Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Stambuldaky konsullykda türkmen aktiwistleriniň ýenjilmeginden bir ýyl soň

Stambuldaky konsullykda türkmen aktiwistleriniň ýenjilmeginden bir ýyl soň

2022-nji ýylyň 16-njy awgustynda türkmen aktiwistleri türk aklawçylary we adam hukuklary aktiwisti bilen bilelikde Stambuldaky Türkmenistanyň konsullygy arkaly Prezident S. Berdimuhamedowa hat ibermäge synanyşdy. Olary gaty ýençdiler (wideoýazgyda bu barada a ktiwistleriň beren gürrüňi). Şeýle hem, wakanyň merkezinde özüni tapan türk aklawçysy hanym Gulden Sonmeziň kommentariýasyny size ýetirýäris.

Türk aklawçysy hanym Gülden Sönmez bilen geçirilen söhbetdeşlikden. Türkmen Helsinki gaznasynyň meýletinçileri tarapyndan türkmen we rus dillerine terjime edildi.

2022-nji ýylyň 16 - njy awgustynda meniň müşderilerim bolan Türkmenistanyň watandaşlary Serdar Berdimuhammedowa niýetlenen haty gowşurmak üçin türkmen konsullugyna baranda, konsullugyň resmi işçileri tarapyndan fiziki urga sezewar boldular.

Türkmenistanyň konsullugynyň işgärleri we olara hyzmat edýän şahsyýetler, türkmenlere, Türkiýe döwletiniň resmi guramalarynyň agzalaryna, media habarçylaryna we şol sanda bize, ýagny aklawçylara hem topuldylar. Mertebe kemsidiji paýyş sözleri aýtdylar. Edil köçe galtamanlarynyň edýän hüjümine meňzeýän hereketi görmek bolýardy. Ýüreginde rehim duýgusy bolmadyk galtamanlaryň hüjüminiň netijesinde hatda iki sany Türkmenistanly kiçijik gyz çaga hem şikes ýetirildi.

Bolup geçen waka sebäpli, konsullyk işgärleriniň üstünden ýerli polisiýa gullugyna we prokuratura şikaýat etdik. Arzamyzy elbetde kabul etdiler. Konsullyk tarapyndan topulmagy zerarly şikes alan, Türkmenistan we Türkiýe döwletiniň watandaşlary kazyýet lukmançylyk barlagyndan geçende, olaryň ýenjilendigini subut edýän netije haty berildi.

Resmi taýdan konsullyk işgärleri bolan we hakyna tutulan adamlaryň käbirleriniň atlaryny, suratlaryny Stambul şäheriniň baş prokuraturasyna berdik. Bu wakanyň bolup geçmegi esasynda Stambul şäheriniň baş prokuraturasynda dört sany aýry-aýry derňew işi açyldy. Şol açylan dört sany derňew işiniň biri Türkmenistan konsullugynyň resmi işçileri tarapyndan özlerini aklamak üçin, bize garşy eden arzasy esasynda açylandyr. Wideo ýazgylarda görülişi ýaly, waka gatnaşyjylaryň günäsizligi sebäpli, konsullyk işgärleriniň eden şikaýatyna DELILSIZ ŞIKAÝAT diýip jogap berildi we arzasy kabul edilmedi. Häzirki wagtda hem beýleki 3 sany gozgalan derňew işi dowam edýär . Ýagny konsulluk işçileri we olaryň tarapynda hereket eden şahsyýetler hakynda derňew dowam edýär.

Stambul şäheriniň köçesinde, polisiýa gullugynyň gözüniň öňünde, öz watandaşlaryna we Türkiýe döwletiniň watandaşlaryna topulan, hapa käýinç sözleri ulanan, hatda zenan maşgalalary we çagalary uran konsullyk işgärleri we olara hyzmat edýän şahsyýetler jenaýat jogapkärçiligine çagyryljakdyr. Wakanyň bolup geçenine 1 ýyl geçmegine garamazdan derňew dowam edip gelýär. Elbetde Türkmenistanyň prezidentine hem döwlet derejesinde habar beriler. Esasy ünsüňizi çekmek isleýän mowzugym ýokarda belläp geçişimiz ýaly, şol günki konsullyga baran adamlaryň niýeti ýöne prezidente niýetlenen haty gowşurmakdy. Her bir döwlet öz raýatlarynyň haklaryny we hukuklaryny goramak bilen, adalatyň ugrunda göreşip uly mertebä eýe bolýandyr. Dünýäde ykrar edilen döwletleriň resmileri dünýä kanunlaryna laýyklykda hereket etmäne borçlydyrlar.

Şeýle hem konsullyk işgärleri dünýä diplomatiki kanunlaryndan çykmana haky ýokdyr. Meniň we müşderilerimiň başyna gelen hadysa döwletara ylalaşyklarymyzda bellenilmeýär. Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky taryhy medeni gatnaşyklarda hem görlüp, eşidilen zat däl.

Dünýäniň niresinde bolsa-da, ýolbaşçylar, döwlet dolandyryjylary raýatlaryny goramak üçin jogapkärdir. Müşderilerimiň hatynda aýdan iň az talaplaryny ýerine ýetirersiňiz diýip umyt edýärin. Bu talaplar iň az ynsanperwerlik talaplarydyr. Aklawçy hökmünde, Türkiýede pida bolan, gymmatly zehinleri, bilimleri we başarnyklary bolan raýatlaryny, ýaşaýan ýurtlarynda olary pida etmezden hormatlamagyňyzy isleýärin. Ýaşaýan dünýämizde her geografiýanyň adamlary we esasanam ýaş nesiller, esasanam zulumdan bizar bolan Aziýanyň türkleri döwlet dolandyryjylaryny adam hukuklarynyň iň pes standartlaryny berjaý etmäge çagyrýarlar. Türkiýede ýa-da Türkmenistanda ýaşaýan ähli türkmenistanlylar kanunyň howpsuzlygynda erkin we bagtly ýaşarlar diýip umyt edýärin.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Gaznasy

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar