Russiýanyň raýatlygy bolan türkmen oppozisiýasynyň liderlerinden biri, Annadurdy Hajyýew Bolgariýada Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň haýyşy boýunça tussag edildi. Rus raýatynyň 40 gün wagtlaýyn tussag edilmegine şu gün Warnadaky Çernomorskiý etrap kazyýeti rugsat berdi. Ondan öň Türkmenistanyň prokuraturasy Interpolyň üsti bilen Bolgariýanyň hukuk goraýjy edaralaryna ýurduň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary bolup işlän döwründe köp mukdarda pul ogurlamakda aýyplanýan Hajyýewi tussag etmek üçin ähli zerur resminamalary berdi.
Bolgariýada hemişelik ýaşaýan şübheli adamyň ekstradisiýa edilmegi üçin resminamalar 40 günüň içinde taýýar bolmaly. Günäkärlenýäniň özi, syýasy sebäpler bilen Türkmenistanda yzarlanýandygyna ynanýar. ITAR-TASS kazyýetiň metbugat gullugynda düşündirişi ýaly, bäş ýyl ozal şol bir edara Hajyýewi Türkmenistana ekstradisiýa etmekden ýüz öwürdi we onuň “Watan” oppozisiýa partiýasynyň liderlerinden biridigini we syýasy sebäplerler bilen yzarlanmalara we repressiýalara sezewar edilip bilinjekdigini ykrar etdi. Russiýa Federasiýasynyň Warnadaky Baş konsuly Anatoliý Şelkunow Hajyýewiň Russiýanyň raýatlygynyň bardygyny tassyklady.
GAZETA.ru