Facebookda täze döredilen "Post-Sowet dissidentleriniň Warşawa bileleşigi" (Warsaw Aliance of Post-Soviet Dissidents ) 2024-nji ýylyň 27-nji aprelinde Polşanyň paýtagtynda protest geçirmek niýetini yglan etdi.
2020-nji ýylda hut şu gün Türkmenistanyň Lebap we bölekleýin Mary sebitlerinde uly tupan bolup, onlarça adamyň ölmegine sebäp boldy. Garaşsyz metbugat soňra ýaşaýyş / administratiw binalaryň, ýollaryň we ş.m. köp sanly toplumlaryň weýran bolandygyny habar berdi. Emma häkimiýetler bu hakykaty adamlardan gizlemek üçin ähli zady etdiler, polisiýa beýleki sebitlerden gelen meýletinçileri yzyna gaýtardy we azyk we beýleki kömekleri bermäge rugsat bermedi.
Protestiň maksady, guramaçylaryň ýazyşy ýaly, Türkmenistanda adam hukuklary we azatlygy ugrundaky göreşiň bir bölegi hökmünde Türkmenabat şäherindäki tupan bilen baglanyşykly ýagdaýa has köp ses bermek ...
Şol bir wagtyň özünde, "Ýalan sözlemegi bes ediň: Çärjew tupanynyň hakykatyny we weýrançylygyny boýun alyň" atly köpçülükleýin talap üçin onlaýn gollar ýygnalýar. Bu habar çap edilende 12 adam jogap berdi.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.