Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýede türkmen resminamalaryny bermek baradaky galp meýilnamalaryň ýene bir pidasy.

Türkiýede türkmen resminamalaryny bermek baradaky galp meýilnamalaryň ýene bir pidasy.

10 - njy noýabrda Stambul şäheriniň ýol gözegçilik polisiýasy tarapyndan ýasama sürüjilik şadatnamasy bilen Türkmenistan raýaty tutuldy. Özüniň howpsuzlyk şertlerini göz öňünde tutup özüni M harpy bilen atlandyrmagy haýyş eden 37 ýaşly Türkmenistan raýaty tutulandygyny telefon arkaly dostlaryna habar berýär. Stambulyň köçeleriň birinde M atly watandaşymyzy ýol gözegçilik polisiýa gullugy saklaýar. Barlagyň netijesinde M atly watandaşymyzyň ulanyp ýören sürüjilik şadatnamasynyň ýasamadygy ýüze çykýar. M. ol sadatnamany ýöriteleşdirilen sürüjülik şadatnamasy bilen üpjün edýän edaradan alandygyny aýdyp, hatda edaranyň ýerleşýän anyk salgysyny hem berýär.

Aslynda bu işleri Türkmenistanyň Türkiýe döwletinde ýerleşen diplomatik konsullyk edarasy amala aşyrmaly. Iş ýüzünde welin, öz şahsy bähbitlerini ilerde tutýan diplomatik resmi işgärlerden netije ýok. Biz bu hakda 10 - njy noýabrda çap ede beyanatymyzda belläp geçdik.

M atly watandaşymyzy polisiýa merkezine alyp gitdiler. Onuň işine gözegçilik edýän adwokatyň aýtmagyna görä, M atly watandaşymyzyň keminden 14 - nji noýabra çenli polisiýa merkezinde saklanjagyny habar berýär. Ondan soňra Türkiýe döwletiniň kanunlary esasynda jogap berjekdigini adwokat belläp geçdi.

Daşary ýurtda ýaşaýan türkmen migrantlarynyň ünsüni çekmek isleýäs: doly anyk bolmadyk, köplenç hem bikanun hereket edýän edaradyr guramalara ýüzlenmek bilen, bikanun işleriň pajarlap ösmegine uly goşant goşýaňyz. Netijede Türkiýe döwletiniň kanunlarynyň öňünde jogapkärçiligiňizi artdyrýaňyz. Şeýle ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilçihanasyna ýada konsullygyna ýüz tutup , kanun esasynda talabalaýyk resminamalary talap etmäne doly hakyňyz bardyr.

Ynsan haklary barada Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...