Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ÝHHG pursatdan peýdalanyp, demokratiýa we adam hukuklary meselelerinde Türkmenistana basyş etmeli.

 ÝHHG pursatdan peýdalanyp, demokratiýa we adam hukuklary meselelerinde Türkmenistana basyş etmeli.

Wena, 2007-nji ýylyň 11-nji ýanwary. Wenadaky adam hukuklary guramalarynyň şu günki ýygnagyna gatnaşyjylaryň pikiriçe, ÝHHG pursatdan peýdalanyp, demokratiýanyň ösüşi we kanunyň hökmürowanlygy bilen baglanyşykly çynlakaý meselelerde (Prezident Nyýazowyň ölüminden soň geljek bolan) ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistana basyş etmeli. Prezident saýlawlary bir aýdan geçiriler.

Türkmenler we halkara adam hukuklary guramalary we sürgündäki türkmen syýasy partiýalary Wenada Ispaniýanyň ýolbaşçylygyndaky ÝHHG-nyň Hemişelik Geňeşiniň şu günki ilkinji ýygnagynyň öňüsyrasynda ýygnandy. Olar Türkmenistandaky häzirki ýagdaýa ünsi artdyrmagyň ÝHHG-nyň Başlygy we gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan işjeň we yzygiderli pozisiýa öwrülip biljekdigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Jemgyýetçilik guramalaryň we oppozisiýa guramalarynyň ýygnagyny açan Halkara Helsinki Federasiýasynyň (HHF) ýerine ýetiriji müdiri Aaron Rouds: “Demokratik saýlaw kampaniýasynyň Nyýazowyň mirasdüşerini saýlamagy üçin şerti ýok” - diýdi. “Saýlanan dalaşgärler we lider saýlaw komissiýasy tarapyndan goldanýan hem bolsa, bu demokratik saýlaw däl.”

Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasynyň (AHTI) başlygy we mejlisiň utgaşdyryjysy Farid Tuhbatullin “ÝHHG we oňa gatnaşýan ýurtlar Nyýazowdan soňky döwürde Türkmenistanda demokratik institutlaryň ösüşine ýakyndan gözegçilik etmelidirler”-diýdi. “Türkmenistan, başga bir diktatoryň ýolbaşçylygynda Nyýazowyň döwrü ýaly kabul ederliksiz bolar. ÝHHG esasy şertine laýyklykda hereket etmeli - ÝHHG-a gatnaşýan ýurt demokratik döwlet bolmaly.”

Duşuşyga gatnaşan AHTI, HHF we Memorial-dan gelen ýüzlenme, Türkmenistanyň geljekki hökümetinden Nyýazow rejiminiň regressiw amallaryny bes etmegini isledi. Ýurduň ösýän nebit we gaz baýlygynyň fonunda, Nyýazowyň dolandyrmagynyň netijesi ilatyň garyplaşmagy, bilim, lukmançylyk hyzmatlary we ýaşaýyş jaý şertleriniň bilkastlaýyn peselmegi boldy.

Şeýle hem, ýüz tutmada ähli syýasy tussaglaryň işlerine gaýtadan garamak we wyždan tussaglarynyň tiz boşadylmagy talap edilýär; söz we maglumat azatlygyna; syýasy partiýalar we raýat jemgyýeti guramalary döredilip bilner ýaly birleşmek we ýygnanyşmak azatlygyny üpjün etmek üçin kanunçylyga üýtgetmeler girizmek; türmede adamlaryň ölümi, gynamalar we ýowuz daraşmak ýagdaýlaryny derňemek.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň wekili Witaliý Ponomarew: "Şeýle hem, ÝHHG-dan dört ýyl ozal Türkmenistanda adam hukuklarynyň çynlakaý bozulmalaryny derňemek mehanizmi işe girizilende başlanan işiň tamamlanmagyny haýyş edýäris" - diýdi. “2003-nji ýylda Türkmenistana Moskwanyň mehanizmi boýunça ýörite hasabatçy, professor Emmanuel Deko bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürmek bilen bu prosesi bozmaga rugsat berilmegi utandyryjy zat. ÝHHG, Türkmenistanyň täze ýolbaşçylaryna bu prosesi ÝHHG-a gatnaşýan ýurt statusynyň asyl manysyna laýyklykda tamamlamak üçin basyş etmeli”.

Professor Deko F.Tuhbatulliniň tussag edilmegi işine aýratyn üns berdi. Tuhbatullin: "Men ÝHHG-dan Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Gaweliň aýdan sözleri bilen Dekanyň teswirini ýatlamagyny isleýärin" -diýdi. “Käbir halkara guramalar sypaýçylykdan ölýärler”.

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Aaron Rouds, ýerine ýetiriji müdir, HHF +43 676 635 6612

Farid Tuhbatullin, Türkmen adam hukuklary inisiatiwasynyň başlygy +43 1944 1327

Witaliý Ponomarew, “Memorial” Adam hukuklary, Merkezi Aziýa maksatnamasynyň müdiri - +007 495 790 74 56

Adam hukuklary boýunça Halkara Helsinki Federasiýasy 2007-nji ýylyň 11-nji ýanwary

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi