Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Çagalaryny ýeke ekleýän eneler häkimiýetleriň ýetimleriň hakyny iýýändigini aýdýar

Çagalaryny ýeke ekleýän eneler häkimiýetleriň ýetimleriň hakyny iýýändigini aýdýar

Maryda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryny ýeke ekleýän eneleriň käbirine kömek paýlandy. Ýöne kömegi alan eneler häkimiýetleriň bu haýyr-sahawat işinden hem hyýanatçylykly peýdalanyp, ýetimleriň hakyny iýýändigini aýdýarlar.

Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň Marydan maglumat berýän habarçysy soňky üç aýdan gowrak wagtyň dowamynda Gurbanguly hajy metjidiniň wekilleriniň we oba ýaşulularynyň adamysy ýogalan, çagalaryny ýeke ekleýän eneleriň öýlerine aýlanýandygyny habar berýär.

“Öýüzmize gelen obamyzyň il ýaşulusy we metjidiň wekilleri menden çagalarym bilen näme iýip-içýändigimi soradylar. Men bolşy ýaly aýtdym: Iki wagtyna tamat gyzdyryp iýýäris, biri sadaka, nahar ýa-da pul getirse şony iýýäris ýa-da döwlet dükanyndan un we azyk paýoklarymyzy alyp iýýäris diýdim. Şondan soň olar maňa döwletimiziň adyndan janly getirendiklerini aýtdylar we bir sany geçi berdiler” diýip, Murgap etrabynyň bir geňeşliginiň ýaşaýjysy, üç çaganyň ejesi anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýöne enäniň tassyklamagyna görä, häkimiýet wekilleri oňa geçi beren bolsalar-da, ondan goýun alandygy hakyndaky kagyza gol çekmegi talap etdiler.

“Bizden talap edilşi ýaly pasportumyň nusgasyny berdim we çagalarym bilen meni surata düşürmeklerine rugsat berdim. Soňra menden kagyza gol goýmagy talap etdiler. Onda maňa 42 kilogramlyk goýun berlendigi aýdylýar, ýöne maňa 18-20 kilogram agramyndaky geçi berildi. Men mugt berlen zat diýip sesimi çykarman, berlen geçä razy boldum. Ýöne metjidiň wekillerinden we il ýaşulusy bolup saýlanan ýaşuly adamlardan bular ýaly zada garaşmandym, hususan-da, olaryň ýetimleriň hakyny iýmegine haýran galdym” diýip, murgaply ene belledi.

Habarçymyz şuňa meňzeş ýagdaýlara diňe Murgabyň däl, eýse Sakarçäge etrabynyň ençeme ýaşaýjysynyň hem duş gelendigini, ýöne olaryň arzlaryny diňlejek resmi tapmandygyny hem aýdýar.

Mundan başga-da, çagalaryny ýeke ekleýän eneleriň birnäçesi özlerine bu geçi hemaýatynyň diňe bir gezek, mundan üç aý çemesi öň berlendigini, şondan bäri özleriniň halyndan habar alýan hiç kimiň ýokdugyny hem belleýär.

“Bu kömek diňe bir gezeklik berildi. Döwletimiz ýetim çagalara arasyny üzmän, iň bolmanda aýda bir gezek 5 kilogram et berse gowy bolardy” diýip, sakarçägeli bir ene anonim şertde habarçymyza aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Marynyň häkimiýetlerinden, şol sanda Gurbanguly hajy metjidinden we agzalýan gaznadan kommentariý alyp bilmedi.

Redaksiýa bu hemaýatyň näçe enä berlendigini hem anyklap bilmedi.

Resmi media öňki prezident, häzir Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berýändigini wagtal-wagtal habar berýär.

15-nji ýanwarda resmi media bu gaznanyň ýurduň dürli welaýatlaryndan gelen çagalara operasiýalary etmek üçin serişde bölüp berendigini mälim etdi. Ýöne paýtagtyň lukmançylyk merkezlerinde geçirilen operasiýalara näçe möçberde serişde bölünip berlendigi barada hiç zat aýdylmady.

Geçen ýylyň dekabrynda Türkmengala we Ýolöten etraplarynyň ýaşaýjylary çagalara egin-eşikleriň, aýakgaplaryň we okuw esbaplarynyň kömek berilmegi barada gazna ýazylýan arzalaryň jogapsyz galýandygyny aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu aýdylanlar barada maglumat bermeýärler. Resmiler ýurtda howandarlyga mätäç çagalaryň sany baradaky statistikany hem mälim etmeýärler.

Azatlyk Radiosy

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary