Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanda dowlete degişli däl guramalar barmy näme? ÝHHG ýygnagy. Vena.

Türkmenistanda dowlete degişli däl guramalar barmy näme?

Men Täjigül Begmetowa ynsan haklaryny goraýjy Türkmen Helsenki fondyñ ýolbaşçysy.

Size hormat goýmak bilen, mümkin boldugyça, gymmatly wagtyñyzy tygşytlamak üçin gysga gürlemäne çalyşaryn.

Esasy meselä geçsek. Şu güne çenli Türkmenistan hakda gürrüñ gozgalanda çyna tutulman gelýär. Biz mydama: " Goýsana,beýbä, dogrudanmy? Şeýlede bolup bilermi?" diýen ýaly ýumora ýugrulan jogaplary eşidip gelýäs. Hakykatda Türkmenistanda höküm sürýän aftoritar režim döwletiñ hakyky hal ýagdaýyny ýalan elýuziýa bilen saklap gelýär. Esasan hem siziñ döwlet ýaly demokratik döwletlerden ýurdyñ içinde dörän krizisi gizli ýagdaýda saklamak üçin dürli hokgalara ýüz urýar. Krizis bir pursatda ýada tötänleýin döremedi. Ol krizis Türkmenistan döwletinde 30 ýyldan bäri dowam edip gelýär.

20 ýyldan gowrak wagt bäri biz öz guramamyzy öz watanymyzda resmi ýagdaýda ykrar etdirmek üçin göreşýäris. Gynansakda biz goldaw göremizok. ÝHHG döwletleri hatda goldaw berenok. “Resmi tarapdan döwletiñ hak-hukugy bar, status derejesi ýol beryar” - diýen ýaly jogaplar bilen ýüzsowma edýärler.

Aýdanlarymyzy nazarda tutup Türkmenistan bilen diplomatiýa işlerini duruzyñ. Öz hökmürowanlygyñyzdan peýdalanyp Türkmenistan bilen ähli ugurlarda we pudaklarda hyzmatdaşlygy durduryñ. Wagtynda üns berilmese Özbekistan, Belorusiýa we ş.m. krizis çekýän döwletleriñ sany artar. Şonuñ üçin hyzmatdaşlykdan ýüz öwüriñ. Bu birinji teklibim.

İkinj. Ýakynda ÝB-yñ wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldy. Hasabat bermeklerine görä Habarçylar we DDDG wekilleri bilen görüşdiler. O nähili DDDG? Türkmenistanda dowlete degişli guramalar barmy näme? Diňe dünýä guramalarynyñ bellän wekilleri bar. Olar hem öz nobatynda Türkmenistan hökümetiniñ aftoritar diktator režimini goldamak üçin tagalla baryny edýärler.

Türkmenistan baştutanynyñ okaýan goşgudyr aýdymlaryna bökjekläp tans edyärler. Olar öz hukuklaryndan peýdalanyp tankyt etmekden geçen , hatda ýüzüne seretmekden, nä makul soraglary bermekden gorkýalar. Ýyllar boýy ugradylýan gözegçiler öz wezipelerine görä hereket edenoklar. Hamala Türkmenistana gelende myhmançylyga gelen ýaly gelýäler. Öý eýesiniñ myhmansöýerli ýüzi üçin Türkmenistanyñ hakyky global ykdysady krizisleri hakda gyzyklanmaýalar. Şol sebäpli ýyllardyr Türkmenistanda hal ýagdaý üýtgänok. Şonuñ üçin dünýä ýakasyny tanadan diktator bilen ähli ugurlarda gatnaşygy hatda salamlaşmagy durduryñ .

Täjigül Begmedova.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

 Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär
Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Türkmenistan: Türmede oturan öňki aklawçy Pygamberdi Allaberdýewiň hukuklaryny dikeltmek.
Türkmenistan: Türmede oturan öňki aklawçy Pygamberdi Allaberdýewiň hukuklaryny dikeltmek.
M.Baýmyradowyň Türkiýeden Türkmenistana bikanun deportasiýa edilmeginiň jikme-jiklikleri mälim boldy.
M.Baýmyradowyň Türkiýeden Türkmenistana bikanun deportasiýa edilmeginiň jikme-jiklikleri mälim...
Garaşsyzlyk güni ýa-da nepotizmiň ösmeligi/Очередной День Независимости туркмеского непотизма.
Garaşsyzlyk güni ýa-da nepotizmiň ösmeligi/Очередной День Независимости туркмеского непотизма.