Aklawçy, şeýle ýagdaýlary göz öňünde tutup, müşderisine degişli administratiw gözegçilik kararynyň ýatyrylmagyny haýyş etdi. Şeýle-de bolsa, kazyýet arza beriji bilen baglanyşykly Migrasiýa müdirliginiň 2025-nji ýylyň 28-nji aprelindäki hatyna salgylanyp, 6458 belgili kanunyň 57/2-nji maddasynyň esasynda Orusowyň 6 aý möhlet bilen administratiw gözegçilikde saklanmagy barada karar çykarylandygyny belläp geçýär.

Howpsuzlyk gullugynyň hasabatyna esaslanan hatda G-82 kody görkezilýär we arza berijiniň milli we jemgyýetçilik howpsuzlygyna howp salýandygy aýdylýar. Şeýle hem resminamada howpuň 2025/15-nji ýyldaky hereketlerinden ýüze çykýandygy aýdylýar (resminama serediň).

Ýokardaky ýagdaýlary göz öňünde tutup, kazyýet aklawçynyň şikaýatyny ret etdi we Orusowa garşy girizilen çäreleri üýtgetmedi.

a

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.