Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ÝB Merkezi Aziýada özgertmeleriň geçirilmegini gazanmaly.

ÝB Merkezi Aziýada özgertmeleriň geçirilmegini gazanmaly.

Human Rights Watch

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa döwletleri üçin adam hukuklary maksatlaryny kesgitlemeli we durmuşa geçirilmegi sebitdäki bähbitleriniň esasy sütünine öwrülmelidir diýip, Human Rights Watch guramasy şu gün çap eden memorandum diplomatik resminamasynda aýtdy.

9-10-njy aprelde Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň wekilleri, şol sanda Fransiýanyň we Sloweniýanyň daşary işler ministrleri sebitiň ýurtlary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri bilen gatnaşyklar boýunça Ýewropa bähbitlerini ara alyp maslahatlaşmaly. Beýleki meseleleriň arasynda gün tertibinde ÝB-iň her bir ýurt bilen yzygiderli alyp barmak isleýän bähbitlerinde göz öňünde tutulan adam hukuklary boýunça düzülen gepleşikler bar. ÝB-niň Merkezi Aziýa bähbitleri 2007-nji ýylyň iýun aýynda kabul edildi we durmuşa geçirilişi öňümizdäki aýlarda ilkinji gezek gözden geçiriler.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa müdiri Holli Kartner: "Aýratyn görnüşleri kesgitlemek bähbitlere anyk ünsi berer" -diýdi. "Merkezi Aziýa döwletleriniň köpüsi post-Sowet giňişliginde iň repressiw ýurtlaryň biri bolup, ÝB bu pursatdan peýdalanyp ýagdaýy gowulaşdyrmaly."

Bu bähbitler, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda energiýa, howpsuzlyk we beýleki syýasy meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin birnäçe ägirt uly maksatlary yglan edýär. Şeýle hem resminamada maksatlaryň ýa-da ösüşiň ölçegleriniň kesgitlenmegi aç-açan göz öňünde tutulmasa-da, adam hukuklaryny we kanunyň hökmürowanlygyny öňe sürmek barada kesgitlenen borçnama bar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” 15 sahypalyk diplomatik resminama memorandumda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biri üçin belli bir maksatlary teklip edýär we ÝB-ni öňe gidişligi hyzmatdaşlygy bilen aç-açan baglanyşdyrmaga çagyrýar. Bu pozisiýa Ýewropa Parlamenti tarapyndan 20-nji fewralda kabul edilen kararda "ÝB-niň bäş ýurduň her biri bilen gatnaşyklary üçin anyk maksatlary we ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek", şol sanda adam hukuklary babatynda bähbitleri öz içine almagy teklip etdi.

Human Rights Watch, şeýle hem ÝB-ni strategiýany durmuşa geçirýänligi sebäpli raýat jemgyýetiniň wekilleri, esasanam degişli ýurtlar bilen yzygiderli maslahatlaşmaga we ösüş barada maglumatlary gyssagly we yzygiderli çap etmäge çagyrýar.

Soňky bir ýylda Özbegistanda adalatsyz tussag edilen sekiz adam hukuklaryny gorayjy aktiwistleriň boşadylmagy we Türkmenistanda birnäçe syýasy tussagyň boşadylmagy ýaly adam hukuklary ýagdaýynda käbir oňyn ösüşler boldy.

H. Kartner: "Sebitdäki käbir üýtgeşmeler ykrar edilmelidir we makullanmalydyr" -diýdi. "Şeýle-de bolsa, olar Merkezi Aziýanyň aýry-aýry ýurtlarynda we tutuş sebitde adam hukuklarynyň umumy gorkunç ýagdaýyny çözüp bilenoklar."

Türkmenistan, merhum Prezident Saparmyrat Nyýazowyň 21 ýyllyk dolandyryşynyň iň ýigrenji taraplaryndan ýüz öwürenden soňam dünýäde iň repressiw döwletleriň biri bolmagynda galýar. Özbegistanda 2005-nji ýyldaky Andijan wakalaryndan soň görlüp-eşidilmedik repressiýalar we ýanalmalar ýerli hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we adam hukuklary toparlarynyň köpüsiniň işlemegini mümkin däl diýen ýaly etdi. 2010-njy ýylda ÝHHG-nyň başlyklygyny gazanan Gazagystanda ýekeje-de milli saýlaw guramanyň standartlaryna laýyk gelmedi. Iki ýyl ozal özgertme wadalary tolkuny bilen häkimiýete gelen Gyrgyzystanyň hökümeti özgertme gün tertibinden köplenç daşlaşdy we ýurtda plýuralizm howp astyndady. Täjigistanda häkimiýetler esasy raýat azatlyklaryny bozýarlar we jenaýat kazyýet ulgamynda gynamalar meselesi bar.

Merkezi Aziýadaky adam hukuklary ýagdaýyna gysgaça syn

Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch memorandumy Merkezi Aziýanyň bäş döwletinde adam hukuklary boýunça iň çynlakaý meseläni kesgitleýär, ÝB bähbitlerinde ileri tutulmaly möhüm meseleleri teklip edýär we ÝB-ni ösüşi ölçemek we öňe sürmek üçin kesgitlemeli.

Şeýlelik bilen, Human Rights Watch Gazagystan bilen baglanyşykly 2007-nji ýylyň noýabr aýynda Daşary işler ministri Marat Taziniň Madridde 2010-njy ýylda ÝHHG-nyň başlyklygy meselesini çözmekde beren ähli wadalarynyň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belleýär. Beýleki zatlaryň arasynda metbugat we saýlawlar baradaky kanunçylygy üýtgetmek barada pikir alyşdylar, Gazagystan 2008-nji ýylyň ahyryna çenli syýasy partiýalary hasaba almagyň tertibiniň liberallaşdyrylmagy bilen birlikde, saýlaw kanunçylygyny üýtgedeninde ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň tekliplerini hem göz öňünde tutmaga razy boldy.

Gyrgyzystan barada Human Rights Watch adam hukuklary guramasy Ýewropa Bileleşigini plýuralizm bilen ýaramazlaşýan ýagdaýa alada bildirmäge we paýtagtda ýygnanyşmak azatlygyna esassyz çäklendirmeleri aýyrmagyň zerurlygy barada hökümet bilen meseläni gozgamaga çagyrdy. ÝB, şeýle hem häkimiýetleri maşgaladaky zorluga we gelin alyp gaçmagyna garşy kanunlary ýerine ýetirmek üçin çäre görmäge çagyrmaly. Bu ugurda ilkinji ädim, prezidentiň jyns meseleleri boýunça ýörite wekiliniň institutyny dikeltmek, oňa degişli kanunlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatynda ýeterlik ygtyýarlyk bermek bolup biler.

Human Rights Watch adam hukuklary guramasy Täjigistanda gynamalar baradaky ähli aýyplamalary derňemegiň we BMG komitetiniň 2006-njy ýylyň noýabr aýyndaky gynamalara garşy tekliplerini durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ÝB-ne kazyýet diňlenişikleri geçirmek baradaky tekliplerini ýerine ýetirmek üçin hökümete gysyş görkezmäge çagyrdy. ÝB jemgyýetçilik gatnaşyklary baradaky täze kanunlar meselesini hem gozgamaly, bu hökümete hökümete degişli bolmadyk işleri gözegçilikde saklamak we çäklendirmek üçin aşa ygtyýarlyk berýär. Hökümet raýat jemgyýeti toparlary we garaşsyz žurnalistler üçin doly iş azatlygyny kepillendirmeli.

Türkmenistan barada, Human Rights Watch Ýewropa Parlamentiniň Halkara Söwda Komiteti tarapyndan 2006-njy ýylda kesgitlenen we 2008-nji ýylyň fewral aýynda Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanan kriteriýalary durmuşa geçirmekde öňegidişlige itergi bermelidigini aýdýar. Bularyň arasynda syýasy tussaglaryň boşadylmagy we garaşsyz adam hukuklary guramalaryna rugsat bermek we BMG adam hukuklary guramalarynyň ösüşe gözegçilik etmek üçin ýurda girmegini üpjin etmek.

Özbegistanda Human Rights Watch Ýewropa Bileleşigini adalatsyz iş kesilen ähli hukuk goraýjylary azat etmek we raýat jemgyýetine edilýän basyşy bes etmek baradaky tagallalaryny iki esse artdyrmaga çagyrdy. Ýakynda, geljekgi alty aýdan soň, Ýewropa Bileleşigi 2005-nji ýylyň maý aýynda Andijanda bolup geçen wakalar we raýat jemgyýetine garşy edilýän repressiýalar bilen baglanyşykly Özbegistana garşy girizilen sanksiýalaryň ykbalyny çözmeli bolar. Birnäçe talaplar bilen şertlendirilen sanksiýalaryň bölekleýin togtadylmagyny uzaltmak ýa-da dolulygyna dikeltmek barada Brýussel karar bermeli bolar. Human Rights Watch, ÝB-ni özgertme talaplaryndan ýüz öwürmezlige we Daşkentiň ähli şertleri ýerine ýetirýänçä, şol sanda iş kesilen adam hukuklaryny goraýjylaryň boşadylmagyna we raýat jemgyýetiniň häzirki repressiýalarynyň öňüni almaga çenli sanksiýalaryň saklanmagyny üpjün etmäge çagyrdy.

Çeşme: Human Rights Watch

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar