Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

TÜRKMENISTANDA HUKUK HÄKIMÝETI BARMY?

TÜRKMENISTANDA HUKUK HÄKIMÝETI BARMY?

Her ýyl bu zalda türkmen aktiwistlerinden ÝHHG-nyň agza döwletlerine we gönüden-göni Türkmenistan hökümetine çagyryşlar eşidilýär. Türkmenistanda kanunlaryň ýöremeýänligi we gözegçilik edilmeýänligi baradaky habarlar diş gysmakdan ýaňa, bir hala getirdi.

Resmi Türkmenistan, türkmen jemgyýetiniň liberallaşdyrylandygyny yglan edip, marketing usulyny yhlas bilen ulanýar. Kanun çykaryjylyk, kazyýet garaşsyzlygy we adalatly kazyýet hukugy baradaky meseleler häzirki wagtda uly sorag bolup durýar.

Esasy bir meselä ünsüňizi çekmek isleýärin. Sähel wagt ozal Azatlyk radiosynyň Türkmen bölüminiň žurnalisty Ogulsapar Myradowanyň türkmen türmesinde pajygaly ölümden 5 ýyl geçdi. Türkmen häkimiýetleriniň oňa garşy döreden ýasama kazyýet işi mese - mälimdi we şu wagta çenli halkara guramalaryň çagyryşlaryna seretmezden, türkmen häkimiýetleri aç-açan derňew geçirmekden boýun gaçyrýar.

“WikiLeaks” - iň neşirlerine Muradowanyň işi bilen baglanyşykly anyk maglumatlar diňe häzirki wagtda halk köpçüligine ýaýramaga başlady.

Görnüşi ýaly, bu ýagdaýda ýerli aktiwisti daşary ýurtly diplomatyň we žurnalistleriň başarnyksyzlygy pajygaly ýagdaýa getirdi. Diktator re režimiň usullaryna göz ýetirip, repressiw hereket edýän maşynyň nähili ýüze çykandygyny göz öňüne getirip bilersiňiz: ýüzlerçe bigünä adam tussag edilip, mertebe kemsidiji we olara garşy ahlaksyz çemeleşmelere sezewar boldular .

Aktiwistler Sapardurdy Hajyýew we Annakurban Amanklyçew henizem türmede saklanylýarlar. Aç-açanlyk ýörelgesine laýyklykda derňelmedik “Ogulsapar Muradowanyň ” kazyýet işi, beýleki kazyýet işlerini galp ýagdaýda ýasamakda türkmen resmileri üçin nusga bolmagyny dowam etdip gelýär. Häkimiýetler bu işe talaba laýyk üns çekmediler we çäre görmediler. Şonuň üçin ýerli hukuk goraýjy edaralar tussaglary gynamak, jenaýat işlerini galplaşdyrmak, güman edilýänleri talamak we beýleki düzgün bozmalary dowam etdirýärler. Polisiýa işgärleri tarapyndan edilen şeýle düzgün bozmalar asla derňelmeýär.

Türkmenistan Ýewropa kazyýetinde şertnamalara gol çekmek islemeýär. Emma kanunyň ýoklugy sebäpli Türkmenistan döwleti halkara guramalary tarapyndan yzygiderli tankyt edilýär. Nähilidir bir ýol bilen özüni “aklamak” üçin Türkmenistan hökümeti wagtal-wagtal raýatlaryň hukuk goraýjy edaralara bildirýän arzalaryna garamak üçin ýylda iki gezek komissiýa döredýär. Şeýle-de bolsa, olary döretmegiň esasy maksady “gözboyagçylyk ” bolansoň, Komissiýanyň maglumatlary her gezek gitdikçe erbetleşýär.

Mundan başga-da, türkmen işgärleriniň ideologiýasynda henizem stereotip düşünjeler agdyklyk edýär: kim häkimiýeti tankytlasa, halkyň duşmany, häkimiýetleriň duşmanydyr.

THF başlygynyň ýyllyk OSCEHHG-ODIHR ýygnagynda eden çykyşyndan

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary