Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasy hasaba alyndy

Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasy hasaba alyndy

Türkmen aktiwistleri Türkiýede hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramasyny hasaba aldyrdy. “Hak Hukuga Daýanç” (HHD) atly guramanyň özüni tanyşdyryş dabarasy 26-njy martda Stambulda geçirildi. Çärä Azatlyk Radiosy nyň habarçysy Sofiýa Soltanowa gatnaşdy.

Täze jemgyýetçilik guramasynyň guramaçylary, Türkiýede we Türkmenistanda türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň berjaý edilişine syn etmek, awtoritar türkmen režimi tarapyndan yzarlanan we hukuklary bozulan adamlary goramak maksadyny öz öňünde goýýar. Gurama ýolbaşçy edilip, türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa saýlandy.

Taganowa çärede eden çykyşynda şeýle diýdi: "Türkmen häkimiýetleriniň problemalara biperwaý garamagyndan we umytsyzlykdan halys ýadan türkmen migrantlary, öz hukuklaryny goramagy öwrenmek üçin adam hukuklary boýunça guramany döretmegiň zerurlygyna göz ýetirdi".

Watanyndaky ykdysady kynçylyklar sebäpli Türkiýä işlemek üçin baran türkmenler ýyllarboýy dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ençemesi bikanun ýagdaýa düşýär we kanunçylyk ugrundan kömege mätäç bolýar. On müňlerçe adam pasportlaryny çalşyp bilmeýär, ýaşamak üçin rugsat almakda kösenýär, işlemek, bejergi almak, okamak hukugyndan mahrum bolýar, körpeler çagalar baglaryna we çagalar mekdebe gatnap bilmeýär. Ýüzlerçe türkmen birnäçe aýlap deportasiýa merkezlerinde saklanýar. Ol ýerde bolansoň olar, işini, ýaşaýyş jaýlaryny ýitirýärler.

Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çap eden soňky sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 222 090 raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede bikanun galýan türkmen migrantlarynyň sany birnäçe esse köp.

“Hak Hukuga Daýanç” guramasynyň agzalary hökümete degişli bolmadyk birnäçe ýerli guramanyň goldawyna eýe boldy, olar Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň meselelerini çözmek üçin ähli mümkin kömegi bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle guramalardan biri, türk jemgyýetçilik guramasy "Uluslararası Mülteci Hakları Derneği" (Halkara Bosgunlar Hukuklary Assosiasiýasy), bu guramanyň prezidenti Abdullah Resul Demir.

HHD-iň wekilleri kömek soraýan türkmen raýatlarynyň meselelerini çözmekde türk adam hukuklary goraýjy aktiwistleri we aklawçylar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.

Täze türkmen jemgyýetçilik guramasy, adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" ýaly ady belli halkara adam hukuklary guramalary bilen hem hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

"Türkmen Helsinki fondunyň" başlygy Täjigül Begmedowa, Türkiýede ýaşaýan we hukuklarynyň goralmagyna mätäç bolan türkmen raýatlarynyň haklaryny goramak boýunça täze guramanyň döredilmeginiň derwaýysdygyny aýtdy: "Daşary ýurtlara çykan türkmenler, esasanam Türkiýede watandaşlarymyzyň köpüsi, işde, mekdepde, jemgyýetde we öýde her gün ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine we kynçylyklaryna üns berilmegine we wagyz edilmegine mätäç".

Adam hukuklaryny goraýjy abraýly gurama ençeme ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelýän Begmedowa adam hukuklaryny goramak ugrundaky işlere ýaşlaryň hem goşulmagyna goldaw bildirdi: “Umuman aýdanymyzda, biziň hemmämiz awtoritar režim tarapyndan onlarça ýyl bäri weýran edilen türkmen raýat jemgyýetini täzeden gurmaly. Ýaşlaryň öz hukuklaryny goramagy, birek-birege kömek etmegi we bilelikde hukuklarymyz üçin göreşmegi öwrenmäge synanyşmagy ruhlandyrýar".

Türkmen halkynyň öň görlüp-eşidilmedik raýat aktiwligi 2019-njy ýylyň bahar aýlarynda başlandy. Türkmen häkimiýetleriniň şonda ýurtda bolan tebigy betbagtçylykdan ejir çeken ilatyna kömek bermezligi ýurduň daşyndaky raýatlary tolgundyrdy, bu ýagdaý daşary ýurtlarda hökümete garşy çykyşlara itergi berdi, sosial ulgamlarda jemgyýetçilik çekişmeleri tutaşdyrdy, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion we raýat hukuklaryna hormat goýulmagyny talap etmek ugradaky işleriň hereketlenmegine sebäp boldy.

Sofiýa Soltanowa

Azatlyk Radiosy

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi