Türkmenistanda Halkara aýallar güni mynasybetli aýal maşgalalaryna we gyzlara döwlet tarapyndan ýene-de pul sowgady berildi. Onuň möçberi we gowşurylyş däbi ozalky ýyllardan köp tapawutlanmady.
60 manatlyk sowgada birnäçe kilogram sogan ýa-da bir kilogram et satyn alyp bolýar. Emma ozalky ýyllarda bolşy ýaly prezident sowgady ýurduň aýal ilatynyň hemmesine berilmedi, diňe resmi taýdan işleýänler, pensiýa alýanlar we okuwa, çagalar bagyna gatnaýanlar sowgada mynasyp diýip resmi derejede kesgitleni.
Sowgadyň gowşurylyşy aýratyn bir mesele. Aýal-gyzlar körpelerden başlap, garrylara çenli ony maňlaýlaryna sylyp, prezidente alkyş aýtmaga borçly edildi, olaryň ellerindäki käbir bukjalar boş boldy.
Türkmenistanda ençeme ýyl bäri saklanýan bu tejribe birnäçe düýpli problemany öz içine alýar we ýurtda zenanlaryň ýagdaýyndan habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň "Salam Dogan" rubrikasynyň nobatdaky sany bu däbiň manysyna, sebäplerine we täsirlerine bagyşlanýar.
Gepleşigiň hemişeki myhmany "Saglyk programmasynyň" we "Progres" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa.
Azatlyk Radiosy