Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Human Rights Watch S. Nepesgulyýewiň boşadylmagyny talap edýär.

Human Rights Watch S. Nepesgulyýewiň boşadylmagyny talap edýär.

Adam hukuklary boýunça halkara guramasy Human Rights Watch (HRW) raýat aktiwisti Saparmämmet Nepesgulyýewiň derrew boşadylmagyny talap edip beýanat ýaýratdy.

HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber: "Saparmämmet Nepesgulyýwiň Türkmenistanda tussag edilmegi we hiç habarlaşmadan saklanylmagy baradaky aladalandyryjy habar bizi onuň howpsuzlygy barada aladalandyrýar" -diýdi. – “Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň we hökümediň galp aýyplamalar bilen tussag edilmegine we rehimsiz çemeleşilmegine tankyt edýänler bar. Şonuň üçin Saparmämmet Nepesgulyýewiň mümkin boldugyça tiz boşadylmagyny gazanmaly”.

"Türkmenistanyň häkimiýetleri haýsydyr bir tankytlara ýol bermeýär we hökümetiň syýasatlarynyň dogrulygyna şübhe bildirýän adamlary berk jezalandyrýar" -diýdi R. Denber. – “Nepesgulyýewiň suratlary, Türkmenistanda ýönekeý adamlaryň durmuşynyň käbir agyr hakykatlaryny we hökümet işgärleriniň ýüzüni görkezýär. Nepesgulyýewiň bu hakykatlary "Azatlyk" radiosy, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” ýa-da başga bir garaşsyz habar beriş serişdeleri arkaly görkezmäge hukugy bar. Türmä salmak bilen hökümet bu hukugy bozýar "-diýdi.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.