Koçaýeliden saýlanan DEM partiýasynyň deputaty we adam hukuklaryny goraýjy Ömer Faruk Gergerlioğlu , bir ýyldan bäri habarsyz galan türkmen aktiwistleri Alişer Sahatow we Abdulla Orusowyň ykbalyny anyklamak maksady bilen Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde çykyş etdi. Ol çykyşynda degişli edaralary düşündiriş bermäge çagyrdy we şeýle sorag berdi:
“Bu adamlar zor bilen ýitirim edildimi ýa-da öldürildimi?”
Men muny Mejlisde aýdypdym — eşitmediler, indi ilçihananyň öňüne geldim!
Gergerlioğlu Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde eden çykyşynda, ýitirim bolan aktiwistler baradaky parlament soraglarynyň jogapsyz galýandygyny we Mejlisdäki çykyşlarynyň äsgerilmeýändigini aýtdy. Ol bu prosesiň takmynan bir ýyl öň başlanandygyny ýatladyp, 2025-nji ýylyň 28 aprelinde Sahatow bilen Orusowyň Sinop şäherinde tussag edilip, Ankara alnyp barylandygyny, soň bolsa olaryň ýaşaýyş rugsatlarynda hiç hili hukuk päsgelçiligi bolmadyk ýagdaýda Edirne deportasiýa merkezine ugradylandygyny aýtdy.
Boşadylmak karary çykaryldy, ýöne olar ýitirim boldy!
Gergerlioğlu bu iş boýunça hukuk taraplaryna-da degip geçip, häkimiýetleriň işi kynlaşdyrmagy sebäpli Konstitusion kazyýete ýüz tutulandygyny aýtdy. Kazyýetiň “hukuk bozulmasy” diýen kararyndan soň, 24 iýulda olaryň boşadylandygy habar berlen hem bolsa, olar gapynyň öňünde garaşýan maşgalalaryna baryp bilmändirler.
Ol şeýle diýdi: “Men olaryň maşgalasyna dolanmady diýemok — olar dolanyp bilmedi. Konstitusion kazyýetiň karary bilen boşadylan güni bir zat boldy we Alişer Sahatow bilen Abdulla Orusow birden ýitirim boldy. Bir ýyldan bäri olaryň nirede ekendigi barada hiç hili maglumat ýok.”
Çiftçi ministr bu adamlaryň ykbalyny düşündirmeli!
Gergerlioğlu göni Içeri işler ministri Mustafa Çiftçiýe ýüzlenip, ýitirim bolan bu adamlaryň ýagdaýyny düşündirmegi talap etdi. Ol Türkmenistanda oppozisiýa wekilleriniň kanuny bozup tussag edilýändigini we gynamalara sezewar edilýändigini belläp, Türkiýe bilen Türkmenistanyň oppozisionerleri kanun kadalaryny bozup biri-birine tabşyrýandygyny aýtdy.
Ol şeýle hem birnäçe ähtimallyklary öňe sürdi: bu adamlar zor bilen alnyp gaçyrylan bolmagy, Türkmenistana bikanun tabşyrylan bolmagy ýa-da öldürilen bolmagy mümkin.
Gergerlioğlu Edirne deportasiýa merkezindäki wideo ýazgylaryň näme üçin aç-açan görkezilmeýändigini sorady:
“Wideo ýazgylar nirede? Eger olar merkezden çykan bolsa, soň näme boldy?”
Bu adamlaryň eýesi bolman biler, ýöne men adam hukuklaryny goraýjy hökmünde şu ýerde!
Gergerlioğlu aklawçylaryň BMG-niň Zor bilen ýitirim edilmeler boýunça iş toparyna ýüz tutandygyny, emma Türkiýäniň kanagatlanarly jogap bermändigini aýtdy. Ol bu meseläni goýbermejekdigini nygtap, deputat hökmünde döwlet edaralaryndan jogap alyp bilmezliginiň kabul edip bolmajak ýagdaýdygyny aýtdy.
Ol çykyşynyň ahyrynda şeýle diýdi: “Bu adamlaryň eýesi bolman biler, ýöne men adam hukuklaryny goraýjy hökmünde şu ýerde. Bu adamlar ata, är; olaryň çagalary garaşýar. Men Içeri işler ministrliginden derrew jogap talap edýärin we bu meseläni milli hem-de halkara jemgyýetçiliginiň wyždanına hödürleýärin.”