Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

«Jenaplar! Siz ýyrtyjy haýwansyňyz!»

     «Jenaplar! Siz ýyrtyjy haýwansyňyz!»

Tebigy hadysa ýene-de özüniň özerklidigini görkezdi. Lebap we Mary welaýatlarynda güýçli harasat bolup geçdi .20 ýyl mundan ozal Nebitdagda we Gazanjykda bolşy ýaly, häkimiýetler raýatlara sowuk salalyk we başarnyksyzdygyny görkezýärler.

Merkezi Aziýa sebiti hiç haçan tebigy betbagtçylyk ummanynda howpsuz ada hökmünde tanalmandy. Daga ýakyn bolan ýaşaýyş sebitlerinde güýçli ýagyşyň ýagmagy netijesinde , dagdan gelýän sil özi bilen daşlary togalap getirmegi ençeme ýaşaýyş binalary, ulaglary ýumuryp we mallary özugruna alyp gidýän wagtlary az bolmady . Ondan başgada harasatlar , çäge tüweleýleri hem bplup durýar . Emma elbetde iň howply we netijede köp pidalaryň bolmagyna getirýän iň aýylganç we weýran ediji tebigy hadysalaryň biri hem ýer titremesidir. Göýä tebigat bizi duýdurýan ýaly. Adamlar, hüşgär boluň, dykgatly boluň , özüňiziň we ýakynlaryňyzyň howpsuzly jogapkärçiligi özüňize bagly diýýän ýaly .

Köp sanly adamlaryň pida bolmagyna sebäp bolan 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinden halas bolanlar ýok diýen ýaly . Näbelli sebäplere görä pida bolanlaryň sanlary baradaky dogry maglumatlar arhiwlerde ýokary derejede gizlin ýagdaýda saklanylýar. Emma aýylganç “sary öküziň gijesi” diýip at alan hekaýalar häli häzirem Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda aýdylýar .

Aşgabat ýer titremesinden bir ýyl geçmänkä, Täjigistan Haýt ýer titremesi bolup geçdi . Soň bolsa 1966-njy ýylda Daşkent şäheri uly weýrançylyga sezewar boldy.

Köne endiklere görä, Sowet häkimiýetleri bu habary gizlin saklamakda uly tagalla etdiler . Eger maglumat beren ýagdaýynda hem adam we maddy ýitgileriň göwrümini birnäçe esse peseldýärdiler . Nähili bolsada anyk maglumatlar halka başga çeşmelerden ýetýärdi. Tebigy hadysalaryň emele gelişi we nähili çäreler gurnalmalydygy barada metbugatda makalalar çap edilmäne başlady . Soňra telewideniýe hem birikdi . Dokumental filmler we çeper filmler surata düşürildi, ylmy konferensiýalar geçirildi we degişli döwlet edaralary döredildi. Pikir alyşmalaryň netijesinde tebigy hadysalaryň ýüze çykyp biljek zolaklary kesgitlemek we olaryň netijelerini çaklamak, halas ediş we dikeldiş işlerini meýilleşdirmek, iň möhüm mesele hem ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek bolup durýardy . Tebigatyň her bir görkezýän hadysasy sebäpli , ilaty halas etmekde jogapkärli hünärmenleriň peýda bolmagyna getirdi .

Merkezi Aziýa respublikalarynyň paýyna ençeme ýer titremeleriň şaýady bolmak düşüpdir . Elbetde, goňşularymyz babatynda söz açsak , olaryň çäginde hem ýygy ýygydan ýer titremeleriň bolýandygyny görüp gelýäris . Eýran, Owganystan we has uzak ýurtlar - Türkiýe, Siriýa, Päkistan, Hytaýda hem yzygiderli we güýçli ýertitremeler bolup durýar .

nji ýylda, 6-njy dekabrynda gyş gijesi Balkan welaýatynda ýer titremesiniň bolup geçenini köp adamlar belki bilýän däldirler . Ýer titremesiniň esasy merkezi Nabitdag şäherinden (häzirki Balkanabat) 100 km uzaklykda bolup geçdi . Ýer titremesiniň merkezinde ýer titremeleriň güýji 7-8 bal, Aşgabatda - 4 baldan ybarat bolup , hatda Bakuda, Samarada, Stawropolda, Moskwada we Sankt-Peterburgda-da duýuldy. Näçe gizlin saklajak bolsalarda , daşary ýurtlarda hem sarsgynyň duýulmagy sebäpli belki, şonuň üçin bu ýer titremesi Türkmenistanyň daşynda hem äşgär boldy.

Bu gezek türkmen häkimiýetleri ýyllar boýy halkdan pajygaly habarlary gizlin saklamak adatlarynyň tersine dymmakdan gorkdular we 7-nji dekabrda irden TDH döwlet habar gullugy şu babatda degişli habar ýaýratdy. Şeýle-de bolsa, Balkan welaýatynda ýer titremesi netijesinde adam pidalarynyň we weýrançylygyň ýokdugy bellenilip geçildi. Maglumatyň habar beriş serişdelerinde ýaýramagy ýagdaýyň has çynlakaýdygyny görkezýärdi. Şol döwürdäki Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem ýer titremesi hakda "hiç hili betbagtçylykly netijäniň ýokdugyna" ynandyrmak maksady bilen eden çykyşy hem garaşylan netijäni bermedi .

Hakykatda welin , kiçi bolmadyk göwrümde betbagtçylyklar bolupdy . Diňe bir Nebitdag şäheri ejir çekmändi. Gazanjyk şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň 60 göteriminden gowragy ýykyldy , harby bölümiň kazarmasy ýykyldy, birnäçe demir ýol menzili düýbünden işlemedi . Aşgabat bilen Türkmenbaşy şäheri arasynda demir ýol aragatnaşygy birnäçe günläp kesildi.

Häkimiýetleriň pidalar we heläkçilikler baradaky maglumatlary bilkastlaýyn gizleýändigi äşgär boldy. Üstesine-de, pida çeken hojalyklara zerur kömegi gurnap bilmediler we daşardan ynsanperwerlik goldawyny kabul etmek islemediler. Olaryň adaty bolşy ýaly hiç hili heläkçilik bolmadyk ýalyözlerini alyp bardylar . 12-nji dekabrda bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen baglanyşykly köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin dabara taýýarlanýandyklary baradaky habarlar has ýokary derejede tutulýardy . Türkmen häkimýetleriniň betbagtçylygyň netijelerine äsgermezlik etmegi ýerli ilaty gaharlandyrdy. Häkimiýetleriň hereketlerinden nägileligini aç-açan beýan edip başladylar . Hatda Niýazowyň portretlerini aç-açan ýakdylar we ýerli häkimligiň edarasyna hüjüm etdiler.

Nägileligini görkezýänleriň herekedini basyp ýatyrmak üçin häkimýetler tarapyndan güýç ulanylandygy barada maglumatlar bar. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň paýtagtyndan we Balkan welaýatyndan tebigy heläkçilik barada daşary ýurda maglumat ugradýanlary anyklamak we gözläp tapmak üçin , Türkmenistanyň polisiýa we milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri ykjam işe girişdi .

Şol pajygaly günlerden 20 ýyla golaý wagt geçdi we biz häzirki wagtda näme görýäris?

Tebigat ýene-de özüniň özerklidigini görkezdi. Bu gezek güýçli harasat Lebap we Mary welaýatlaryna geldi. Türkmenistanyň häkimýeti ýene-de 20 ýyl mundan ozal bolşy ýaly, iş ýüzünde ilata goldaw bermekde ukypsyzlygyny ýene-de bir gezek görkezdi . Olar şeýle bir gorky duýgusyna gaplandylar welin, 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde agşam ýurduň günorta-gündogar böleginiň ilatly ýerlerinde bolup geçen aýylganç tupan hakda habar bermäne gorkdular.

… Dostlar ! Bahar paslynyň agşamynda tebigatyň şeýle gazaply oýun edip , gara bulutlar bilen gurşap , güýçli tupan turuzjagyndan habaryňyz bardymy ? Şeýle halatlarda özüňizi nähili alyp barjakdygyňyz hakda pikir edip gördüňizmi ? Nirä gaçjakdygyňyzy, nirede gizlenjekdigiňizi göz öňüne getirip gördüňizmi? Güýçli tupan şemalyndan we ýagýan ýagyş akymlaryndan gaçybatalga taparsyňyzmy? Belki, käbir jaýlaryň, dükanlaryň, ýa-da awtobus duralgasynyň penasynda gizlenmek has gowudyr? Emma ol jaýlaryň kryşalary hem harasdyň zarbasy netijesinde ýerinden goparylyp ,şemalyň ugruna uçup gidýär . Metaldan ýasalan şiferler, hamana ýelek ýaly howada aýlanyp, gabat gelen adamlary ýaralaýar, endam tenini kesýär , goraga umyt baglaýan ejiz adamlara şikes ýetirýär, ýoluň gyrasynda ösüp oturan agaçlar ýykylyp ýol herekedini bekleýär . Şemalyň zeper ýetirmegi netijesinde telefon aragatnaşaygy işlemeýär.

Has dogrusy, gysga wagtyň içinde öýe gelip, ýakynlaryňyzyň diri galandygyna göz ýetirmek iň esasysy alada bolup durýar . Öýde galan garrylara hiç zat bolmadymyka ýa-da mydama daşarda oýnamana höwesjeň çagalara hiç zat bolmadymyka diýen aladalar aklyňy gurşap alýar . Esasan hem çagalar parkda gezelenç etmäni söýýärler . Dürli hilli atraksionlara münmäni halaýarlar . Güýçli tupan bolanda " şeýtan tigiri" (чертовое колесо) has uly howp döredip bilýär.

Geçen asyrda oňa ýöne ýerden "şeýtan tekeri" diýlen at dakylmady! Güýçli şemalyň bolmagy bilen elektrik togy öçdi . Onlarça uly ýaşly adamlar we çagalar şeýtan tigrinde ýokarda umytsyz we howply ýagdaýa galdylar. Şol ýerde bolan şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, iň ýokarda bolan adamlar güýçli ýeliň täsiri bilen şeýtan tigrinden zyňyldy. Näçe şemal güýçli bolsada , şeýtan tigiri ýumrulmady . Eger ýumrulan bolsa, netijede has köp pidalar bolup bilerdi.

Şaýatlaryň sözlerine görä, kerpiçden gurlan binalar , edil çaga oýnawaçlary ýaly ýykylypdyr . Ýaşaýyş jaýlarynyň üçekleri birnäçe kilometre çenli uçup giden . Elektrik sütünler ýykylanlygy sebäpli , ilat elektrik togundan peýdalanmak mümkinçiligi ýokdy . Şeýle hem gaz üpjünçiligi bes edildi. Gysga wagtyň içinde keselhanalarda adam köpeldi, lukmanlaryň wagtynda ýaralananlara kömek etmäne ýetişmeýärdiler . Köp sanly çagalar ýaralandy, köp adam dereksiz ýitdi, ölenleriň sany onlarça hatda ýüzlerçe-de bolmagy mümkin.

Bize maglumat beren çeşmeleriň aýtmaklaryna görä : ýerli häkimýetler we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri 7 sagat ozalyndan harasadyň boljaklygy barada duydurylan .Hiç zatdan habarsyz ilaty bolup biljek harasat barada elbetde duýduryp bilerdiler . Şeýle hem adamlara köçä çykmazlygy , howpsyz ýerde galmaklaryny sargap bilerdiler . Emma gynansakda ýerli häkimýetler “ NÄME BOLSA - ŞOL BOLSUN” diýýän ýaly dymmagy makul bildiler . Merkezde adat bolşy ýaly adatdan daşary zat bolmadyk ýaly özlerini alyp bardylar . Onuň tersine ejir çeken ilata kömek etmäne derek , keseki adamlaryň başyna düşen betbagtçylygyndan peýdalanyp , ýykylan ýa-da şemalda uçan üçekleriň derde ýarajak gurluşyk materiallaryny ogurlaýan ( maradýorlyk) adamlary tutup jezalandyrmana derek ,hadysanyň netijelerini surata , wideo düşürýän adamlary , kowalap tutmak esasy aladalary boldy . Elbetde, telefonlar netijede hökümet haýryna alyndy diýip bileris . 20 ýyl mundan ozal Gazanjykda we Nebitdagda hem şuňa meňzeş wakanyň bolandygyny belläp geçmegimiz zerurdyr.

Eger şeýle duýduryş hakykatdanam wagtynda amala aşyrylan bolsa, onda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýatlary goraýyş we halas ediş müdirligi uly rol oýnamalydy . Goranmak ministriniň orunbasary polkownik Orazmamedowyň işden aýrylyşyny ýada salalyň . 2018-nji ýylyň maý aýynda birnäçe günläp dowam eden güýçli ýagyşyň netijesinde paýtagtyň köp ýerlerini suw basmagynyň öňüni alyp bilmedigi üçin işden boşadyldy . Goranmak ministrliginiň bu bölüminiň häzirki wagtda hem bar bolmagy we hyýal däldigi bellidir . Saglygy goraýyş ministrligi, Daşary işler ministrligi, Döwlet serhet gullugy, Milli Gyzylaý bütin dünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde işjeň gatnaşykda bolmagy bilen , ilata kowid19 ýokanç keseline garşy edilýän sanjymlar hem ýokary gözegçilikde bolmalydyr . Şeýle hem birleşen milletler guramasynyň görkezen talapnamalaryna laýyk gelmelidir . Hakykat ýüzünde bolsa Lebap we Mary welaýatlarynyň başyna gelen betbagtlk barada kelam agyz söz agzalmady.

Bu bölümiň işgärleriniň bu işe gatnaşandygyny ýa-da ýokdugyny biz anyk bilemzok . Sebäbi prezidentiň we hökümetiň resmi beýanatlary we görkezmeleri berilmedi . Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda "Raýat goragy barada" we "Adatdan daşary ýagdaý barada" Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň erkin, elýeterli web sahypasynda bolan adatdan daşary ýagdaýlar barada hiç hili gyssagly çäre görülmedi. Iň erbet tarapy, Döwlet Howpsuzlyk Geňeşi ýa-da Ministrler Kabineti ýa-da ikisi bilelikde bu çärä baha berip, ejir çeken sebitleriň ilatyny goldap we ejir çeken mätäç maşgalalara ynsanperwer we maddy kömegi bermek üçin ýygnanyşmalydy. Men öz-özüne hormat goýýan islendik bir adamyň, hatda döwlet baştutanynyň şeýle ýagdaýda ejir çeken halka ýüzlenip, aýtjak gynanç sözleri hakda asla gürrüň edemok.

Prezident Berdymukhammedow hakykatdanam ker we kör bolýan bolsa, bu ýurduň baştutany üçin şübhesiz uly kemçilikdir. Ýöne özüni diňe ker we kör ýaly alyp barýan bolsa, hakykatda özüni zalym we doňýürek görkezýänligidir. Bu eýýäm ejir çeken halk üçin ýene-de bir betbagtçylykdyr. Prezidentiň şeýle biparh garaýşy adamlaryň saglygyna we hatda durmuşyna zyýan ýetirip bilýär. Ilatyň ýaşaýyş şertlerini bozýar we uly göwrümli halas ediş we beýleki gyssagly işleriň gurnalmagyny talap edýär.

Mundan başga-da, döwlet baştutanynyň özüni şeýle ýagdaýda alyp barmagy tutuş hökümeti, başlyklaryň orunbasarlaryny, ministrleri, orta we aşaky wezipeli işgärleriň hemmesini aljyraňňylyga getirýär. ombudsmen Ýazdazdursun Kurbannazarowa we hatda öz aýal dogany bolan Milli Gyzyl ýarymaý Jemgyýetiniň başlygy Gulnabat Döwletowa ilki bilen aýal maşgala bolmak bilen, şeýle pajygaly ýagdaýda öz eýeleýän wezipelerinde görkezilen hukuklaryndan peýdalanyp Türkmenistanyň prezidentine , Türkmenistanyň konstitusiýasynyň 4-nji maddasyny bozmazlygy maslahat berip bilerdiler. Ol maddada şeýle diýilýär "Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Bir adamy goramak, oňa goldaw bermek we oňa hyzmat etmek döwletiň esasy wezipesidir".

Ady agzalanlar bilen bir hatarda bütin dünýä saglygy goraýyş guramasyny hem agzap bileris. Sebäbi daşyndan seredende ol gurama Türkmenistanda kowid19 ýokanç keseline garşy edilýän sanjymlara gözegçilik edýändigini belledi. Şeýlede prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň we başgalara aýtdyrýan KOWID19-dan hassalanan adam Türkmenistanda ýok. Eger gerek bolsa iş tejribämizi beýleki döwletler bilen paýlaşyp bileris - diýen sözlerini goldadylar. Dünýä ýüzünden hakykaty gizlemek iş tejribesine ymtylan tapylarmy diýen sorag hem döreýär.

Adalatyň hatyrasyna, Lebap bilen Mary welaýatynyň ilatyna giç bolsada kömek edilendigini bellemegimiz gerek. Ilkinji komunal arassalaýyş edarasynyň işgärleri işe başladylar. Ýuwaş ýuwşdan elektrik togy bilen üpjün edilip başlandy. Ilkinji nobatda, häkimlikleriň jaýyna, şeýle hem lukmançylyk edaralaryna elektrik togy getirildi. Bize gelýän maglumatlara esaslansak hassahanalar bolup geçen harasadyň netijesinde ýaralanan adamlardan doly. Hassalar diňe bir tupan wagtynda alnan şikesler bilen däl, eýsem ýürek agyrylary, gipertenziki krizisler we agyr duýgynyň aşa agyrlygy sebäpli ýüze çykýan beýleki alamatlar bilen hem kabul edilýär.

Dermanhanalarda esasy dermanlar we ýarany saramak üçin bintler ýetmezçilik edýär. El telefon aragatnaşygy kadaly işlemeýär. Bazarlarda gurluşyk harytlarynyň bahalary 2-3 esse ýokarlandy. Azyk we gündelik haryt ýetmezçiligi has güýçlendi. Resmi işgärler ejir çeken ilata ýitiren ýitgileriniň möçberi barada habar berýän maglumaty hat üsti bilen kabul etmekden hem ýüz öwürdiler . Adamlar özleriniň başyna düşen problemalaryna döwlet tarapyndan hiç hili üns berilmeýändiklerine gaharly. Adamlaryň janlaryny howp astyna goýýan , güýçli tupanyň ýetip gelýänini wagtynda duýdurylmandygyna haýran galýarlar.

Wagtyndan ozal duýdurylan, diýmek goralan diýmekdir . Duýdurylmadyk - goralmadyk diýmekdir . Şu logika eýersek , diýmek geljekde hem şunuň ýaly hadysalar bolan halatynda, iş ýüzünde häkimiýetiň iş başarjaňsyzlygyny elbetde ýene-de görüp bileris . Arkaýynlaşmak gaty ir . Tebigat entäk doly köşeşenok . Özbegistan howa maglumatyny habar beriş gullugynyň aýtmagyna görä ýakynda ýakynda ýene-de güýçli tupanyň bolmagyna garaşylýar. Sekuntda 23-28 metr tizlikde şemal bolup, ýyldyrym çakyp, güýçli ýagyşyň ýagmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň howa maglumaty gullugy adatça bolşy ýaly dymmagyny dowam edýär.

Netije

... Ýadaw adamlar, erkekler we aýallar, güýçli bolup geçen şemalyň netijesinde edil güýz paslyndaky ýaly ýapraklary dökülen agaçlaryň kölegesinde dynç almak üçin oturdylar. Birnäçe günden bäri bolup geçen tupanyň netijesinde öýleriniň töweregini gurşan hapalardan arassalaýardylar. Goňşy Özbegistan döwletine hem harasat öz täsirini ýetirdi. Üç welaýatda bolup geçen harasat ilatyň ýaşaýyş jaýlaryna uly zyýan getirdi. Gaz we elektrik togy kesildi. Ýöne Türkmenistan bilen deňeşdirende adam pidalary az boldy. Ertesi gün irden Prezident Şawkat Mirziýow betbagtçylygyň iň köp täsir eden ýeri bolan Buhara sebitine geldi. Sebitiň ýolbaşçylary we ýaşaýjylary bilen duşuşdy, olaryň arzlaryny diňledi we haýal etmän ähli taraplaýyn ilata goldaw bermegi öz emeldarlaryndan talap etdi.

- " Biziň prezidentimiz hem gelip, biziň halymyzdan habar almagyny isleýärin " -diýip, gartaşan ýaşdaky bir adam aýtdy.

-"Biziň ýerli başlyklarymyz prezident gelmezinden ozal, ýykylan jaýlaryň galyndylaryny tämizlemekden geçen, täze öýleri gyssagly gurup, hatda her ýere gül hem ekerdiler" -diýip, aýaly güldi.

Gürrüňe ýaşajyk gyzjzgaz goşuldy " Söýginiň guly "diýilýän filmi gördüm"

"

" - Şol filmiň gahrymany duşmanlaryna: “Jenaplar, siz ýyrtyjy haýwansyňyz! Yururduňyz bilen sizi näletleýän ! ” - diýýär. Bu sözleri ýadymda sakladym we prezidentimize hem bu sözleri bolşy ýaly ýetirmegi isleýärin.

Esasanam "Gundogar" üçin.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary