Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.

„Men Türkmenistanyň raýaty. Pasportymyň möhleti gutaranlygy sebäpli 2 ýyldyr bikanun ýagdaýda Türkiýe döwletiniň çäginde ýaşaýardym.

2024 - nji ýylyň awgust aýynyň başlarynda Türkiýe döwletiniň Stambul şäherinde dokument barlagynda tutuldym. Soň Arnawutköý geri gönderme merkezine ugradyldym. Men özümiň bolan geri gönderme merkezlerinde (deportasiýa lageri) ýagdaýlar barada gürrüň bermekçi.

Başda meni Arnawutköýe alyp bardylar. Ol ýeri paýlaýjy nokat bolup hyzmat edýär ekeni.Telefonymy we başga goşlarymy elimden aldylar. Demir wagonlarda adamlar saklanylýar. Lageri goraýan resmi işgärler özlerini gaty gödek alyp barýarlar. Günüň dowamynda 3 gezek çöregiň arasyna peýnir goýulup berilýär. Gyzgyn nahar ýok. Içmäne çaý hem berilmeýär. Diňe suw içmeli. Ýuwunmak şerti: diňe el ýüzüňi ýuwmak üçin wagonyň içinde suw krany ornaşdyrylan. Saklanylýan adamlaryň sanynyň köplügi sebäpli, gysylyşyk hem bolýar eken. Emma, meni alyp baran wagtlary adam juda köp däl ekeni.

3 günden soňra meni Çatalja geri gönderme merkezine ugratdylar. Ol ýeriň agyr şertlerini söz bilen aýdar ýaly däl. Gapy daş tarapyndan işgärler tarapyndan gulply saklanýardy. Bir adam üçin niýetlenen ýatakda 2-3 adamdan ýatýar. Dürli milletlerden saklanýan adamlaryň sany köpdügi sebäpli, hatda koridorlar hem doly. Çagaly zenanlaryň çagalary hem eneleriň ýanynda saklanylýardy.

Suw gytçylygy höküm sürýär. Diňe nahara gidende naharhanada içmäne suw berilýär. Krantlardan suw gije sagat üçden, sagat alta çenli akýar. Awgust aýynda howanyň yssylygy sebäpli, gündizlerine içmek üçin, boş plastmassa suw gaplaryny suwdan doldurýadyk. Suwuň ýoklugy sebäpli kanalizasiýalaryň kadaly işlemeýänligi sebäpli, hajathananyň ýakymsyz ysy bolýan otagymyza ýaýraýardy. Gündelik ulanylýan arassaçylyk üçin serişdeleri (sabyn, şampun we ş.m.) öz puluňa satyn almaly. Berilýän iýmit erbet däldi.

Resmi işgärler saklanylýan daşary ýurtly adamlar bilen özlerini mylakatly alyp barýardylar. Lagerde saklanylýan türkmenleriň beýleki milletlere seredende has köpdi. Onuň hem ýeterlik sebäpleri bar. Goňşy döwletimiz bolan Özbegistanyň raýatlary gyssagly ýagdaýda deport edilmegini talap edýärdiler. Sebäbini soranymda, Şahnoza atly asly Özbegistanly bolan zenan maşgala şeýle jogap berdi:

- Biz howa menzilinde bikanun Türkiýe döwletiniň çäginde galanymyz üçin salnan jerimäni töleýäris. Biraz wagtdan dolanyp gelip bilýäris. Elbetde, jerime tölemesekde bolýar. Emma, yzymyza gaýdyp gelenimizde Türkiýe döwletiniň çägine goýbermeýärler - diýip jogap berdi.

Türkmenistanly raýatlar Türkiýe döwletiniň çäginde galmak üçin adwokat tutýarlar. Adwokatlaryň iş tölegi uly mukdarda bolup durýar. 800-den 1000 Amerikan dollary aralygynda bolýar. Käbir adwokatlar töleg puluny alyp, hiç hili iş etmeýän halatlaryda bolýar. Şonuň ýaly ýagdaýda başga adwokata ýaňadan töleg töläp, ýüzlenilýär. Hatda 4 gezek adwokat tutanlar hem boldy. Türkmenistanlylaryň beýle ýagdaýa gelmeginiň ýönekeý jogaby bar. " Türkmenistana ugradylsam 5 ýyl deport goýýarlar" - diýip, erkinlige çykmak üçin elinde baryny edýärler. Köplenç hem Alladan kömek sorap "Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip doga edýärler. Elbetde, her kimde sýurpriz deport nämekä diýip gyzyklanma döräp biler.

Sýurpriz deport bolanda, lageri gözegçilik edýän resmi işgärler adyňy tutup çagyrýar, goşlaryňy jemläp, ýola taýýarlyk görmegi tabşyrýar. Emma, nire alnyp gidiljegi barada maglumat berilmeýär. Bir deportasiýa lagerinden başga bir lagerinden başga bir deportasiýa lagere ugratmak günde-günaşa bolup durýan hadysa. Kä halatlarda göni awtoulagy göni halklara howa menziline sürüp, menziliň polisiýa gullugyna tabşyrýarlar. Howa menziline adaty ýolagçylara garanda aýry girişden girizýärler. Kabul eden polisiýa gullugy uçara mündirýär. Ana şoňa il arasynda "sýurpriz deport" diýilýär.

Iki hepde geçenden soň, meni Kütahya deportasiýa lagerine ugratdylar. Ol ýerde türkmenistanlylar has kän eken. Takmynan bir aýdan soňra biziň bolýan lagerimimize Ankaradan barlagçy geldi. Bizi iki hatara düzdüler. Gelen barlagçy her adamyň deňine gelende haýsy döwletiň raýaty we tutulanyna näçe wagt bolanyny aýtmalydy. 7-8-9 adam yzly-yzyna Türkmenistan diýip jogap berdi. Ankaradan ugradylan barlagçy deportasiýa lageriniň müdirine ýüzlenip:

- Bu ýerde Türkmenistanlylardan başga millet ýokmy – diýdi

- Gynansakda, ýüzden togsany Türkmenistanly - diýip müdir jogap berende, gelen barlagçy haýran galyjylyk bilen başyny ýaýkady.

Elbetde, baý döwletiň adamlary şeýle sergezdan bolup ýörmegine geň galan bolsa gerek. Deňeşdiriň: beýleki halklaryň konsullyk işgärleri gelip öz raýatlaryndan habar alýardylar. Hatda, raýatlaryň saglygy, iýmiti, gigiýena şertleri hakda gyzyklanýardylar. Uzak wagt galdyrman çykaryp alýardylar.

Kütahya deportasiýa lageri iki blokdan ybarat bolup, bizden aýratyn erkekler hem saklanylýardy. Bir naharhanadan iýmitlenýärdik. Çagaly aýallar hem bardy aramyzda. Çagalar hem ejeleriniň ýanynda saklanylýardy. Lageriň içinde dükan bardy. Gerekli bolan enjamlary şol dükandan satyn alyp bolýardy. Lageriň medisina bölüminde işleýän doktorlar örän gödek özüni alyp barýardylar." Bar, ugra şu taýdan. Ölmersiň " - diýen ýaly jogaby kän eşidýärdik.

Köplenç aýal maşgalalary Siliwri deportasiýa lagerinde saklaýardylar. Şol ýerden Kütahýa deportasiýa ugradylan birnäçe adam bilen gürrüňdeş boldum. Häzirki wagtda Siliwri deportasiýa lageri ýapylan. Ýapylmagynyň esasy sebäbi tagta bitidir. Tagta bitiniň çendenaşa köp bolmagy sebäpli ýapylýar.

Türkmenler deportasiýa lagerinde Alladan dileg etmek bilen oňýardylar. Eger Türkmenistana ugradylsa, güzeran görmegiň kyn boljagyna göz ýetirýärdiler. Başda belleýşim ýaly, bu ýagdaýdan elbetde öz gezeginde ýerli adwokatlar hem gowy peýdalanýar.

Men hem adwokat tutup, üç aýdan soňra boşadyldym.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...