15-nji iýulda Aşgabat şäherindäki halkara howa menzilinde Türkmenistanyň raýaty Sadokat Nurimbetowa Türkmen howa ýollarynyň Stambula uçýan uçaryndan düşürüldi.
Etniki özbek S.Nurimbetowa Stambul lukmançylyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby we şoňa laýyklykda türkde ýaşamak üçin wagtlaýyn rugsatnamasy - “kimlik” bar.
5-nji iýunda Sadokat täze pasport almak üçin watanyna gitdi. 10-njy iýulda ony aldy we Stambula uçar petek satyn aldy.
Howa menzilinde pasport gözegçiliginden geçenlerinde, migrasiýa gullugynyň iki işgäri, talybyň pasportyny alyp, biri-birine seredip: "Bu şol gyz"-diýip, S.Nurimbetowany aýratyn otaga çagyrdylar. Ol ýerde barmak yzy aldylar, soň gysga söhbetdeşlik boldy, şondan soň migrasiýa gullugynyň işgärleri talyba Türkmenistandan gitmeginiň gadagan edilendigini aýtdy. Munuň sebäbini soranynda, oňa: "Bu ýokardan gelen buýruk" -diýdiler. Şol bir wagtyň özünde gyza hiç ýere gitmezlik we hiç kime arz etmezlik maslahat berildi. Aýratynam, ejesiniň hiç bir ýere ýüz tutmazlygyny bellediler.
S.Nurimbetowa, geçen ýyl garry ejesi Ýakutjanyň Mekgä zyýarat etmek hukugyny goraýan meşhur türkmen raýat aktiwisti Hamida Babajanowanyň gyzy.
Hamidanyň sözlerine görä, gyzy Saodat häzirki wagtda okuwyny dowam etdirmek üçin Stambula uçmak umydy bilen Aşgabat howa menziliniň binasynda garaşýar, migrasiýa gullugynyň işgärleri oňa içerki deportasiýa bilen haýbat atýarlar.
Lebap we Daşoguz welaýatlardan alýan çeşmelerimize görä, soňky döwürde bu welaýatlaryň raýatlaryny düşündirişsiz daşary ýurt uçuşlaryndan düşürülen ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykypdyr. Munuň sebäbini soranlarynda, howa menziliniň işgärleri ýaşaýan ýeriňizdäki migrasiýa gullugyna ýüz tutmagy maslahat berýärler. Bu serhetden gury ýerden geçeňde hem bolýar. Mysal üçin, H. Babajanowanyň uýalaryna hem syýahat gadaganlygy girizildi, bu Özbegistana syýahat etjek bolanda belli boldy. 5-nji ýanwarda galp jenaýat işi sebäpli öň tussag edilen Balkanabadyň raýat aktiwisti we aklawçysy Pygambergeldi Allaberdiýewiň Bajgyran barlag nokadynda Eýran bilen serhetden geçmegi hem gadagan edildi.
Çeşmeler, gadagançylygyň sebäplerine baglylykda syýahat gadagançylygyny ýatyrmak meselesini 3-5 müň ABŞ dollar aralygynda “çözmek” bolýandygyny habar berýär. Bu, degişli işgärler bilen ýakyn aragatnaşykda bolan ýörite "araçylar" tarapyndan bikanun edilýär.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.