Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Günäsiz günäkärler: “Türkmen migrantlaryny Türkiýedäki deportasiýa lagerlerinde saklamagyň şertleri“- 1 в.

Günäsiz günäkärler: “Türkmen migrantlaryny Türkiýedäki deportasiýa lagerlerinde saklamagyň şertleri“- 1 в.

Birnäçe aýlap deportasiýa lagerlerinde oturyp çykan, Tuzla, Erzurum , Çankyry, Izmit ýaly ýerlerde saklanylyp, soňra biz bilen habarlaşan watandaşlarymyzyň hatlarydyr, maglumatlary esasynda Ynsan haklary barada Türkmen Helsinki gaznasynyň, migrantlaryň çekýän horlugydyr, azaplary şeýle hem türkmenleriň öz haklaryny nähili talap edişi barada taýýarlan materiallaryny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Birinji bölümde Tuzladyr, Erzurum deportasiýa lagerlerindäki türkmen migrantlarynyň başdan geçirýän agyr şertleri barada gürrüň bermekçi. Howpsuzlyk şertleri sebäpli söhbetdeşimizi Begenç diýip atlandyrýarys. Biz bilen habarlaşan beýleki söhbetdeşlerimizden Begenjiň aýdan gürrüňleriniň tapawudy, deportasiýa lagerlerindäki türkmenleriň öz haklaryny talap etmekde eden synanyşyklary hakynda giňden aýdylýar:

“Ol ýere düşmegimiň sebäbi talaba iaýyk dokumendimiň ýoklugydyr. Metrobus duralgasynyň çykyşynda graždan eşikli Türkiýe döwletiň polisiýa işgäri tarapyndan dokument barlagynda tutuldym.

Ilki başda meni Tuzla deportasiýa merkezine alyp bardylar. Şu ýerde Tuzla hakynda gysgaça aýdyp geçmegi isleýän. Tutulan daşary ýurtly raýatlar wagonlarda saklanylýar. Azyk üpjünçiligi gaty pes. Iýmitiň ýokumy we hili pes derejede.

Gigiýena şertleri pes we oňa gözegçilik edýän ýok. Hajathanalarda suw ýok. Uly täretden soň arasalamak üçin baçokdan krüşge bilen suw alyp, unitaza guýmaly. Her näçe guýulsada batly suw bilen arassalanan ýaly bolanok. Hajathana hem adam ýaşaýan wagonyň içinde ýerleşdirilen. Netijede hajathananyň ýakymsyz ysy wagonyň içine ýaýraýar.

Suwa düşmek üçin şertler asla ýok. Adamlary bit basýar. Bilşiňiz ýaly adamyň saçynda bolýan bit däl. Eşik biti. Esasan hem içgi geýimlerde bolýar. Elbetde, bu hadysalar gigiýena şertleriniň pesligi zerarly ýüze çykýar.

Lageri goragçy resmi işgärler saklanylýan daşary ýurtlylara, edil agyr jenaýatda aýyplanýan jenaýatkärlere sereden ýaly seredýärler. Tutulanlar hossarlary bilen görüşmäne şeýle şertler bar. Familiýasy bir bolmaly ýa-da aýaly bilen görüşmek üçin nika hatyny görkezmeli. Beýleki ýagdaýlarda görüşmäne hiç hili mümkinçilik ýok. Duşuşygyň möhleti 10-15 minut aralyk. Pul we egin-eşik bermäne rugsat berilýär. Emma azyk önümleridir çilim geçirmäne rugsat berilmeýär.

Şu taýda ünsüňizi çekmek isleýän zadym şeýleräk. Tuzlada her näçe şertler kyn bolsada Türkmenistanyň raýatlary gününe kaýyl. Elbetde, “Näme üçin beýle bolýar”- diýip sorap bilersiňiz. Sebäbi, Türkmenistanda işsizlik, korrupsiýa ösmegi we başgada düýpli kemçilikleriň barlygy sebäpli öz dogduk mekanyna gidesi gelmeýär. Giden ýagdaýynda maşgala eklemek mümkinçiliginden mahrum boljagyna göz ýetirýärler. Hatda Türkmenistanly raýatlaryň öz aralarynda " Bizi ýakynda ýurdumyza deport etmekleri mümkin" - diýlende " Toba diý. Agzyňdan şemal alsyn. Gowy niýet et " - diýlen ýaly jogaplar aýdylýar.

Indi Türkiýe döwletiniň Erzurum Geri Gönderme merkezi hakynda. Ol ýerde men birnäçe aý boldum. Erzurum geri gönderme lageri (deportasiýa merkezi ) 2 blokdan ybarat bolup, ýerzemin gaty hasaplamasak 4 gatly binadyr. Ýerzemin gat bilen birlikde 5 gatly binadyr. Diňe giriş gatda adam saklanylmaýar. Ol gatda naharhana, kitaphana, telewizor otagy, dellekhana, kompýuter otagy bar. Şeýle hem Türkiýe döwletiniň medeniýeti bilen tanyşdyrýan, muzeý şekilinde hem otag bar. Ady agzalan otaglardan diňe naharhana we kitaphana ulanylýar. Beýleki otaglar ulanylmaýar. Azyk üpjünçiligi hakynda söz açsak, edil öýde bişýän tagamça bolmasada, oňuşmazça däl.

Aşakgy 2 gatda gyzgyn suw bar, ýuwunmak üçin. Ýokarky gatlarda gyzgyn suw ýok. Takmynan 2 hepdede 15 adama 1 tyubik diş pastasy berilýär. Diş şýotkasyny özüň lageriň içinde ýerleşen dükandan satyn almaly. Şu ýerde sorag çykyp biler. "Puly bolmadyk adam näme etmeli? " – diýip bilersiňiz. Puly bolmadyklara "Bir toprakda kemala gelen watandaşymyz " - diýip, ýanynda puly bar bolan türkmenler kömek edýärler. Sabyndyr, şampun hem 15 günde 1 gezek berilýär. Her adama 1 sany sabyn, 10 adama 1 sany şampun berilýär. Lageriň berýän zatlary ýetmedik ýagdaýynda, kem zadyňy dükandan satyn alyp, özüň düzetmeli bolýarsyň. Sakgal almak üçin 1 aýda 1 sany stanok berilýär. Bir gezek ulanmak üçin niýetlenen, ýagny halk içinde " odnorazywyý " diýlip tanalýan stanok.

Matraslar üçin örtük, ýagny prostyn berilmeýär. Her hepdäniň duşenbe güni hapa eşikleri ýuwmana tabşyryp bolýar. 6 adam üçin niýetlenen otagda 10 adamdan az bolan wagtyny görmedik. Hatda 1 otagda 15-18 adam bolup galan wagtymyz hem az bolamady.

Ýaşaýyş jaýyň içinde çilim çekmek we ýanyňda götermek düýbünden gadagan. Diňe gezelenje çykanda çilim çekmäne rugsat berilýär. " Deportasiýa merkezi çilim bilen hem üpjün edýärmi?" - diýip soramagyňyz mümkin. Ýok. Dükandan öz puluňa özüň satyn alýarsyň we lager goraýjysyna bellik edip tabşyrýarsyň. Şol çilimden ertir irden gezelenje çykanda 3 çilim, agşam ýatmazdan öňinçä hem 1 sany çilim berilýär.

Takmynan maý, iýun aýlary ýakynlaryň bilen telefonda gürleşmek üçin hepdede 2 gün rugsat berilýärdi. Elbetde giden bir jemagat üçin hepdede 2 gün ýeterlik däldi. Ýakynlary bilen habarlaşyp bilmedigi üçin, üssesine erkinligi elinden alnan adam gaharly bolýar ekeni.

Wagtyň geçmegi bilen Türkmenistanly raýatlaryň çenden - aşa kän ýygnanmagy netijesinde, lageri goraýan resmi goragçylara öz nägileligimizi görkezip başladyk. Şol nägilelikleriň esasynda hepdede 5 gün, sagat 10-dan 16-a çenli telefonda gürleşmek hukugyny gazandyk. Bu türkmen halkynyň agzybirliginiň netijesi diýip bolar. Deportasiýa merkezinde türkmenleriň bu gazanan üstünliginden beýleki daşary ýurtly adamlar peýdalandylar. Öz gezeginde lageri goraýan resmi işgärler hem türki dilli milletleriň wekillerine, ýagny türkmen, özbek, gazak, gyrgyz, azerbeýjan milletiniň adamlaryna beýleki halklara seredende, mylakatly özlerini alyp barýarlar. Her näçe mylakatly bolsalarda, Göç edarasynyň ( migrasiýa gullugy) işgärleri bilen hiç kime duşuşmana hukuk bermeýärler.

Lagerde oturan ildeşlerimiziň aglaba bölegi: "Döwletimiz bizi gerekli bolan dokument bilen üpjün edende, biz beyle ýagdaýlara duçar bolmazdyk" - diýende, başga bir watandaşymyz: "Ýurdumyzda iş tapylyp, alan aýlygymyz maşgalamyzy eklemäne ýetse, asla gelmezdik" - diýýär. Şu sözlerden ugur alsak, maşgala eklemek üçin gelen watandaşlarymyzyň erkinlikden mahrum edilip, bit basan otaglarda galyp, her-hili kemsitmelere sezewar bolmagyna Türkmenistan hökümedi gerekli bolan resminamalar bilen üpjün edip bilmeýänligi üçin, daşary ýurtda ýerleşen ilçihanadyr konsullyklaryň öz işlerine sowuk-sala seredýäni üçin esasy günäkärler bolup durýarlar”- diýip Begenç beren gürrüňini jemledi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar