Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Awstriýa döwleti türkmen oppazsionerini tutup tabşyrmakdan ýüz öwürdi.

 Awstriýa döwleti türkmen oppazsionerini tutup tabşyrmakdan ýüz öwürdi.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistan repressiýa meşhur döwletleriň içinde tanalýar. Onlarça ýyllardan bäri režimi tankyt edip gelýän şahsyýetler zorluk döwlete tabşyrylmak gorkusy bilen ýygy - ýygydan gabatlaşýarlar. Türkmenistan hökümeti özüne garşy edilýän tankytlary togtatmak maksady bilen , daşary döwletlere ýasama we toslama jenaýatlar esasynda ençeme gezek talapnamalar ugratdylar . Şeýle talapnamalar 1994 - nji ýylda Rossiýa ugradylyp başlandy.

2002 - nji ýyldan başlap daşary ýurtdaky oppazisionerleri awlamak usullary täze depginlere eýe boldy. Şondan bäri birnäçe gezek şowlulyga we şowsuzlyklara duçar boldy. Soňky ýyllarda daşary ýurtdaky türkmen jemgyýetiniň aktiwleşmeginiň netijesinde Türkmenistan hökümeti olary soňky görnüşdäki jenaýatlarda aýyplaýarlar.

гг

Türkmenistan hökümeti tarapyndan 2019 - njy ýylda Türkiýe döwletiniň ozalky ilçisi we režimiň garşydaşy bolan Nurmuhammet Hanamowy Awstriýa döwletinden tutup tabşyrylmagy baradaky talapnama ugradyldy. Ozal hem Hanamowy tabşyrmagyny talap edip resmi Aşgabat ýüz tutupdy. Sebäbi 2002 - nji ýylyň dekabr aýynda gaýybana şekilde kazyýet işi gozgalyp , Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 18 sany bendi esasynda jeza yglan edilipdi. 2002 - nji ýylyň Sanjar wakasyna gatnaşyjy hökmünde aýyplanmagy sebäpli kazyýet işi gozgalyp , çözgüt hem çykarylypdy. Emma daşary ýurtlardan her näçe türkmen hökümetine gowşurylmagy talap edilse-de, edilen tagallalar başa barmady. Türkmenistan hökümetiniň aýyplamalary ynandyryjy däldigi sebäpli, Awstriýa döwleti Nurmuhammet Hanamowa "gaçybatalga" bermek bilen, terrorçy däldigini subut etdi. Türkmenistanyň syýasy aýyplamalary Ýewropada hiç hili ynandyryjy kabul edilenok.

Wagtyň geçmegi bilen 2019 - njy ýylda Türkmenistan hökümeti Hanamowy ele salmak üçin täze usul ulanmaga başlady. Bu gezek syýasy aýyplamalaryň ýerine , Awstriýa hökümetini ynandyrmak maksady bilen jenaýatda aýyplanýan şahsyýet hökmünde görkezip, ýene-de gowşurylmagyny talap etdiler. Awstriýa döwletiniň IÇERI IŞLER MINISTRLIGINIŇ Hanamowa habar bermegine görä, hamana Nurmuhammet Hanamow Türkiýe döwletinde ilçi bolup işlän döwri wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, 1993 - nji ýylda galp şertnamalara gol çekip, 60000 müň dollar möçberinde para alandygy aýdylýar. Şol ýylyň özünde 45000 dollarlyk bahasy bolan kontrabanda serişdelerini diplomat derejesinden Türkiýe döwletine çägine salandygy talapnamada bellenilýär. Ondan başga-da 2002 - nji ýylyň fewral aýynda hamana döwletden sekiz ýarym million dollar puly ogurlanmyş.

Bu aýyplamalaryň käbirleri diýseň haýran galdyryjy. Sebäbi Nurmuhammet Hanamow Türkiýe döwletine ilçi edilip 1994 - nji ýylda bellenilýär. 1993 - nji ýylda diplomatik wezipesi bilen bagly bolan jenaýaty etmäne asla mümkinçilik ýok. Öz islegi bilen işden gidenden soň, nädip 2002 - nji ýylyň fewral aýynda döwletden sekiz ýarym million dollar ogurlap bilýär? Derňewiň netijesinde 2003 - nji ýylyň iýun aýyndan Nurmuhammet Hanamow syýasy bosgun statusyna eýe bolmagy netijesinde, başga bir döwlete tabşyrmak gadaganlygy kanun esasynda ýola goýulandyr.

Şonda-da yzygiderli derňewler dowam edip, yzarlamalara hiç hili esas ýokdugy subut edildi. Şübheleri tassyklamak üçin Awstriýa hökümeti 2019 - njy ýylyň 3 - nji sentýabrynda Türkmenistandan ýuridiki goldaw islediler. Emma Türkmenistan hökümeti öz gezeginde jenaýatkäriň günälerini tassyklap biljek hiç hili subutnama berip bilmedi. 2021 - ýylyň 14 - nji aprelinde Awstriýa hökümetiniň Türkmenistan resmilerine Hanamowyň günälerini delillendirýän subutnamalary sorasada, öz bähbitlerine peýdaly bolmagyna garamazdan hiç hili delil görkezip bilmediler. Resmi Aşgabat şul ugurda bilelikde işleşmekden boýu gaçyran soň , Awstriýa hökümeti 2021 - nji ýylyň 6 - njy maýynda gozgalan işiň ýatyrylandygyny yglan etdi.

Şeýlelikde türkmen hökümetiniň niýeti paşmady. Adatça boluşy ýaly ozal uly wezipelerde işlän dissidentlere köplenç ýasama jenaýatlar ýöňkelýär. Parahorluk, wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmak, döwlet pullaryny öz hasabyna geçirmek ýaly günäleri ýöňkemek Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan has hem meşhurlyga eýedir. Dissidentleriň ýerleşen döwletleriniň hökümetlerini her hili aldaw ýollary bilen, talap edýän adamlaryny gowşurylmagyny isleýärler. Bu babatda Abdy Kulyýewiň, Sapar Yklymynyň, Hudaýberdi Orazowyň ýagdaýlaryny mysal getirip bolar . Öz islegi bilen 1998 - nji ýylda işden meýletin giden, Türkmenistanyň merkezi bankynyň başlygynyň ozalky orunbasary Annadurdy Hajyýew hakynda habar beriş serişdelerinde maglumat giňden ýaýradyldy. 2002 - nji ýylda, soňra 2007 - nji halkara polisiýasy ýagny interpolyň üsti bilen , Bolgariýa döwletinden Annadurdy Hajyýewi döwlete gowşurtmaklyk synanyşyklary dowam etdi. Türkmenistan hökümeti göz - görtele ýasama we hiç hili delili bolmadyk aýyplamalar bildirdi. Has takygy Türkmenistanyň merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän döwri , 1998 nji ýylda öz islegi bilen işden çykanlygyna garamazdan, 2002 - nji ýylda 42 million Amerikan dollaryny ogurlap, öz hasabyna geçirendigi barada talapnamada görkezilen.

Annadurdy Hajyýewi Türkmenistan hökümeti merkezi bankyň orunbasary bolup işlän döwri goýberen kemçilikleri üçin dälde, syýasy maksatlar bilen ele salmak isleýändigini göz öňünde tutup, talaplar delilsiz diýip karar çykardy. Sebäbi 1998 - nji ýyldan soň ol wezipede işlemedik we 2001 - nji ýylda döwleti doly terk eden adam 2002 - nji ýylda döwletiň içinde bolan jenaýata jogapkär däldigi mälimdir. Ýokary belleýşimiz ýaly Bolgariýa döwleti hem , edil Awstriýa döwleti ýaly talapnamada görkezilen jenaýat işlerini bilelikde derňew etmek barada teklip etdiler. Emma resmi Aşgabat Annadurdy Hajyýewiň günäkärdigini subut edýän hiç hili subutnama görkezip bilmedi. Kazyýet işi tamamlanandan soň Annadurdy Hajyýew maşgalasy bilen birlikde syýasy bosgunlyga arza berdiler.

Öz gezeginde Annadurdy Hajyýew Bolgariýa döwletini adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetine arz etdi. Sebäbi Türkmenistanyň resmi talaby boýunça 2003 - nji ýylda Warna şäheriniň kazyýeyi tarapyndan geçiren derňewi gaýtadan 2007 - nji ýylda täzeden derňemek bilen, haklarynyň bozulmagy bolup durýardy. ÝSPÇ - nyň sudy 2014 - nji ýylda Annadurdy Hajyýewiň haklarynyň bozulandygyny tassyklap , Bolgariýa hökümetinr konpensasiýa tölemegi karar etdi.

Türkmenistanyň jenaýat derňew işlerini alyp barmagy örän pes derejedeligini belläp geçmegimiz gerek. Talapnama ugradylan döwlet tarapyndan, Türkmenistan hökümetinden goşmaça subutnama soralanda resmi Aşgabat dymmak bilen çäklenýär.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar