Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen Helsinski gaznasy, goşa raýatlyk institutynyň ýoklugy bilen baglanyşykly gönükdirilen ädimler barada alada bildirýär.

Türkmen Helsinski gaznasy, goşa raýatlyk institutynyň ýoklugy bilen baglanyşykly gönükdirilen  ädimler barada alada bildirýär.

Bilşiňiz ýaly, şu ýylyň awgust aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň çykaran kararyna laýyklykda, Türkmenistan goşa raýatlyk institutynyň ýatyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şeýlelikde türkmen-rus raýatlygy bolan ýüz müňlerçe raýatlaryň haklary bozulýar.

Kabul edilen karar subýektiw häsiýete eýe bolup durýar. Sebäbi Türkmenistanyň baş kanunyna ýagny konstitusiýasyna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmeklik halk wekilleriniň razylygy esasynda amala aşyrylmalydyr. Ondan başga giriziljek düzedişler bilen tanyşmak üçin, wagt çäklendirilmelidir. Emma Türkmenistanda baş kanunyň üýtgedilmegi barada halk wekillerine habar berilmedi we hiç hili habarlar gullugy tarapyndan yglan edilmedi.

Türkmen Helsinki gaznasy 2003-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň konstitusiýasynyň 7-nji maddasyna täze girizilen düzgüni kanuna garşy diýip hasap etmek bilen, iki raýatlygy bolan raýatlaryň ýuridiki tarapdan haklarynyň bozulýandygyny nygtaýar.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.