Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

S. Açilowa “ Türkmenistanyň demir ýollary hakynda”.

S. Açilowa “ Türkmenistanyň demir ýollary hakynda”.

Peteksiz ýolagçylar, hapaçylyk we yşyksyz wagonlar.

2019 -njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanda "Demirýollary" aksionerler açyk bieleşmesi döredildi. Birleşmäniň döremegi bilen, ýolagçyllar özüni gowy tarapdan duýmadylar. "Hronika Türkmenistan" neşiriniň habar bermegine görä, häzir hem otly peteginiň gytçylygy, peteksiz münen ýolagçylar dar geçelgelerde durmaklary we ýolagçylara hyzmat hiliniň pesdigini belleýärler.

Ýekeje göze ilýän üýtgeşiklik. Oda bir sany ýokary hilli talaplara iaýyk gelýän wagonyň dakylmagydyr. Emma ol wagon üçin petegiň bahasy 100 manat bolup durýar. Serhetabat we Tagtabazar etraplarynyň ýaşaýjylaryna KOWID19 hassalygy sebäpli, Serhetabat-Aşgabat otlysyna petek satylmasada, wagonlar hyryn-dykyn doly. Mary şäheriniň demirýol menzilinde ol otla 16 nomerli goşmaça wagon dakylýar.

22-nji iýunda ýolagçy bolan watandaşymyzyň aýtmagyna görä, agşam 11-ler töweregi otly Mary şäherine ýetip gelýär. 23 sagat 20 minutda Aşgabat şäherine tarap ugramaly. Otly ýolbeledi ( prawodnik) el fonarynyň ýagtysyna petekleri barlady. Sagdynlygy baradaky saglyk öýünden berilýän kepilnama soran bolmady. Şeýle hem yolagçylaryň gyzgynyny ölçän tapylmady.

Wagonlarda yşyk ýoklugy zerarly, ýolagçylar el telefonlarynyň ýagtysyna ýerlerini tapyp ornaşdylar. Ýolagçylar ýerli ýerine oturandan soňra, peteksiz ýolagçylar gelip başlady. Görüp otursak peteksiz ýolagçylar otly ýolbeledine petegiň nyrhyndan 2 esse gymmat töleýäler eken. Uzyn koridoryň ugrunda ornaşdyrylan oturgyçlar nesibesi çüwen ýolagçylara nesip edip, beýleki ýolagçylar ýerde oturýarlar. Hatda şol sanda tamburada hem ýerde oturýarlar.

Elektrik üpjünçiligi bolmanlygy sebäpli, ençeme wagonlarda sowadyjy enjamlar işlemeýär. Çaý demlemek üçin gaýnak hem ýok. Käbir wagonlaryň hajathanalarynda el ýuwmak üçin we nejesady akdyrmak üçin hem suw ýok.

Hususy taksilere hereket etmek gadagançylygy girizilenden soň, otlyda gatnamak ýolagçylar üçin agyr synaw bolup durýar - diýip ýolagçylar zeýrenýärler.

www.hronikatm.com

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.