Bikanun migrasiýa garşy göreşiň çäginde türk häkimiýetleri jaýlary kärendesine berýän adamlara bildirilýän talaplary hasam berkitdi.
Stambuldaky migrantlar üçin noýabr aýy bikanun migrantlary awlamak bilen başlandy. Stambuluň Esenýurt etrabynda polisiýa “Galkan” reýdini geçirdi we 512 bikanun migrant tussag edildi, olaryň arasynda türkmen raýatlary hem bar – diýip, THF çeşmesi habar berdi.
Reýd wagtynda öýlerini wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsady bolmazdan 318 migranta kärendesine beren 41 öý eýesine jerime salyndy. Ýerli polisiýa we Migrasiýa bölümi, Stambul häkimligi bilen utgaşyp, bikanun migrantlaryň hukuk bozmalaryna garşy göreşiň çäginde ýaşaýyş ýerlerinde, terk edilen binalarda, seýilgählerde we baglarda, şaýollarda we köçelerde ulaglara gözegçilik we barlag geçirdi.
Bu çärä 452 polisiýa işgäri we Migrasiýa bölümi gatnaşdy, reýd wagtynda daşary ýurt raýatlarynyň ýurtdaky kanuny ýagdaýy, şeýle hem hasaba alnan ýerindäki ýaşaýyş jaýy we hakyky ýaşaýan ýerine laýyklygy barlandy. Bir ýerde 318 bikanun migrant birbada tussag edildi. 41 öý eýesine jerime salyndy we bikanun migrantlara jaýlary bikanun kärendesine beren öý eýeleriniň öýleri ýapyldy we möhürlendi.
Reýdiň çäginde Esenýurtyň dürli sebitlerinde migrantlary mundan beýläk göçürmek maksady bilen 30 gözegçilik nokatlary döredildi. Gözegçilik nokatlarynda barmak yzlary alnan 512 daşary ýurtlynyň bikanun migrantdygy anyklandy.
Bikanun migrantlary deportasiýa etmek barada proseduralar başlandy.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.