Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Tutulan migrantlary Izmit deportasiýa merkezinde saklamagyň şertleri. -2 в.

Tutulan migrantlary Izmit deportasiýa merkezinde saklamagyň şertleri.

Baýram diýip özüni tanadan ildeşimiziň gürrrüňini size ýetirýäris.

Stambul şäheriniň Atakent etrapçasynda işleýärdim. Işleýän ýerimize Türkiýe polisiýa gullugy tarapyndan bikanun daşary ýurtlylary tutmak boýunça reýd edildi. Dokumendim düzüw däldigi sebäpli , men we başgada birnäçe türkmen, owgan, şeýle hem 4 sany Siriýa watandaşlary tutuldy.

Meni haýran galdyran zat şeýle boldy. Meni tutan türk pilisiýa işgärine ýurdumyzda gün görmek kyndygyny, işsizlikden halkyň ejir çekýändigini, men ýurda ugradylsam maşgalamyň, kiçi çagalarymyň hor boljakdygyny aýtdym. Türk polisiýa işgäri hem " Wah! Gizlenäýmeli ekeniňiz. Düşünýän ýagdaýyňyza. Ýöne häzir sizi gaçyryp goýbersem, meniň üstümden arz edip, işden kowdurarlar. Meniň hem edil siziňki ýaly maşgalam bar, çagalarym bar. Alla beýikdir. Päli düzüw adamy mydama goldaýandyr" -diýdi.

Bizi ilki bilen Tuzla deportasiýa merkezine ýerleşdirdiler. Soňra Izmit depor tasiýa merkezine perewod etdiler. Ynanmarsyňyz. Ol ýere ugradar ýaly biziň günämiz näme? Näme jenaýat etdik? Şertleri gaty agyr. Lageri goraýan resmi işgärler bize edil agyr jenaýat edip kazyýet karary bilen tussag edilenlere sereden ýaly seredýärdiler. Ýogsam biziň günämiz näme? Hökümedimiz halkyny alada etmeýär. Halk hem hakyny talap edip bilenok. Ine, günämiz şu! Şol günä üçin daşary ýurtly polisiýa işgärlerinden jeza almak, diýseň agyr düşýär eken. Berilýän iýmit hem edil “ ölmeseň borla” diýlen ýaly berilýär. Çilim çekýänler üçin günüň dowamynda bir gezek çilim çekmäne rugsat berilýär. Saklanylýan otagyňdan özbaşdak çykyp bolanok. Sebäbi daşyndan gulplaýarlar. Ýekeje gowy tarapy gigiýena şertlerine gowy gözegçilik edýärler.

Eger meniň gürrüňimi halk köpçüligine çykarjak bolsaňyz, sizden haýyşym bar. Meniň Türkmenistanyň prezidentine berjek soragymy hem paýlaşyň. “ Türkmenistanyň prezidenti we döwlet strukturasynda işleýän beýleki emeldarlar! Edil beýleki döwletleriň öz halkyny alada edişi ýaly, siz hem alada edip bileňizokmy? Men we maňa meňzeş müňlerçe Türkmenistanly raýatlaryň deportasiýa merkezlerinde saklanylmagy Türkmenistanyň abraýyny ýokara göterýärmi? Prezidentiň mertebesi artýarmy? “

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar