Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Eý Allam, halal zähmet diýp geldik, deportdan öziň gora!

Eý Allam, halal zähmet diýp geldik, deportdan öziň gora!

Özüniň tanalmazlyk şerti bilen adyny Mekan diýip tanadan watandaşymyzyň gürrüňini size ýetirýäris.

Men takmynan iyun aýynyň ortalarynda Stambul şäheriniň metro duralgasynyň çykalgasynda dokument barlagynda türkiýe polisiýa gullugy tarapyndan tutuldym. Tutulmagymyň sebäbi elimde talabalaýyk dokumendiň ýoklugydy. Ilki başda meni Tuzla geri gönderme merkezinde 2 gün sakladylar. Soňra Kaýseri geri gö nderme merkezine ugratdylar.

Kaýseri geri gönderme merkezi A we B iki blokdan ybarat bolup, ol ýerde Türkiýe döwletinde bikanun ýagdaýda galan, dürli milletlerden adamlar getirilýär. B blokda zenan maşgalalar saklanylýar. Bloklaryň arasynda germew barlygy sebäpli, beýleki bloga geçip bolanok. Naharhana iki blok üçin hem umumy bolup, ilki erkekler naharlanyp, soňra zenanlar naharlanýar.

Takmynan 6 aýyň dowamynda Türkiýäniň dürli geri gönderme merkezlerinden perewod bolup Türkmenistanly watandaşlarymyz gelýärdi. Bolup gaýdan lageriniň şertlerini soraýardyk elbetde. Olary diňläp, deňeşdirme geçende Kaýseri geri gönderme merkezi köp taraplaýyn gowy bolup durýar. Meselem. Her gün ertir ondan, öýlän sagat bäşe çenli ýakynlaryň bilen telefonda gürleşip bolýar. Lageri goraýan resmi işgärler hem biz bilen mylakatly çemeleşýärdi.

Gigiýena üpjünçiliginde hem kemçilik ýok. Sabyndyr -şampun bilen lageriň özi üpjün edýär. Ýuwunmak şertleri ýola goýulan. Sakgal almak üçin il içinde bir gezeklik diýlip tanalýan sakgal stanogy 15 güne 1 sany berilýär. Stanoga mätäç oglanlar känbir lageriň adminstrasiýasyndan stanok sorap duranokdy. Lageriň çäginde ýerleşen dükanadan satyn alanyny kem görenokdylar.

Her näçe şertleri gowy bolsada, gazanç üçin gelen watandaşlarymyz edil kapasa düşen ýaly duýgyny başdan geçirýärdiler. Sebäbi geri gönderme merkezine düşen Türkmenistanly raýatyň maşgalasyna daşary yurtdan pul barmaýar. Hojalygynyň material üpjünçiliginden kesilmegi, yurda deport edilmeginiň mümkinligi baradaky aladalar adamy barha lapykeç edýär.

Meni geň galdyran wakalardan biraz gürrüň bereýin. Nahar iýilenden soň musulman däbine laýyklykda töwir galdyrylýar. Türkmenleriň aglabasy diýen ýaly". Jan saglygyny, maşgala agzybirligini, görüner - görünmez belalardan " - Allanyň goramagyny dilemezden, " Eý Allam ! Halal zähmet diýip geldik, deportdan özüň gora" - diýip omyn edýärdiler. Türkmenistanlylar özara gaty agzybirdi. Eger-de kimdir biri dümewlän ýagdaýynda, haýal etmän ýaňky hassa alada edilýärdi. Gerekli bolan derman lageriň lukmançylyk lagerinde tapylmadyk ýagdaýynda, gerekli bolan puly jemläp, lageriň müdirinden şol dermanyň getirilmegini haýyş edýärdik. Müdir hem öz gezeginde özi ýada başga birini ugradyp şol dermany getirtýardi.

Esasy nygtap geçjek zadym şeýleräk. Azatlykdan mahrum edilipnsaklanýan Türkmenistanlylaryň aglaba bölegi türkmen hökümetinden nägile bolup galýarlar." Eger-de beýleki döwletler ýaly öz raýatlaryny alada etseler, beýle mukdarda halk bikanun ýagdaýda galmazdy "- diýen pikire eýerýärler.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.