Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen aktiwistleri yzarlamagy bes ediň!

Türkmen aktiwistleri yzarlamagy bes ediň!

Ynsan haklaryny goraýjy guramanyň arzasy. 23 iýul 2020 ýyl.

Biz dünýäniň dürli döwletlerinde ynsan haklaryny gorýjy gurama hökmünde size mälim edýäris. Mälim etmek bilen siziň dykgatyňyza şulary ýetirýäris. Ýagny daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen aktiwistler we olaryň ýurdyň içinde ýaşaýan hossarlary yzygiderli basyşlara sezewar bolýarlar. Protest hereketlere gatnaşýan aktiwistleri zorluk bilen watana getiriljekdigi we jeza beriljekdigi barada habary aýtýarlar.

Häzirki wagta Türkmenistan represiýa meşhur döwletleriň hatarynda tanalýar. 2019-njy ýylyň tomusyndan başlap, daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanlylaryň protest hyjuwlarynyň güýjeýändigi mese-mälim görünýär. Esasan hem Türkiýe, Rossiýa, Kipe, ABŞ ýaly döwletlerde has hem giňden ýaýbaňlaşandyr.

Protestleriň badalgasy häkimýetleriň 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Mary, Lebap welaýatlarynda güýçli harasadyň bolmagyna, biparh seredilmegi boldy. Gelen habarlara görä, harasadyň netijesinde uzak wagtlap ilat elektrik energiýa we agyz suw üpjünçiliginden, kanalizasiýa işleminden, telefon aragatnaşyklardan kesildiler. Harasadyň bolup geçen ýerleri dolulygyna peteklenip, kesekileri goýbermediler. Bolup geçen tebigy hadysa barada ýer ýüzüne habar ýaýratmana synanyşan aktiwistler, häkimýetler tarapynda yzarlanmalara we basyşlara sezewar boldular. Doly tassyklanmadyk maglumatlara görä, 13-nji maýda Türkmenabat şäheriniň ýerli ilaty nägileligini görkezip, hatda awtomobil ýolluny böwetläp, ýapmagy hem başarypdyr.

nji maýda Türkiýe döwletinde ýaşaýan türkmen aktiwistleri, Türkmenistanyň Stambul şäherinde ýerleşýän konsullygynda protest herekedini gurnamagy başardylar. 20 golaý adam, häkimýetleriň tebigy hadysa babatynda dymmaklaryna we ejir çeken halka goldaw bermeýändikleri üçin nägileligini aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipeden gitmegini talap etdiler.

nji maýda Dmirgazyk Kiprda ýaşaýan türkmen aktiwistleri 35-40 adam aralygynda protest aksiýasyny geçirdiler. 29-njy maýda ýaňadan Stambuldaky konsullygyň öňünde protest geçirildi. 26-njy iýunda aktiwistleriň topary, Türkmenistanyň prezidentine garşy alamatlary aňladýan futbolka geýiminde nägilelik ýörişini geçirdiler. Ýörişiň maksady Türkmenistanyň prezidentiniň wezipeden gitmeginden ybaratdy. Nägilelik ýörişi gutarandan soňra, näbelli adamlar tarapyndan ýörişiň gurnaýjysy Hanum Rasulowa gaçyrylmana synanyşyldy. Wagtynda edilen kömegiň netijesinde niýeti erbet adamlaryň islegi ýerine düşmedi.

Geçirilýän protest aksiýalary hakyndaky maglumatlar internet ulgamynda giňden ýaýrady. Onuň netijesinde gitdikçe proteste gatnaşmak isleýänleriň sany artmana başlady we häkimýetleden edilýän talaplaryň sanawy hem artdy. 28-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli, ABŞ-da ýaşaýan Türkmenistanlylar tarapyndan BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ştab kwartirasynyň we Nyu-Ýorkda ýerleşen türkmen ilçihanasynyň öňünde piket geçirildi.

njy iýulda Nýu-Ýork şäherinde ýöerite ýazgy we Gurbanguly Berdimuhamedowyň portreti daňylan uçar asmana uçuryldy. Ýazgyda “ Türkmenistan diktatory! SOS!” - sözler bardy.Türkiýe döwletinde ýaşaýan Türkmenistanly watandaşlar 19-njy iýulda Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde protest etmegi maksat edindiler. Protestiň maksady ýurtda dörän kynçylyklar, parahorluk, koronawirus hakyndaky maglumatlary gizlemek, Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunlaryna laýyklykda, daşary ýurtdaky ilaty pasport bilen üpjün etmek we iň esasy talap hem, Türkmenistanyň prazidentiniň wezipeden gitmegidi. Geçiriljek proteste ýüzlerçe adamlar isleg bildirdiler.

Proteste gatnaşmana sanynyň köpdügi sebäpli, türk häkimiýetleri koronawirus sebäpli çäklendirmelere salgylanyp, muny gadagan etdiler. Türk polisiýasy protest entäk başlanmanka tussag edip başlady. Şol gün tussag edilen türkmen raýatlarynyň umumy sany 80-den geçdi. Görnüşi ýaly, türkmen konsullygy türkmen diplomatlarynyň işine päsgel beren we zorluk bilen haýbat atýan bäş aktiwistiň adyny görkezip, öňünden türk häkimiýetlerine şikaýat iberdi. . Tutulanlaryň hemmesi diýen ýaly 4-5 sagatdan soň boşadyldy. Täze döredilen oppozisiýa hereketiniň Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy bölüminiň türk bölüminiň ýolbaşçylaryndan biri hökmünde tanalýan diňe 29 ýaşly Dursoltan Taganowa tussaglykda galdy. Konsulyň arzasynda onuň ady agzaldy. Aklawçynyň pikiriçe, konsullygyň talaplary tassyklanmady. Şeýle-de bolsa, Taganowanyň resminamalarynyň möhleti gutarypdy (Stambuldaky köp sanly türkmenler ýaly) we ol Türkmenistana deportasiýa edilmek howpuna sezewar boldy. Häzirki wagtda ol 2000 türk lirasy möçberinde jerime tölemeli. Migrasiýa kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki çäreleriň oňa degişlidigi ýa-da ýokdugy kazyýet tarapyndan kesgitleniler. Polisiýa tussag edilen türkmenler bilen iş salyşýarka, onlarça aktiwist konsullygyň ýanyndaky seýilgähde aktiwistleriň boşadylmagyna garaşýardy. Käbir aktiwistler protest edilmegine rugsat berilmeýändigine seretmezden, başga ýerde protest etdiler, 10-12 adamdan ybarat toparlara bölünip, şäheriň dürli ýerlerinde ýörite şygarlar çykardylar we prezident Berdymukhammedowyň işinden aýrylmagyny talap etdiler. Toparlaryň biri seýilgähde jemlenişip, protest gurnady.

Protest işjeňliginiň öňüni almak maksady bilen türkmen häkimiýetleri aktiwistlere we olaryň garyndaşlaryna edilýän basyşy güýçlendirdi. Türkiýede okaýan birnäçe türkmen okuwçysy, umumy ýaşaýyş jaýlaryna Türkmenistanyň ýörite howpsuzlyk gullugyndan gelendigini aýdyp, telefonda şahsy hat ýazmalaryny talap edendigini, telefon nomerleri göçürendigini we suratlara göz aýlandygyny habar berdi. Protest çärelerinde görlen aktiwistleriň suratlary ýa-da aragatnaşyklary tapylsa, talyplara deportasiýa ediljekdigi we soňra Türkmenistanda tussag ediljekdigi duýduryldy.

Türkiýede, Russiýada we beýleki ýurtlarda telefon üsti bilen, döwletiň alyp barýan syýasatyna garşy adamy öldürmek haýbatlary hem köp boldy. Şeýle hem Türkmenistandan aktiwistlere we olaryň garyndaşlaryna edilýän basyşlar güýçlendi. Soňky aýlarda protestleri geçirmek we hökümetiň syýasatlaryny tankytlaýan listowkalary ýaýratmak synanyşyklary barada tassyklanmadyk habarlar bar. Youtube-da "Vepa Çopan" lakamy bilen tanalýan bir türkmen aktiwisti, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ene-atasyna, aýalyna we çagalaryna "ol bilen habarlaşmazlyk" we onlaýn gürleşmegi bes etmek üçin basyş edýändigini belli boldy.

Iýun aýynyň 16-ynda başga bir aktiwist Myrat Duşemow Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda oppozisiýany birleşmäge çagyrýan YouTube sahypasynda peýda bolanyndan soň tussag edildi. Birnäçe günden soň ony öý tussaglygynda sakladylar.

Türkmenistanda ýaşaýan Hanum Rasulowanyň (26-njy iýunda Stambuldaky protest çäresini gurnaýjysy) tanyşyny birnäçe gezek Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň ýerli bölümine çagyryldy we ýenjildi we oňa gatnaşmakdan ýüz öwürmegini talap edildi. 24-25-nji iýunda Milli Howpsuzlyk Ministrliginde 24 sagat saklandy we ýene-de ýenjildi, iýmit we suw berilmedi. Rasulowanyň garyndaşlaryna-da basyş edilýär. Iýul aýynda söhbetdeşlik otaglarynda "Gulnar" ady bilen tanalýan aktiwistiň üç uýasy Baýramalynyň polisiýa işgärleri tarapyndan gorkuzyldy we olara edýän işlerinden el çekmeseler fiziki taýdan güýç ulanyljakdygy duýduryldy.

Bu maglumatlara meňzeş maglumatlar gaty kän.

Häzirki wagtda Türkmenistan çynlakaý syýasy, ykdysady we sosial kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz durýar. Resmi beýannamalaryň tersine, jemgyýetdäki dartgynlylygyň çalt ýokarlanmagyna getirýän negatiw tendensiýalar ösýär. Şeýle-de bolsa, bar bolan syýasy model, Konstitusiýa we halkara hukugynyň talaplaryna ters gelýän raýatlara öz pikirlerini erkin beýan etmäge we ýurdy dolandyrmakda hukuk tarapdan gatnaşmaga mümkinçilik bermeýär.

Bu ýagdaýda Türkmenistan hökümetini başgaça pikirleri basyp ýatyrmak, aktiwistleriň yzarlanmagyny derrew bes etmek we döreýän raýat jemgyýeti bilen gepleşige geçmegine çagyrýarys. Diňe şeýle ýol bilen syýasy gapma-garşylygyň möwjemeginiň öňüni alyp bolar we toplanan meseleleriň konstruktiw çözülmegine mümkinçilik döredip biler. Gepleşikden ýüz öwürmek, problemalary basyş arkaly çözmek synanyşyklary, şeýle hem repressiýa bil baglamak Türkmenistan üçin we sebitiň beýleki döwletleri üçin howply netijelere getirip biler.

Täjigul Begmedowa, Türkmen Helsinki gaznasy;

Farid Tuhbatullin, Adam hukuklary boýunça türkmen insiatiwasy;

Witaly Ponomarew, Adam hukuklary “Memorial” merkezi (Rossiýa);

Krasimir Kanew, Bolgar Helsinki komiteti;

Ýuriý Džibladze, Demokratiýanyň we Adam Hukuklarynyň Ösüş Merkezi (Russiýa);

Keýt Uotters, Crude Accountability. (ABŞ);

Swetlana Gannuşkina, Raýat kömek komiteti (Rossiýa);

Wýaçeslaw Mamedow, Türkmenistanyň Demokratik raýat bileleşigi;

Olga Zaharowa, .Freedom Files (Polşa);

Walentin Gefter, Adam Hukuklary Instituty (Rossiýa);

Iwar Deýl, Norwegiýanyň Helsinki komiteti

Bu beýannama, howpsuzlyk sebäpli atlaryny aýan edip bilmeýän türkmen raýat aktiwistleri tarapyndan hem goldanyldy.

Goşmaça maglumat:

01. 08. 2020

Türkiýe hökümedi 2020-nji ýylyň 20-nji iýulynda aktiwist Dursoltan Taganowany Türkmenistana deport etmek barada karar kabul etdi. 2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda Dursoltan Taganowany we 22 sany deportasion merkezinde saklanýan Türkmenistanyň raýatlarynyçarter gatnawy bilrn ýurda ugradyljagy belli boldy. Çarter gatnawy Türkiýäniň Gülhan-Dearsan awia kompaniýasy amala aşyrýar. Gatnaw Türkiýäniň çäginde KOWID19 dümewiniň güýjemegi sebäpli, Türkmenistana ugratmak üçin amala aşýar.

Dursoltan Taganowa Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda, oňa güýçli basyşlar, saglygyny we janyna howp salyp biljek işler ediljekdigi mälimdir.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar