Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen häkimýetleri “Azatlyk” Radiosynyň žurnalistini deportasiýa etdiler.

Türkmen häkimýetleri “Azatlyk” Radiosynyň žurnalistini deportasiýa etdiler.

Aşgabat, 21-nji maý 2010-njy ýyl (Azatlyk Radiosy) - Türkmenistanyň Aşgabatdaky Migrasiýa işleri bölümi wizasynyň bardygyna garamazdan, “Azatlyk” Radiosynyň žurnalistine ýurda girmegini gadagan etdi.

Pragada ýerleşýän “Azatlyk” Radiosynyň žurnalisti, milleti boýunça türkmen bolan Allamyrat Rahymow (19-njy maý) çarşenbe güni irden maşgalasynyň çakylygy esasynda berlen wiza bilen Aşgabat howa menziline geldi.

Kanadanyň raýaty Rahymow Marynyň günorta-gündogaryndaky dogduk obasyna dynç alyşa barýardy. Ol, 11 ýyl bäri Türkmenistanda bolmady we maşgalasyny şu wagta çenli görüp bilmedi.

Emma howa menzilinde oňa giriş gadagan edildi we derrew uçar bilen Praga iberildi.

Türkmenistana girmäge gadanlygyň sebäbi entek belli däl. Rahymow Migrasiýa ministrliginden "Türkmenistana girmeginiň gadagan edilendigi" barada hat aldy. Onuň pikiriçe, Türkmenistana girmäge gadaganlygyň sebäbi onuň “Azatlyk” Radiosynyň žurnalisti hökmünde işlemegi bilen baglanyşykly.

Rahymow 2003-nji ýyldan bäri “Azatlyk” Radiosynyň Türkmen gullugynda işleýär.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.