Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistan: sosial ulgamlarda çagalaryň çagalar bagynda ýenjilýändigini görkezýän wideo peýda boldy

Türkmenistan: sosial ulgamlarda çagalaryň çagalar bagynda ýenjilýändigini görkezýän wideo peýda boldy

Sosial medýada “dowlet1784” atly TikTok kanaly Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Mülk” daýhan birleşiginde ýerleşýän 4-nji çagalar bagynda düşürilen wideo ýazgyny ýaýratdy. Wideo ýazgyda takmynan 2,5 ýaşly kiçijik gyzyň iki terbiýeçi tarapyndan ýenjilýändigi görünýär .

Çagalaryň gaty aglaýan sesleriniň arasynda terbiýeçileriň biri:«Mizirdekleme, urkaçy mizirdekleme! Ýat!» diýip gygyryp, ýerli şiweden terjime edilende:

«Aglama, haramzada, agylama! Ýat!» diýen manyny berýär.

Şol wagt onuň kärdeşi gyzy aýaklaryndan tutup düşege zyňmagy teklip edýär. Çagany düşege zyňandan soň, aýal kiçijik gyzy urup başlaýar.

Terbiýeçileriň ýüzleri görünmeýär, emma bolup geçýän zorluga şaýat bolan beýleki çagalaryň nähili gorkandygyny görmek bolýar. Olaryň biri gorkudan aglap başlanda, terbiýeçileriň biri onuň üstüne gygyrýar: «Sessiz bol, kelläňi aşak eg!»

Şeýle-de wideo ýazgyda terbiýeçileriň biriniň bu çagalaryň onuň “beýnisini çykarandygyny” aýdyp zeýrenýändigi eşidilýär.

Türkmenistan çagalaryň maşgala içinde we jemgyýetde zorluga sezewar bolýandygyny yzygiderli inkär edip gelýär. Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 13–14-nji oktýabrynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçirilen konferensiýada Türkmenistan çagalary ähli görnüşdäki zorlukdan goramaga ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de bu meseleniň diňe döwletiň borjy däl-de, eýsem jemgyýetiň durnukly, howpsuz we adalatly geljegine goýulýan maýa goýumdygyny nygtady.

Adam hukuklary boýünça Türkmen helsinki gaznasy.