Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen blogerleriniň Türkiýede ýitirim bolmagy bilen bagly iş Edirne şäheriniň prokuraturasyna täzeden seretmek üçin gaýtaryldy.

Türkmen blogerleriniň Türkiýede ýitirim bolmagy bilen bagly iş Edirne şäheriniň prokuraturasyna täzeden seretmek üçin gaýtaryldy.

Alişer Sahatowyň we Abdulla Oru­sowyň aklawçysy Edirne şäheriniň prokuraturasyna gaýtadan ýüz tutup, Daşary ýurt raýatlarynyň wagtlaýyn saklanyş merkezinde hem-de onuň töweregindäki ýerlerde ýerleşýän wideo gözegçilik kameralarynyň ýazgylaryny, şeýle-de wakanyň bolan ýerine degişli wideo gözegçilik ulgamlarynyň ýazgylaryny talap etmek barada arza berdi.

я

Şu ýylyň ýanwar aýynda Alişer Sahatowyň aýaly Güllala Hasanowa Sinop şäheriniň prokuraturasynda A.Sahatow bilen A.Oru­sowyň işiniň Edirne şäheriniň degişli edaralaryna gaýtarylandygy barada maglumat aldy. Ondan öň Sinop şäheriniň polisiýa bölüminde A.Sahatowyň maşgalasyndan Ankara şäherindäki ýokary derejeli edaranyň görkezmesi esasynda DNK nusgalary alnypdy.

Ondan öň Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Edirne şäheriniň prokuraturasynyň A.Sahatow bilen A.Oru­sowyň işini Sinop şäheriniň prokuraturasyna ibermek barada karar kabul edendigini habar beripdi. Şeýle hem kararda olaryň ikisiniň hem 24.07.2025 senesinden bäri ýitirim bolan hökmünde KIHBI maglumatlar binýadynda hasaba alnandygy we Sinop şäheriniň Jemgyýetçilik howpsuzlygy müdirligi tarapyndan gözlenýändigi görkezilýär.

Şol bir wagtyň özünde Alişer Sahatowyň kakasy Aşgabada baryp, oglunyň tapylmagy üçin Türkmenistanyň Prezidentine kömek sorap ýüzlendi.

я

Ýatladýarys, türkmen blogerleri Alişer Sahatow we Abdulla Oru­sow Türkiýäniň Edirne şäherindäki deportasiýa merkezinden boşadylandan soň dessine ýitirim boldular.

Adam hukuklary boýünça Türkmen helsinki gaznasy.