RIA Nowostiniň habaryna görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin "diplomatiýanyň wagty geldi".
Raýs Ýakyn Gündogarda demokratiýany ösdürmek ABŞ-nyň daşary syýasatynyň esasy maksady bolup galar diýdi. Palestina hökümetinde geçiriljek saýlawlaryň bu maksada tarap ädimdigini, Palestina liderleriniň Ysraýyla garşy terrorçylygy duruzmak üçin henizem köp iş etmelidigini aýtdy.
"Bileleşiklerimizi berkitmäge, dostlarymyza goldaw bermäge we dünýäni has howpsuz ýere öwürmäge çalyşaryn" -diýdi.
Jorj W. Buşuň öňki administrasiýasynda milli howpsuzlyk geňeşçisi bolup işlän Raýs: "Diplomatiýamyzy dünýäde erkinligi goldaýan güýç deňagramlylygyny döretmek üçin ulanmalydyrys" -diýdi.
"Ilki bilen, umumy gymmatlyklara we kanunyň hökmürowanlygyna esaslanýan halkara ulgam gurmakda demokratiýa jemgyýetini birleşdireris" -diýdi.
"Ikinjiden, umumy howpsuzlygymyza abanýan howplara garşy göreşmek we terrorçylygy güýçlendirýän umytsyzlygy çözmek üçin demokratiýa jemgyýetini güýçlendireris" -diýdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretaryna kandidat "Üçünjiden, azatlygy we demokratiýany bütin dünýäde ýaýradarys" -diýdi.
Kondoliza Raýs Demokrat senator we ABŞ-nyň prezidentlige öňki kandidaty Jon Kerriniň Russiýanyň parahatçylygy goraýyş güýçlerini Yraga ibermegi teklip edendigini öňe sürdi.
"Senator, barlap görerin, ýöne açyk aýtsam, Russiýanyň parahatçylygy goraýjy güýçler baradaky teklipleri barada hiç zat bilemok. Mundan başga-da ýagdaý düýbünden ters - goşunlaryny ol ýere ibermek islemeýär" -diýdi.
Senator Kerri ozal diňlenişikde eden çykyşynda Buşuň administrasiýasynyň Russiýanyň, Hindistanyň we beýleki birnäçe ýurduň Yraga parahatçylygy goraýjy güýçleri ibermek teklibinden peýdalanmaýandygyny aýdyp, tankyt etdi.
Minsk, Kondoliza Raýsyň Belarus baradaky sözlerini tankytlaýar.
Belarusyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesine dalaşgäri Kondoliza Raýsyň respublikany "zalymlygyň nokady" diýip atlandyrmagyna nägileligini bildirdi. Bu barada "Interfaks" -a Belarusyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Andreý Sawinyh aýtdy.
Sawinyh: "Raýsyň beýanynda Belarusyň agzalmagy, şu wagta çenli Belarusdaky ýagdaý baradaky pikirleriniň hakykatdan gaty daşdadygyny görkezýär" -diýdi.
"Ýalan stereotipleriň we düşünjeleriň döwletara gatnaşyklar babatynda täsirli syýasaty döretmek üçin ýaramaz esasdygyny" aýtdy.
Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Diňe umumy düşünje we bar bolan hakykatlara esaslanýan konstruktiw gepleşik biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna goşant goşar" -diýdi.
Hususan-da, Raýs öz çykyşynda "häzirki zaman dünýäsinde zulumyň nokatlary - Belarus, Zimbabwe, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Kuba we Mýanma (Birma) bar we ABŞ bu ýurtlara erkinlige ýetmäge kömek eder diýdi."
NEWSru.com