HRW: Merkel Türkmenistanyň ýolbaşçysy bilen adam hukuklarynyň bozulmagyny ara alyp maslahatlaşmalydy
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow bilen gaz hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin gysga duşuşyk geçirdi we adam hukuklaryny goraýjylaryň tankytlaryna sebäp boldy.
Human Rights Watch Merkeli türkmen lideriniň saparyndan ýolbaşçylyk edýän ýurdundaky adam hukuklarynyň bozulmagyna ünsi çekmek üçin peýdalanmaga çagyrdy. “Türkmenistan nebite we gaza baý ýurt. Ýurtlarymyzyň arasyndaky bu ugurdaky hyzmatdaşlyk heniz tükenmedi"-diýdi Merkel. Germaniýadaky Human Rights Watch guramasynyň başlygy kansleriň prezident bilen şahsy gepleşiklerde adam hukuklarynyň bozulmagy meselesini çözjekdigine umyt edýändigini aýtdy, ýöne Merkeliň buny beýle aç-açan etmändigine lapykeçlik bildirdi. Türkmen häkimiýetleriniň pikiriçe, ýurt liberalizme tarap üýtgeşmeler girizmäge çalyşýar, ýöne adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, Berdimuhammedow 2007-nji ýylyň başynda prezident saýlanaly bäri, döwletdäki syýasy azatlyklar barada gürleşmek üçin entek ir.
Reuters