Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Nyýazow Bilim ministrliginiň ýolbaşçylaryny işinden boşatdy.

 Nyýazow Bilim ministrliginiň ýolbaşçylaryny işinden boşatdy.

Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow "işindäki düýpli kemçilikler" sebäpli, Bilim ministri, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň müdiri Mammetdurdy Saryhanowy, iki orunbasary Maral Durdyýewany we Muhammetberdi Mammedowy şol sanda Türkmenstanyň Milli Ykdysadyýet Institutynyň rektory, şeýle hem Aşgabat welaýatynyň bilim, medeniýet, saglyk we sport boýunça orunbasary häkimiň (dolandyryş başlygy) Orazgeldi Aralyýewi işinden boşatdy.

Resmi habarlara görä, "Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary bu möhüm ugurda alnyp barylýan özgertmeleri, esasanam maliýe bilen baglanyşykly ýerlerde zerur çuňlugy, yzygiderliligi we dogruçyllygy berip bilmediler".

Prokuraturanyň habaryna görä, "jenaýat jogapkärçiligini alyp, bu ulgamda parahorluk, dolandyryş we geleňsizlik ýaly köpçülikleýin tejribe ösdi".

Türkmenistanyň prezidenti: "Ýagdaýlar hatda çagalar bagyna işe alnandygy üçin para alynýan derejä ýetdi" -diýdi.

Bilim ministrliginiň täze başlygy wezipesine öň Türkmen politehniki institutynyň rektory bolup işlän Haýdyr Saparlyýew bellendi. Onuň ýerine Gurbanberdi Garyagdyýew bellendi.

Şol bir institutda akademiki meseleler boýunça wise-rektorda işlän Muhammetgeldi Annaamanow, Türkmenstanyň Milli Ykdysadyýet Institutynyň rektory boldy.

RIA Nowosti.

Iň soňky habarlar

 Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär
Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär
Türkmenistan: Türmede oturan öňki aklawçy Pygamberdi Allaberdýewiň hukuklaryny dikeltmek.
Türkmenistan: Türmede oturan öňki aklawçy Pygamberdi Allaberdýewiň hukuklaryny dikeltmek.
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
M.Baýmyradowyň Türkiýeden Türkmenistana bikanun deportasiýa edilmeginiň jikme-jiklikleri mälim boldy.
M.Baýmyradowyň Türkiýeden Türkmenistana bikanun deportasiýa edilmeginiň jikme-jiklikleri mälim...
Garaşsyzlyk güni ýa-da nepotizmiň ösmeligi/Очередной День Независимости туркмеского непотизма.
Garaşsyzlyk güni ýa-da nepotizmiň ösmeligi/Очередной День Независимости туркмеского непотизма.