Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistan: Kleptokratiýa nusgasy.

 Türkmenistan: Kleptokratiýa nusgasy.

Esasy netijeler

Türkmenistan kleptokratiýa,ogurlar häkimligi, bu ýer de döwlet girdejileri ogurlanýar we prezident Berdimuhamedow dereksiz taslamalara milliardlarça dollar sarp edýär. Şahsyýet kulty ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyňky bilen bäsleşýär we güýçli howpsuzlyk gullugy başgaça pikirlenmäge, söz azatlygyna ýa-da syýasy plýuralizme ýol bermeýär. Ykdysady taýdan bu ýurt dünýäde gizlin, ýapyk ýurtlaryň hataryndadyr we prezident Berdimuhamedowyň döwründe has gizlin boldy. Ykdysady ösüş, milli býudjet, nebit we gaz girdejileri ýa-da walýuta ätiýaçlyklary barada ygtybarly maglumat berilmeýär.

Halkara maliýe guramalarynyň maglumatlary 2015-nji ýylda Türkmenistanda takmynan 35 milliard dollar daşary ýurt walýutasynyň bardygyny görkezýär. Ýurduň häzirki ýüzbe-ýüz bolýan agyr ykdysady krizisi bu serişdäniň nädogry ulanylandygyna we ýalňyş dolandyrylandygyna şaýatlyk edýär. Onuň näçe möçberiniň galandygy näbellidir. Türkmenistanyň girdejisiniň köp bölegi Hytaýa gaz satmaklyga bagly bolup durýar. Ýöne Hytaýyň geljekde gaza islegi bilen baglanyşykly meseleler açyklygyna galýar hem-de Türkmenistan öz ykdysadyýetini nebit we gaz eksportyndan daşlaşdyrmasa, ýurt çuňňur ykdysady howp astynda galar. Türkmenistanyň gaz eksport girdejileriniň aglaba bölegi Frankfurtda ýerleşýän Doýçe Bankdaky döwlet hasabyna geçýär. Doýçe Bank dünýädäki ýaramaz režimleriň birine hyzmat edýän esasy bankir hökmünde öz usullary barada adam hukuklary boýunça we korrupsiýa garşy iş alyp barýan guramalar bilen işleşmekden yzygiderli ýüz

Berdimuhamedow töweregindäki nebit-gaz pudagyny üýtgedip, Uglewodorodlary dolandyrmak we ulanmak boýunça döwlet gullugyny ýatyrdy we alyp barýan işleri, girdejileri, çykdajylary ýa-da dolandyryş geňeşi barada hiç hili maglumat çap etmeýän NAPECO atly kölegeli milli kompaniýa döretdi. Prezidentiň maşgalasy ýurduň esasy kärhanalaryna gözegçilik edýär. Bu gözegçiligiň başynda prezidentinň bäş uýasy, hususan hem uly aýal dogany Durdynabat, onuň adamsy Annanazar Rejepow we ogullary Şamyrat we Hajymyrat Rejepow dagy durýar. Berdimuhamedowyň ogly Serdar geljekde kakasynyň wezipesini ýerine ýetirmek üçin taýýarlanýan diýilip hasaplanýar.

Prezidentiň maşgalasyndan başga ýurtda iň güýçli adam Wiktor Hramowdyr. Ol Niýazow ölenden soň prezidentiň geňeşçisi wezipesini saklap galypdy. Berdimuhamedowyň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisi, "Areti" (öňki ady Itera) kompaniýasyna degişli Igor Makarow hem prezidentiň esasy kärdeşi we maliýe işleri boýunça kömekçisi bolup durýar. Korrupsiýanyň we repressiýanyň bu nusgasyna garamazdan, köp kompaniýalar hazire çenli Türkmenistan bilen işleşmäge synanyşýarlar. Korrupsiýanyň we repressiýanyň bu nusgasyna garamazdan, köp kompaniýalar hazire çenli Türkmenistan bilen işleşmäge synanyşýarlar. Köpüsi öňki döwlet işgärlerinden bolan iň azyndan 95 adam daşarky dünýä bilen aragatnaşykdan mahrum edilip, türkmen türmelerinde saklanmagy dowam etdirilýär, hat-da olaryň diridigi ýa-da dünýeden ötendigi barada maglumat hem berilmeý.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi