Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy: Türkmen resmisi adam hukuklaryny goraýjy halkara HRW guramasynyň wekili bilen duşuşdy

Azatlyk Radiosy: Türkmen resmisi adam hukuklaryny goraýjy halkara HRW guramasynyň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekilleri halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny güýçlendirýär. 28-nji maýda Türkmenistanyň BMG-nyň Ženewada ýerleşýän edarasyndaky wekili Wepa Hajiýew hökümete degişli bolmadyk “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň Ženewa ofisiniň müdiri Hilary Power bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykdan iki gün soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda çap edilen habarda Wepa Hajyýew bilen Hilary Poweriň Žewadaky duşuşygy "adam hukuklary çygrynyň häzirki zaman ugurlary boýunça geljekki hyzmatdaşlyk üçin taraplaryň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär" diýlip aýdylýar.

“Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma döredýän meseleler, şeýle hem ynsanperwer ugurda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we görnüşleri boýunça pikir alyşyldy. Hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen taraplar Ženewanyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ylalaşdylar" diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Resmi beýanatda ýygnakda gozgalan takyk meseleler we onuň haýsy tarapyň başlangyjy bilen geçirilendigi agzalmady. Azatlygyň Türkmenistandaky habarly çeşmeleri duşuşygyň türkmen tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirilendigini habar berdi. Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň (HRW) wekilleri ýygnak barada entek teswir bermedi.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk “Human Rights Watch” guramasy adam hukuklarynyň bozulmagyna gözegçilik edýär, derňeýär we dokumentleşdirýär. Adam hukuklaryny goraýjy bu gurama Türkmenistanyň hökümetini söz azatlygyny bozmakda, garaşsyz žurnalistleri yzarlamakda, aktiwistlere basyş etmekde, syýasy tussaglary zor bilen ýitirim etmekde, aýallaryň hukuklaryny depelemekde we ilatyň iýmit hukugyny üpjün etmezlikde tankytlap gelýär.

Türkmenistanyň wekilleriniň adam hukuklaryny goraýjylar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary iňňän seýrek bolýar. Halkara guramalary tarapyndan onlarça ýyl bäri dünýäde adam hukuklaryny we raýat azatlyklaryny iň gödek bozýan döwletleriň biri diýlip, häsiýetlendirilýän Türkmenistan öz adyna edilýän tankytlary kabul etmeýär.

Türkmen resmisiniň HRW gurmasynyň wekili bilen Ženewada geçen duşuşygy bilen bir wagtda Aşgabatda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-nyň Merkezi Aziýa boýunça adam hukuklary boýunça ýokary komissary edarasynyň regional wekili Matilda Bogner bilen duşuşdy.

Resmi habarda taraplaryň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aktual meseleleri barada pikir alyşandyklary habar berildi, şeýle hem Türkmenistanyň demokratik institutlaryň işini gowulandyrmak we adam hukuklary ugrundaky borçlaryny ýerine ýetirmek üçin degişli halkara guramalary bilen ýakyn hem-de köptaraplaýyn aragatnaşyk saklaýandygy öňe sürüldi.

Türkmen resmileriniň arasyndaky gatnaşyklaryň biraz aktiwleşmegi awtoritar hökümetiň ýurduň abraýyny gowulandyrmak üçin çäre görmek niýetiniň döremegi barada pikir döretdi.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistana baryp gaýdan amerikaly syýasy alym Edward Lemon Türkmenistan bilen kontaktlaryň artmagy üçin şertleriň döremegine umyt bildirdi.

"Meniň pikirimçe, Türkmenistana has ýakyndan syn etmeli. Şu aýda eden gysga saparymdan çykaran netijäm ýagdaý ýuwaş-ýuwaşdan üýtgeýär. Bu ýerde hökümetiň @hrw bilen duşuşygy has köp subutnama" diýip, Lemon twitterde ýazdy.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça "Oksus" jemgyýetiniň prezidenti; Tehas uniwersitetinde Buş adyndaky hökümet we jemgyýetçilik gullugy mekdebiniň barlag-dosenti 20-23-nji maý aralygynda Türkmenistanda boldy.

Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Lemon Aşgabatda hökümetiň hyzmatdaşlyga we açyklyga tarap ymtylmasynyň duýulýandygyny belledi.

"Umyt duýgusy bilen gatdym, çäkli wagt bolan bolmagym mümkin, ýöne Türkmenistanda käbir programmalaryň mümkin bolup biljekdigini we has köp halkara programmalaryny ösdürmegiň ýollaryny tapyp boljakdygyny duýdum. Üýtgeşiklige seresaply umyt bilen gaýtdym" diýip, Edward Lemon Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Onýyllyklaryň dowamynda halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistana dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hökmünde baha berildi.

HRW guramasy öz web sahypasynda ýerleşdiren beýanatynda "2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň üýtgemegine garamazdan, bu ýurt henizem dünýäniň iň repressiw we awtoritar hökümetleriniň biri tarapyndan dolandyrylýar, adam hukuklary babatynda hiç hili öňegidişlik ýok" diýip belleýär.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama Türkmenistanyň hökümetiniň raýatlaryň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň ählisini, şol sanda birleşmek, maglumat almak we hereket etmek azatlygyny düýpli bozýandygyny belleýär.

“Häkimiýetler ýurduň türme sistemasynda zor bilen ýitirim bolan onlarça adamyň ykbalyny ýaşyrmagyny dowam etdirýär. Hökümet aktiwistleri we garaşsyz žurnalistleri, şol sanda daşary ýurtlarda gorkuzmak, azar bermek, fiziki hüjümler we galp, syýasy sebäpler bilen azatlykdan mahrum etmek hereketlerine yzygiderli sezewar edýär"-diýlip maglumatda bellenýär.

Şeýle-de, gurama Türkmenistanyň hökümetiniň azyk howpsuzlygy krizisini ykrar etmeýändigini we ýeterlik derejede çözüp bilmeýändigini hem-de ýurtda garaşsyz gözegçilik edip bolmaýandygyny belleýär.

Iň soňky habarlar

Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Хроника Туркменистана: «Утверждая, что в стране все прекрасно, вы обманываете и себя, и народ». Обращение Солтан Ачиловой к руководству Туркменистана.
Хроника Туркменистана: «Утверждая, что в стране все прекрасно, вы обманываете и себя, и народ»....
"Suwa  we erkinlige teşnelik"
"Suwa we erkinlige teşnelik"
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan adam gaçakçylygyny ýok etmek üçin ýeterlik tagalla etmeýär – Döwlet departamenti
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan adam gaçakçylygyny ýok etmek üçin ýeterlik tagalla etmeýär – Döwlet...
Azatlyk Radiosy: “ ÝB-niň adam hukuklary wekili Aşgabatda žurnalist Soltan Açylowa bilen duşuşdy“
Azatlyk Radiosy: “ ÝB-niň adam hukuklary wekili Aşgabatda žurnalist Soltan Açylowa bilen duşuşdy“