Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew azatlyga çykdy.

Žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew azatlyga çykdy.

2015-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda gadagan edilen neşe tramadolyny saklamakda günäkärlenen garaşsyz türkmen žurnalisti we raýat aktiwisti Saparmämmet Nepesgulyýew 19-njy maýda boşadyldy diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (ANT) habar berdi.

ANT habarynda "Şeýlelik bilen, BMG-nyň esassyz tussag etmek baradaky iş toparynyň kararyna, birnäçe ýurduň hökümetleriniň we adam hukuklaryny goraýjylaryň ýüz tutmalaryna garamazdan, ol üç ýyl azatlykdan mahrum edilmek hökümüni doly ýerine ýetirdi" diýilýär.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Saparmämmet Nepesgulyýewiň ady türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlaryň sanawynda “Olary diri görkeziň!” Halkara Kampanýasyna goşuldy.