Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

M.Baýmyradowyň Türkiýeden Türkmenistana bikanun deportasiýa edilmeginiň jikme-jiklikleri mälim boldy.

M.Baýmyradowyň Türkiýeden Türkmenistana bikanun deportasiýa edilmeginiň jikme-jiklikleri mälim boldy.

Ozal habar berşimiz ý aly Maksat Baýmyradow 31-nji awgustda Stambulda polisiýa tarapyndan tussag edilip, ilki Tuzla şäherine, ertesi gün bolsa Diýarbakyrdaki deportasiýa merkezine äkidildi. 7-nji sentýabrda Maksat Baýmyradow Erzurumdaky deportasiýa merkezine geçirildi. Şol gün aklawçylary deportasiýa kararynyň ýatyrylmagyny talap edip kazyýet işini açdylar.

Aklawçylar şeýle hem türkmen konsullygynyň işgärleriniň Erzurumdaky deportasiýa merkezine gelip, müşderisi bilen söhbetdeşlik geçirendigini kesgitlediler. Bu duşuşykdan soň, deportasiýa merkeziniň işgärleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistan konsullygynyň işgärleri her gün diýen ýaly Erzurum deportasiýa merkezine gelip başladylar.

8-nji sentýabrda aklawçylar deportasiýa merkezine baryp, deportasiýa kararyna şikaýat etmek üçin zerur proseduralary ýerine ýetirdiler, şikaýatyň hasaba alnandygyny tassykladylar. Bu amallar öz müşderisiniň deportasiýa edilmezligini kanuny taýdan üpjün eden hem bolsa, aklawçylar Erzurumdan gitmezinden ýene iki gün garaşdylar.

Olar gidenlerinden soň Maksat Baýmyradowdan birnäçe gün bäri habar ýokdy, şonuň üçin 13-nji sentýabrda aklawçylar Baýmyradow hakda maglumat bermek haýyşy bilen deportasiýa merkezine ýüz tutdular. Diňe 19-njy sentýabrda, aklawçylara Baýmuradowyň 11-nji sentýabrda Diýarbakyr administratiw kazyýetiniň karary bilen watanyna deportasiýa edilendigi barada habar berildi. Aklawçylar bu gezek gaýtalanýan resmi haýyşlaryna jogap alyp bilmeýändiklerini aýratyn bellediler.

21-nji sentýabrda Baýmyradowyň aklawçylary bikanun deportasiýa barada şikaýat bilen Konstitusiýa kazyýetine ýüz tutdular. Şeýle hem, türk häkimiýetleriniň bikanun hereketleri barada degişli edaralara şikaýat etdiler.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.