Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy: Öý hojalykçy aýallar Halkara zenanlar güni mynasybetli özleriniň ala tutulýandyklaryny aýdýarlar

Azatlyk Radiosy:  Öý hojalykçy aýallar Halkara zenanlar güni mynasybetli özleriniň ala tutulýandyklaryny aýdýarlar

Günbatar Balkan welaýatynyň sebit merkezinde aýal-gyzlara 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberinde pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary dowam edýär.

5-nji martda geçirilen şeýle dabaralar sebitiň käbir döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarynda hem-de bilim we terbiýeçilik edaralarynda döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin wideo ýazgy edildi. Baýramçylyk pul sowgatlary öý hojalykçy aýallara berilmeýär. Olar özleriniň ala tutulýandyklaryny aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy martda sebitden maglumat berdi.

“5-nji martda mekdeplerde aýal-gyzlara prezidentiň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Bu çäreler döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin surata düşürildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Ýatlasak, 23-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli buýruga gol çekip, Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagyny tabşyryk berdi. Prezidentiň gol çeken resminamasyna laýyklykda, “eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan zenan maşgalalar, şeýle-de, ylym, bilim we terbiýeçilik edaralarynda bilim alýan gyzlar” 60 manat möçberinde pul sowgatlary bilen sylaglanýar.

Bu mukdar walýutanyň resmi alyş-çalyş kursy boýunça 17 dollara, gara bazaryň bahasy boýunça takmynan üç dollara barabar bolýar.

Döwlet telewideniýesinde görkezilýän wideo şekillerde edara-kärhanalarda işleýän zenanlar, şeýle-de ylym-bilim we terbiýeçilik edaralarynda terbiýelenýän gyzlar prezidentiň sowgatlaryny maňlaýlaryna sylyp, kabul edýän görnüşde görkezilýär.

Zenanlara pul gowşurmak dabaralary bilen bir hatarda, Balkanabat şäheriniň drama teatrynda 5-nji martda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlara bagyşlap, aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Şol bir wagtda, şäherde baýramçylyk mynasybetli köpgatly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy bolup geçdi.

“Şu gün köp çagaly enelere bagyşlap, maslahat we aýdym-sazly konsert geçirildi. Şeýle-de, bäş gatly bir ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Ol binadan 10 we 12 çaga dogran iki enä ýaşaýyş jaýyny sowgat berdiler. Sowgatlyk jaý prezidentiň adyndan diýilýär, ýöne ähli çykdajylar telekeçileriň hem-de Zenanlar birleşiginiň harajatlarynyň hasabyna maliýeleşdirilipdir. Mebeller we beýleki öý goşlary Zenanlar birleşiginiň işçi hünärmenleriniň hasabyna satyn alyndy” diýip, bir balkanabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti 1-nji martda geçiren hökümet mejlisinde köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak barada permana gol çekdi.

Türkmenistanyň hökümeti ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan ýurtda aýal-gyzlaryň hukuklaryny çäklendirmekde berk tankyt edilýär.

Döwlet tarapyndan aýal-gyzlara berilýän baýramçylyk pul sowgatlary we “Ene mähri” diýen hormatly atlar ilat arasynda garyşyk reaksiýalar bilen kabul edilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan öý hojalykçy birnäçe zenan maşgalalar, döwlet howandarlygynyň esasan edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlara gönükdirilýändigini, şeýlelikde özleriniň ýene bir gezek diskriminasiýa sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Olar ýurtdaky aýal-gyzlaryň işleýän we işlemeýän zenanlar hökmünde öz aralarynda hem ikä bölünip, goşmaça ýekirmelere sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar.

Zenanlara berilýän baýramçylyk sowgatlary aýal-gyzlaryň belli bir bölegini öz içine alýar. Öý hojalykçy aýallar bu kategoriýa degişli däl, şeýlelikde olar özleriniň ala tutulýandyklaryny aýdýarlar.

Üstesine, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde aýal-gyzlaryň iş mümkinçilikleriniň çäklidigini, sebitiň zenan ilatynyň ep-esli böleginiň işsizdigini habar berýär.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli hünärmeniň sözlerine görä, Balkan welaýatynda aýal-gyzlaryň takmynan 30 göterimine Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylýar. Bu bolsa sebitiň zenan ilatynyň tas 70 göterimden gowragynyň maliýe taýdan döwlet bilen ilteşiginiň ýokdugyny görkezýär.

Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti ýurduň ilatynyň tas ýarysynyň zenanlardan, beýleki ýarysynyň bolsa erkek raýatlardan ybaratdygyny aýdýar. Ýöne resmi statistikalarda işleýän zenanlaryň sany agzalmaýar. Ýurtdaky işsizligiň derejesini görkezýän sanlar asla köpçülige äşgär edilmeýär.

Halkara zenanlar güni mynasybetli öý hojalykçy aýallara döwlet tarapyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmazlygy maşgalalarda dürli çekişmelere ýol açýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçylar öý hojalykçy zenanlaryň döwlet tarapyndan ala tutulmagynyň Balkanda maşgalabaşy bolan käbir erkek raýatlarda işsiz aýal-gyzlara garşy agalyk ediji pikirleri möwjedýändigini aýdýar.

“Maşgalabaşy bolan käbir erkek raýatlar edara-kärhanalarda aýal-gyzlara berilýän pul sowgatlaryny işlemeýän öý hojalykçy zenanlara garşy ulanyp bilýärler” diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda onsuz hem diskriminasiýa sezewar bolýan aýal-gyzlar, öz aralarynda hem dürli ýekirmeleri başdan geçirmeli bolýarlar.

Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary ýurtda aýal-gyzlara diňe bir iş nukdaýnazaryndan çemeleşilmeýändigini, olara maşgala ojaklarynda ahlak terbiýäniň gözbaşy nukdaýnazaryndan seredilýändigini aýdýarlar.

Ýöne Halkara zenanlar güni mynasybetli diňe işleýän we okaýan aýal-gyzlara pul sowgatlarynyň berilmegi, synçylara görä, maşgala ojaklarynda ýerli gymmatlyklaryň, ahlak-terbiýäniň gönezligi we goragçysy hasaplanýan öý hojalykçy aýallaryň ala tutulýandygyny görkezýär.

“Işleýän aýallara sowgatlaryň berlip, öý hojalykçy aýallaryň sowgatdan mahrum goýulmagy gender deňligi bilen bagly beýleki problemalary agzap oturmagyň hem hajatynyň ýokdugyny görkezýär” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlyk Radiosy

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary