17-nji oktýabrda irden sagat 4-de onlarça türkmen migranty Stambuldan Türkmenistana deportasiýa edildi-diýip, “Hronika Türkmenistan” habar berdi. Deportasiýa bolanlaryň arasynda 6-njy sentýabrda Stambulda wiza düzgünini bozandygy sebäpli tussag edilen Serdar Durdylyýew hem bar.
Ondan bir gün öň Tuzla deportasiýa merkezinde saklanylýan ýüz töweregi türkmen awtobus bilen Stambuldaky Türkmenistanyň konsullygyna getirildiler. Barmak yzlaryny alyp, Türkmenistana gaýdyp barmak üçin wagtlaýyn pasportlaryň berilmegine gol çekenlerinden soň, deportasiýa merkezine gaýtaryldylar.
Durdylyýew tussag edilende dowam eden ýaşaýyş üçin wagtlaýyn rugsatnamasy bardy. Emma polisiýa bölümünde oňa rugsatnamasynyň ýatyrylandygyny barada habar berildi. Aklawçylaryň aýtmagyna görä, beýle ýagdaýda adama duýduryş berilmelidi, ýöne bu edilmedi. “Hronika Türkmenistanyň” Stambuldaky çeşmelerine görä, 16-njy oktýabrda aklawçy Serdar bilen duşuşmaga synanyşdy, ýöne oňa "kazyýet işi heniz taýýar däl, belki ertir ýa-da ertesi gün öz müşderisi bilen görüşüp biler" diýdiler.
31-nji awgustda tussag edilen başga bir türkmen Maksat Baýmyradowyň deportasiýa edilmegi bilen baglanyşykly wakany ýatlasak, uzak wagtlap aklawçylar bu deportasiýa merkeziniň işgärlerinden dogry jogap alyp bilmediler. 8-nji sentýabrda olar onuň ýanyna baryp, wizasynyň bikanun ýatyrylmagy we deportasiýa edilmegini togtatmak üçin ähli resminamalary taýýarladylar. 19-njy sentýabrda aklawçylara Baýmyradowyň administratiw kazyýetiň karary bilen 11-nji sentýabrda öz watanyna deportasiýa edilendigi habar berildi. Aklawçylar bu gezek birnäçe gezek gaýtalanýan resmi haýyşlaryna jogap alyp bilmeýändiklerini aýratyn bellediler.
21-nji sentýabrda Baýmyradowyň aklawçylary bikanun deportasiýa barada şikaýat bilen Konstitusiýa kazyýetine ýüz tutdular. Şeýle hem, türk häkimiýetleriniň bikanun hereketleri barada degişli edaralara şikaýat etdiler.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.