Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.

Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.

15-nji awgustda “Türkmenistan-HSM” Youtube kanaly “Türkmenistan. Gyssagly habar” sözbaşysy bilen, bu kanaly esaslandyryjylaryň biri bolan 32 ýaşly türkmen blogçysy Merdan Muhammedowyň Aşgabatda kazyýet işiniň başlanandygy barada maglumat ýerleşdirdi.

Blogçy, “Kemine” lakamy bilen eden çykyşlary, türkmen rejimini tankytlamak, şol sanda umumy kabul edilen kadalardan çykýan gödek görnüşde çagyryşlary bilen tanalýar.

Muhammedow 14 ýaşyndan bäri Türkiýede ýaşady, ýöne birneme wagt öň türk häkimiýetleri onuň ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny uzaltmak baradaky haýyşyny ret edipdirler. 2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda blogçy Stambulda migrasiýa kanunlaryny bozandygy üçin polisiýa reýdinde tussag edildi. 12-nji iýunda migrasiýa gullugy deportasiýa barada karar berdi we 26-njy iýunda Türkmenistana iberildi. Türkmenistan-HSM kanalynyň habaryna görä, Muhammedow deportasiýa merkezinde birnäçe gezek dostlaryna jaň edipdir, ýöne aklawçysy ýokdy we deportasiýa karary şikaýat edilmedi.

Kanal, şaýatlaryň biri tarapyndan alnan kazyýet çagyryş suratyny çap etdi. Bu resminama laýyklykda, kazyýet işine Aşgabat şäher kazyýetinde serediler. Şaýat 21-nji awgustda sagat 10-da Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň binasynda geçiriljek diňlenişige çagyrylýar.

a

Kazyýetiň Çagyryş hatynda M.B.Muhammedow Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 183-nji madda 1 b.(Häkimiýeti ele almak üçin dildüwşük ýa-da konstitusiýa gurluşy zorlukly üýtgetmäge bolan çagyryşlar); 185-nji madda 2 b.(Internet torlaryny peýdalanmak bilen Konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmäge bolan çagyryşlar), 191-nji madda 2 b. (Internet torlaryny peýdalanmak bilen ekstremistik ýa-da Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirilmegine gönükdirilen başga hereketleri etmäge açyk çagyryşlar) bilen jogäpkärçilige çekilýär.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 183-nji maddanyň 1-nji bölümine laýyklykda 8-15 ýyl azatlykdan mahrum etmek, beýleki ikisinde iki ýyldan - bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar. Muhammedowyň işi, soňky ýyllarda blogçynyň garşysyna aç-açan syýasy aýyplama bildirilen ilkinji jenaýat işi bolar. Ondan öň Jenaýat kodeksiniň şeýle maddalary esasan dürli yslam jemgyýetlerine gatnaşyjylaryň ýagdaýlarynda ýüze çykýardy.

Resmi däl maglumatlara görä, derňew işinde 60 töweregi şaýat çykyş edýär.

Türkmen aktiwistleriniň arasynda, türkmen häkimiýetleri Muhamedowyň işini görelde hökmünde görkezip, daşary ýurtly beýleki türkmen aktiwistlerine we blogçylaryna garşy şuňa meňzeş kazyýet işiniň boljakdygyny açyk görkezmek isleýändigi barada pikir bar.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy bilen baglanyşykly açyk hat.
Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň...
15 НПО: С.Бердымухамедов! Остановите БЕСПРЕДЕЛ/Ýolagçylary uçuşlardan ESASSYZ düşürmegi BES EDIŇ
15 НПО: С.Бердымухамедов! Остановите БЕСПРЕДЕЛ/Ýolagçylary uçuşlardan ESASSYZ düşürmegi BES EDIŇ
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.